Okamak endigi

Okamagy aňsatlaşdyrmak-da, kynlaşdyrmak-da öz elimizdedir. Bilesigelijilik duýgymyzy, öwrenmäge bolan hyjuwymyzy bir ugra gönükdirsek, bu meselede uly ösüş gazanarys. Biz köp wagtymyzy diňe oýna sarp etsek, onda öwrenmek we özbaşdak pikirlenmek ukybymyz ösmän galar. Şonuň üçin ýaşlykdan okamagy endik edinmegimiz gerek. Okamagy içýakgyç zat diýip hasaplaýanlar ýalňyşýarlar. Sebäbi okamagy kynlaşdyrýan we içýakgyç ýagdaýa getirýän zat okalýan kitap däl-de, okalanda goýberilýän ýalňyşlardyr. Köp adamlarda şeýle sorag ýüze çykýar: “Okamagy nädip aňsatlaşdyryp we ýalňyşlyklary nädip aradan aýryp bolar?” Munuň jogabyny bilmezdem öňürti okamagy nädip kynlaşdyrýandygymyza seredip geçeliň. Biz okan wagtymyz ähli ünsümizi kitaba berip bilýärmikäk? Kitapdaky sözleriň içinde düşünmeýänimiz barmy?.. Ine, şu soraglara laýyk jogap berip bilmeýän bolsak, diýmek, okamagy kynlaşdyrýarys. Hünärmenler okamagy ýeňilleşdirmek we okamagy endik edinmek üçin şeýle maslahat berýärler:

  1. Diňe göwnüňizden turýan kitaplardyr ýazgylary okamak bilen çäklenmäň. Arasynda üýtgeşigräk kitaplary hem okamaga çalşyň.
  2. Her gün belli bir wagtyňyzy hökmany suratda okamaga sarp ediň. Okamaga sarp edýän wagtyňyzy her hepdede 3-5 minut artdyryň.
  3. Teksti harpma-harp, bogunma-bogun, sözme-söz okamaň.
  4. Düşünmedik ýeriňizi gaýta-gaýta okamajak boluň. Bu tekstden ünsüňizi sowar.
  5. Okaýan zadyňyzyň möhüm hasaplan ýerleriňiziň aşagyny çyzyň ýa-da bir ýere belläp alyň.
  6. “Haýal okasam, has gowy düşünerin” diýen pikiri ýatdan çykaryň. Sebäbi şeýle edilse, okaýan zadyňyz beýnä barşy hem haýallaşar. Şeýle ýagdaýda ünsüňiz bölüner, okaýan zadyňyza düşünmäňiz kynlaşar.
  7. Eger size nätanyş söz duşsa, onuň manysyny ene-ataňyzdan soraň ýa bolmasa internet çeşmelerinden agtaryň. Şol söze düşünmezden yzyny okamaň.
  8. Okaýan zadyňyz tamamlanandan soň öz-özüňize sorag berip, okan ýeriňize näçeräk düşünendigiňizi barlap görüň.
  9. Elbetde, esasy zat gözüňiziň saglygydyr. Kitapdyr ýazgylary gözüňize zyýan bermez ýaly ýagdaýda okaň. Şu aýdylanlary ýerine ýetirseňiz, 2-3 aýyň içinde okamagy endik edinip bilersiňiz.

Jemläp aýdanymyzda, kitap adamy dünýä bilen tanyşdyrýar, adamlar bilen dogry gürleşmäge ýardam berýär, adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär we iň bärkisi kitap adamy bezeýär…

Taýýarlan Ahmet Amanow

Teswir ýaz

Scroll to Top