Latyn Amerikasynyň taryhy-geografik sebitleri

Latyn Amerikasynyň çäginde şertleýin 4 sany uly geografik sebiti tapawutlandyrmak bolar: Meksika, Merkezi Amerikanyň we West-Indiýanyň ýurtlary, Amazonka basseýniniň we La-Plata pesliginiň ýurtlary, And ýurtlary.

Meksika Demirgazyk Amerika materiginiň günortasynda ykdysady –geografik jähtden amatly ýerde ýerleşýär. Onuň Ýuwaş we Atlantik okeanlaryna gönüden-göni çykalgalary bar. Dünýäniň iň kuwwatly döwleti bolan ABŞ bilen dowamly gury ýer araçäginiň bolmagy, Meksikanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin amatly täsir edýär.

Meksika – daglyk ýurtdur. Onuň meýdanynyň köp bölegini Meksika tekiz daglygy tutýar. Bu bolsa belli bir derejede meýdan-çägiň hojalyk taýdan (esasan-da oba hojalygy) özleşdirilmegini kynlaşdyrýar we içerki etraplaryň arabaglanşygyny bökdeýär. Ýurduň demirgazygynda – subtropiki, galan böleginde bolsa tropiki klimatyň agdyklyk etmegi oba hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmäge ýardam edýär. Ýöne ekerançylyga ýaramly ýerleriň möçberi çäklidir.

Demirgazyk we Günorta Amerikanyň köp ýurtlaryndan Meksika has çylşyrymly we wakalara baý taryhy bilen tapawutlanýar. Onuň döwlet hökmünde başlangyjy ispan konkistadorlarynyň ýok eden gadymy astek we maýýa döwletlerinden gelip çykýar. Meksikanyň şondan soňky bütin taryhy onuň halklarynyň kolonizatorlara garşy öz hukuklary, ykdysady we syýasy garaşsyzlygy ugrundaky üznüksiz göreşleri bilen häsiýetlendirilýär.

Meksika ilatynyň sany boýunça Latin Amerikasynyň uly döwletleriniň biridir. Soňky döwürde ilatyň tebigy köpelişi ( ortaça ýyllyk artyşy- 1%-den geçýär) durgunlaşýar. Ýöne daşarky migrasiýanyň ( esasan ABŞ-a) derejesi ýokarydyr. Ilatyň köp bölegini ispanlaryň ýerli indeý halky bilen garylyp-gatyşmagyndan dörän metisler (60%) düzýär. Bu ýerde indeýler (30%), akýagyzlylar (9%) we Aziýadan gelip çykan milletler hem ýaşaýarlar. Ilatyň 89%-i katoliklerdir.

Döwlet gurluşy boýunça Meksika – federatiw respublikadyr. Döwletiň we hökümetiň baştutany – prezident. Dolandyryş-çäk taýdan ýurt 31 ştata we 1 federal okruga bölünýär.  Meksikanyň ykdysadyýetinde döwlet sektory esasy orny eýeleýär. Soňky ýyllarda ABŞ bilen işjeň ykdysady hyzmatdaşlyga tarap ugur alyndy. Baý tebigy baýlyklary toplumlaýyn özleşdirmek syýasatyny geçirmek bilen, Meksika milli ykdysadyýeti ösdürmekde uly üstünlikler gazandy. Ol senagat harytlarynyň köpüsi boýunça öz-özüni üpjün edýär.  Meksika uly we köpdürli çig mal gorlaryna eýedir. Selestin, bismut, flýuorit, kümüş, galaýy, gurşun, mis, altyn, dürli duzlary, sink, kobalt, nebit we gaz çykarmakda dünýäde görnükli orunlaryň birini eýeleýär.

