Ussat tennisçi Rafael Nadal

Grand Slamda dokuz gezek ýeňiş gazanyp, adyny tennisiň taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazdyrmagy başaran meşhur ispan oýunçysy Rafael Nadal 1986-njy ýylyň 3-nji iýulynda Ispaniýanyň Mallarko şäherinde dogulýar. Nadalyň tennise bolan ukyby heniz dört ýaşyndaka ilkinji mugallymy bolan kakasy tarapyndan ýüze çykarylýar. Häli-häzire çenli kakasy bilen türgenleşik geçýän Nadal entek ýaşka öz ýurdunda birnäçe ýeňişleri gazanýar. On ýedi ýaşynda gatnaşan «2003 Monte Carlos Master Series» bäsleşiginde bolsa ony diňe öz ýurdy däl, tutuş dünýä tanaýar.

Bäsleşen ilkinji Grand Slamy bolan «Wimbldon 2003-de» üçünji tura çenli oýny dowam etdirmegi başarýar. Şonda her kimi geň galdyran Rafael Nadal esasanam üçünji turda karýerasynda birnäçe üstünlikleri gazanan meşhur tennisçi Karlos Moýadan üstün çykýar. Bu bolsa onuň geljekdäki üstünliginiň alamaty bolýar. Şondan bary-ýogy bir ýyl soňra, ýagny 2004-nji ýylda geçirilen «Sopot» bäsleşiginde ýeňşe eýe bolup, tennis dünýäsinde ol has-da uly meşhurlyk gazanýar.

2005-nji ýylda bolsa Fransuz Açyk we dört sany Master Series (Rim, Monte Karlo, Madrid, Montreal) bäsleşiklerinde jemi 11 gezek çempion bolýar. 2005-nji ýyly dünýä sanawynda Rojer Federerden soň ikinji bolup tamamlan Nadal 2006-njy ýylda Dubaýda geçirilen final oýunlarynda hem iň uly bäsdeşi bolan Federeri ýeňip, birinji orny eýeleýär.

Nadal ikinji Grand Slam baýragyny Fransuz Açykda gazanýar. Bütindünýä tennis çempiony Rojer Federeri yzly-yzyna bäş gezek ýeňip, gumda geçirilýän oýunlardaky ýeňşini altmyşa çykarýar. Nadal gumda geçirilýän oýunlaryň segsenisinde yzly-yzyna ýeňilmän gelýän hem bolsa, onuň bu ýeňşi 2007-nji ýylda Hamburg finalynda Rojer Federerden ýeňilýär. 2009-njy ýylda Awstraliýa Açykda ýeňiş gazanan Nadal ondan soňky ýyl Amerika Açykda çempion bolýar. Şeýdibem ol dört sany Grand Slamy gazanan ýedinji oýunçy bolmagy başarýar. Bulardan başga-da, Rafael Nadal Pekin 2008 Ýazky Olimpiadalarynda «täkler» kategoriýasynda ýeňiji bolup, ýurduna altyn medal gazandyrýar. Rio 2016 Ýazky Olimpiadalarynda «jübtler» kategoriýasynda altyn, «täkler» kategoriýasynda bolsa bürünç medalyň eýesi bolýar.

Birnäçe üstünliklere eýe bolan ispan tennisçi professional karýerasynda jemi 78,724,627 dollar gazandy. Galyberse-de, Rafael Nadal Real Madrid futbol toparynyň janköýeri bolup, Şakiranyň «Gypsy» atly şekilli aýdymynda surata düşdi.

Teswir ýaz

Scroll to Top