Ekwatorial Afrika ýurtlary

Ekwatorial Afrika (köp edebiýatlarda bu sebite Saharadan günortadaky Afrika hem diýilýär) Sahara çölünden günortada ýerleşen kontinental Afrikanyň ähli döwletleri, şeýle hem Atlantik we Hindi okeanlaryndaky birnäçe ada döwletleri girýär. Sebitiň umumy meýdany 24.3 mln km2. Bu ýerde biri-birinden meýdanynyň ululygy, ilatynyň sany, durmuş-ykdysady ösüş derejesi boýunça tapawutlanýan 43 döwlet ýerleşýär. Olaryň ählisi hem öňki kolonialar, häzir bolsa garaşsyz ýurtlar – respublikalardyr ( -nji surata we goşmaça seret). Onuň düzüminde 3 sebiti tapawutlandyrylýar – Günbatar, Merkezi we Gündogar Afrika. Ýer üstüniň gurluşy esasan düzlükdir. Gündogar Afrika üçin ýer gabygynda çuň ýaryklar we döwülmeler häsiýetli. Demirgazykdan günorta tarap “Gündogar Afrika rifti” diýip atlandyrylýan örän giň döwülmeler uzalyp gidýär. Sebitiň klimat şertleri birnäçe sebäpkärleriň täsiri astynda döreýär. Saharadan günortadaky Afrikada ýerleşýän köp döwletleriň ekwatora ýakynlygy, olaryň özüniň yssy we gurak howasy bilen belli Sahara çölüne ýanaşmagy tebigy şertleriniň aýratynlygyny kesgitleýär.

Afrika kontinentiniň bu bölegi üçin çölleşme hadysasy häsiýetlidir, ol esasan hem Sahelde – çöllük ýerleriň we sawannalaryň araçägindäki tebigy ladşaftda, aýdyň ýüze çykýar. Ekwatorial Afrikada sürülýän ýerlere ähli meýdanlaryň 7,5%-i düşýär.

Tebigy baýlyklary. Ekwatorial Afrikada nebitiň dünýä gorlarynyň 2%-i, tebigy gazyň 2,2%-i, kömrüň bolsa 5,5%-i jemlenendir. Nebitiň we tebigy gazyň ýataklary Nigeriýada, şeýle hem Angolada, Gabonda, Konga Demokratik Respublikasynda, Kamerunda, Kongada, Ekwatoriýal Gwineýada bar. Şunlukda sebitdäki nebitiň anyklanan gorlarynyň ýarysyndan gowragy Nigeriýanyň paýyna düşýär. Daş kömüriň esasy gorlary Nigeriýada, Kongo Demokratik Respublikasynda we Zimbabwede ýerleşýär. Gymmatly energiýa çig maly bolan uranyň känleri Gabonda, Namibiýada, Nigerde bar.

Metal magdanlarynyň gorlary örän köpdűrlidir. Demir magdanynyň esasy gorlary Liberiýada, Gwineýada, Gabonda we Zimbabwede ýerleşýär. Ekwatorial Afrikada hromitleriň dűnýä gorlarynyň tas hemmesi diýen ýaly jemlenendir. Hromitleriň känleri Gűnorta, Gűnbatar, Demirgazyk-Gűnbatar Afrikada bar. Bu babatda Zimbabwe aýratyn tapawutlanýar.

Marganesiň gorlary hem uludyr. Esasy marganes gazyp alýan ýurtlar – Gabon, Gana. Misiň esasy gorlary Merkezi Afrikadaky giňligi 65 km, uzynlygy 250 km bolan Zambiýanyň we Kongo Demokratik Respublikasynyň çäginden geçýän “Mis guşaklygy” diýlip atlandyrylýan etrapda jemlenendir.

Sinkiň känleri Kongo Demokratik Respublikasy, Namibiýada, Nigeriýada, Zambiýada bar. Ekwatorial Afrika boksitleriň dünýä gorlarynyň ¼ bölegi dűşýär. Olaryň ählisi diýen ýaly Gwineýada jemlenen. Reňkli we seýrek duş gelýän metal magdanlarynyň gorlary sebitiň köp ýurtlarynda bar. Sebit altynyň uly gorlaryna eýedir. Onuň uly känleri GAR-da, Ganada, Demokratik Respublikasy we Zimbabwede ýerleşýär. Ondan başga-da altyn känleri Burundi, Gabon we Kot-d-Iwuarda bar.

