- Dünýäde iň kiçi şäher
Dünýäde iň kiçi şäher Horwatiýaniň çäginde ýerleşýän Hum şäheridir. Şäheriň ilaty 20 adamdyr (deňeşdirip görüň: iň uly şäheriň ilaty 23 milliondan geçýär). Şäher XI asyrda Rim imperiýasynyň şäherleriniň biriniň harabaçalygynda döreýär we şonuň netijesinde Hum şäher derejesini alýar.
- Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri
Dünýäde ýagşyň iň köp ýagýan ýeri Hindistandaky Mawsynram obasydyr. 1985-nji ýylda bu ýere gaty kän ýagyn ýagdy (26000 mm), bu waka hatda Ginnesiň kitabyna-da girizildi. Mawsynramda ýylda ortaça 11862 mm ýagyn ýagýar.
- Dünýäde iň giň köçe
Dünýäde iň giň köçe Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde ýerleşýän «9-njy iýul şaýoly» («9 July Avenue»)» bolup durýar. Bu köçäniň giňligi 140 metr we uzynlygy 1 kilometrdir. Köçäni kesip geçmek üçin birnäçe minut gerek bolýar, sebäbi köçede birnäçe sany swetofor bar.
- Sportuň iň peýdaly görnüşi
Sportuň saglyga iň peýdaly görnüşi suwda ýüzmekdir. Suwda ýüzmek adamyň tutuş bedenine, aýratyn-da merkezi nerw ulgamyna peýdalydyr. Sportuň bu görnüşi dem alyş ulgamyny ösdürýär, ýürek damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar. Oňurgasy gyşyk (şol sanda küýki), arkasynda agyry duýýan we başga-da ençeme oňurga keselli adamlara suwda ýüzmek peýdalydyr. 25 gradus ýyly suwda ýüzülende, bedende madda alyş-çalşygy 60-70% tizleşýär, şonuň üçin suwda ýüzmek horlanmak isleýän adamlara-da peýdalydyr.
- Dünýäde iň gyşyk bina
Dünýäde iň gyşyk bina Polşanyň Sapote şäherinde gurlandyr. Bu bina 2004-nji ýylda gurulýar we şondan bäri hem syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. 4000 inedördül metr meýdany tutýan binada söwda we dynç alyş merkezi ýerleşdirilendir.
Çeşme: Täsinlikler dünýäsi