Ýurduň senagatynyň esasyny dag-magdan pudagy düzýär. Onuň düzüminde reňkli metal magdanlaryny gazyp almak, nebit we gaz çykarmak esasy orun tutýar. Bu ýerde öndürilýän elektrik energiýasynyň 78%-i ýylylyk elektrik stansiýalarynyňpaýyna düşýär. Soňky ýyllarda işläp bejerýän senagatyň ähmiýeti artýar. Onuň düzüminde azyk, dokma, agaç işläp bejerýän, himiýa, metallurgiýa we maşyngurluşygy pudaklary uly ösüşe eýe bolýar. Azyk senagatynyň kärhanalary ýurduň ähli şäherlerinde bar. Dokma senagaty esasan jins we ýüň matalary, aýakgap öndürýär. Önümleriň agramly bölegi eksport edilýär.  Meksikada gara we reňkli metallurgiýa ýerli çig malyň esasynda işleýär. Her ýylda 15 mln. tonnadan gowrak polat eredilýär, onuň 45%-i bolsa dünýä bazaryna çykarylýar. Himiýa senagaty 14 pudagy özüne birleşdirýär. Uly nebitgaz senagat toplumlary Meksika aýlagynyň kenar sebitlerinde döredi.

Maşyngurluşygy senagatynda awtomobil öndürmek, elektrotehnika, radiotehnika we elektronika intensiw ösdürilýär. Meksika ýylda 1,9 mln awtomobil we 2,2 mln dwigatelleri (dünýäde 5-nji orun) öndürýär. Bu pudaklarda esasy orun amerikan, günbatar ýewropa, ýapon we günorta koreýa transmilli korporasiýalaryna degişlidir. Işläp bejerýän senagatyň eksportynyň 70%-den gowragy ýurduň ABŞ bilen araçäginiň ugrunda ýerleşýän, daşary ýurt çig malyny we tehnologiýasyny peýdalanýan ýygnaýjy kärhanalara degişlidir. Meksika sement öndürmek boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýär ( 51 mln tonna). Senagat kärhanalarynyň aglabasy (milli önümçiligiň 2/3 bölegi) Mehiko, Monterreý, Gwadalahara, Pueblo, Sýudad-Huares ýaly uly şäherlerde jemlenendir.

Ýurduň paýtagty Mehiko – köşkleriň, asman jaýlarynyň we garyp adamlaryň ýaşaýan haraba jaýlarynyň utgaşýan täsin şäheridir. Şäheriň ilaty örän çalt artýar. Häzirki wagtda onuň ilaty şäher etegi bilen 20 mln adama ýetdi. Şäheriň mundan beýläk ösmegi uly meseleleri döredýär. Onuň okeanlardan we derýalardan uzakda ýerleşmegi suw ýetmezçiligini ýitileşýär.

Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň sany, esasan-da gowy durmuşyň gözleginde öz dogduk mekanlaryny taşlap gaýdýan daýhanlaryň hasabyna, her ýylda 1 mln adama golaý artýar. Netijede täze haraba ýaşaýyş etraplary ýüze çykýar. Işsizlik artýar, ulag, suw üpjünçilikde we lagym ulgamynda ýiti meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Meksikanyň oba hojalygynda peýdalanylýan ýerleriň ýarysy hususy adamlara degişli, galany bolsa kommunal we döwlet eýeçiliginde durýar. Esasy azyklyk ekin – mekgejöwendir. Şeýle hem bugdaý, kösükli ekinler, soýa, çogdary ýetişdirilýär. 2007-nji ýylda 34 mln tonna däne öndürildi. Şeýle-de bolsa ýurtda sarp edilýän dänäniň 70%-i daşyndan getirmegiň hasabyna üpjün edilýär. Meksikada köp mukdarda kofe (dünýäde 5-nji orun), banan, limon, ananas, klubnika we üzüm öndürilýär. Olaryň esasy bölegi eksporta iberilýär. Gant, et, temmäki, gowaça, gök önümleri öndürmegiň ähmiýeti-de uludyr. Ýurduň daşary-ykdysady gatnaşyklarynda deňiz ulagynyň ähmiýeti has uludyr. Ýurtda 107 sany deňiz gämi duralgalary bar, olaryň iň ululary: Tampiko, Wera-Krus, Merida, Salina-Krus we başgalar. Ýöne ýurduň ýük dolanşygynda awtomobil ulagy birinji orunda durýar.  Meksika – halkara syýahatçylygynyň iň bir özüne çekiji etraplarynyň biridir. Her ýylda ýurduň çägine 20 mln syýahatçy gelýär, bu bolsa döwlete uly girdeýji getirýär.