Platinanyň esasy gorlary GAR-da jemlenedir. Metal däl mineral baýlyklardan kűkűrdiň (Zambiýa), fosfatlaryň ( Malawi, Nigeriýa, Tanzaniýa, Toga we Uganda), köműrturşy kaliýniň (Kongo, Efiýopiýa), grafitiň ( Madagaskar, Keniýa) gorlaryny bellemek bolar.  Ekwatorial Afrikada suw energiýasynyń uly gorlary bardyr. Olaryń esasy bölegi Kongo, Zambezi, Nil derýalarynyń basseýnilerinde jemlenendir. Sebitdäki suw energiýasynyń iń uly gorlary bolan esasy 3 döwletine Kongo Demokratik Respublikasy, (dünýä gorunyń 13%) Angola, Kamerun girýär.

Sebitde tokaý baýlyklarynyň ähmiýeti uludyr. Tokaýlarynyń ýarysyndan gowragy 5 döwletde: Kongo Demokratik Respublikasynda, Angolada, Zambiýada, Tanzaniýada, Nigeriýada ýerleşýär. Şunlukda Kongo Demokratik Respublikasy tokaýlarynyń tutýan meýdany boýunça (173,8 mln ga) dünýäniń öńdäki basligine girýär. Emma Ekwatorial Afrikanyń köp döwletlerinde esasy meseleleriń biri tokaýlaryň meýdanynyň çalt azalmagydyr. Her ýylda onuń möçberi 0.6%-e ýetýär.

Ilaty. Sebitiń çäginde 770 mln. adam ýaşaýar. Ekwatorial Afrika dünýäde ilatyň tebigy köpelişiniň iň ýokary bolan sebitidir. Ýöne onuń ortaça ýyllyk ösüşi 1980-nji ýyllarda 2,9% bolanlygyndan 2006-njy ýylda 2,3%-e (dünýäniń ähli sebitleriniń arasynda iń ýokary görkeziji) çenli peseldi. Sebitiň ilatynyň milli düzümi hem örän çylşyrymlydyr. Bu ýerde ýaýran köpsanly ýerli diller niger-kordofan, konsan we nil-sahara dil maşgalalaryna degişlidir. Dini alamaty boýunça sebitiń ilaty hristianlara, animistlere we musulmanlara bölünýär. Sebitiň ýurtlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň örän pes bolmagy, bu ýerde adam ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň dünýä boýunça iň pes derejesine (47,5 ýyl) getirýär.

Hojalygy. Bu ýerde dünýäniň has gowşak ösen ýurtlarynyň 48-den 32-si ýerleşýär. Ykdysadyýetde oba hojalygy we gazyp alýan senagat esasy orun eýeleýär. Oba hojalygynda (pudakda ilatyň 60%-den gowragy meşgullanýar) ösümlikçilik agdyklyk edýär. Sebitiň oba hojalyk önümi diňe içerki sarp edilişde peýdalanylýan, bütinligine içerki bazar üçin niýetlenen (süle, çogdary, mekgejöwen, köki miweliler, kösükli ekinler, et-süýt önümleri) we eksport üçin (ýag berýän ekinler, şeker-çig maly, gök önümler, miweler, temmäki, pagta süýümi, ýüň), şeýle-de eksporta ugrukdyrylan (kakao, kofe, kauçuk, sizal, palma ýagy, hoz, hoşboý ysly garyndylar) önümlere bölünýär.  Senagatda eksporta niýetlenilen mineral we energetiki baýlyklary gazyp almak esasy ähmiýete eýedir.

Sebitde ilatyň durmuş ýagdaýy örän pesdir. Ilatyň 39%-i örän garyp gatlagyna degişli, ýagny bir günde sarp ediliş 1 dollardan hem azdyr. Ilatyň 1/3 bölegi yzygiderli ýagdaýda açlyk çekýär. Köp ýurtlarda girdeýjini paýlamakda deňsizlik meselesi ýiti duýulýar. Sebitiň şäher ilatynyň 18%-i iş bilen üpjün däl. Ýurtlarynyň köpüsinde bilim ulgamy çökgünlik ýagdaýynda durýar. Uly ýaşly ilatyň sowatlylyk derejesi – 61%-e barabar. Saglygy goraýyş ulgamynda hem ýiti meseleler saklanýar.  Sebitiň çylşyrymly durmuş meseleleriniň biri-de bosgunlar meselesidir. Ekwatorial Afrika ýurtlarynda bosgunlaryň sany 7 mln. adamdan geçýär. Daşary ykdysady gatnaşyklarda (daşary söwdada) sebitiň ýurtlarynyň esasy hyzmatdaşlary: Günbatar Ýewropa ýurtlary, Ýaponiýa, ABŞ. Soňky ýyllarda Hytaýyň, Hindistanyň Afrika ýurtlary bilen söwda gatnaşyklary ösýär.

Bellik: Şu temadaky maglumatlaryň käbirleri 2010-njy ýyldan öňki maglumatlardyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 9-njy synplar üçin “Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy” dersi boýunça okuw kitaby

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top