Merkezi Amerika we West-Indiýa sebiti Amerika materiginiň uly boýunjygynyň ýurtlaryny (kä halatda “bananly ýurtlar” diýlip atlandyrylýan) hem-de Karib deňziniň ada döwletlerini öz içine alýar. Olaryň aglabasy durmuş-ykdysady ösüşde yzagalak döwletleriň hataryna girýär. Sebitiň kontinental ýurtlarynyň okeanara ýerleşişi we West-Indiýanyň Demirgazyk, Merkezi we Günorta Amerikanyň araçäginde amatly strategik ýerleşiş ýagdaýy geçmişde bu döwletleri kolonial basyp alyşlaryň etrabyna öwürýärdi.

Bu ýerde dünýäde iň möhüm deňiz kanallarynyň biri – Panama kanaly ýerleşýär. Ol Ýuwaş we Atlantik okeanlaryny ýöne bir birleşdirmän, eýsem Ýewropadan Günorta Amerikanyň günbatar kenarlaryna tarap ýoly ep – esli gysgaltýar. Onuň gurulmazyndan ozal (1914 ý) deňiz gämileri Günorta Amerikanyň daşyndan aýlanmaly bolýardylar. Panama kanaly 82 km uzalyp gidýär, ondan her ýylda 15 müňden gowrak deňiz gämileri geçýär.

Hojalyk taýdan Merkezi Amerika we West-Indiýa dünýäde ösen plantasiýa oba hojalygynyň sebiti hökmünde bellidir. Onda şeker çiňrigi, kofe, banan we ananas ösdürip ýetişdirmek uly ähmiýete eýedir.

Kada bolşy ýaly, has uly plantasiýalar ABŞ-nyň maýadarlary tarapyndan gözegçilik edilýär. Daşary yurt plantasiýalary – bu “döwletiň içindäki döwlet” diýen ýalydyr we ösýän döwletleriň ykdysadyýeti bilen az baglanyşyklydyr.

West-Indiýanyň ýurtlarynyň “hojalyk ýüzi” köp derejede daşyndan getirilýän nebitiň esasynda işleýän we “hapa” önümçilikleri ösýän döwletlere geçirmek syýsatynyň netijesi bolup durýan, kuwwatly nebiti gaýtadan işleýän senagat bilen kesgitlenýär. Boksitleriň gazylyp alynyşynyň we alýuminiý önümçüliginiň uly möçberi bilen Ýamaýka tapawutlanýar.

Merkezi Amerikanyň we esasanda West-Indiýa adalarynyň esasy tebigy baýlyklaryna ýyly suwly deňiz kenarlary, owadan landşaftlary we şypaly klimaty degişlidir. Bu sebitde sosialistik döwlet bolan Kuba ýerleşýär. Orta asyrlarda Kuba özboluşly “durulup geçilýän duralga”, gul söwdasynyň dünýä merkezleriniň biri hasaplanýardy. Şol ýerden “janly haryt” Latin Amerikasynyň beýleki sebitlerine alnyp gidilýärdi. Şonuň üçin-de Kubanyň ilatynyň milli düzümi köpdürlidir: mulatlar (milletiň 2/3 bölegi), negrler, metisler, ispanlaryň göniden – göni nesilleri. Bu ýurduň ykdysadyýeti entek öňki yzagalaklygyň suduryny saklaýar. Diňe azyk senagaty bütin senagat önümçiliginiň 50 %-e golaýyny üpjün edýär. Oba hojalygynyň öňdebaryjy pudagy – şeker çiňrigini ösdürip ýetişdirmek. Onuň plantasiýalary ýurduň ekin meýdanlarynyň ½ bölegini eýeleýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top