Küşt oýuny barada

Küşt oýuny milady IV-V asyrlarda  ilkinji gezek “Çaturanga” ady bilen Demirgazyk Hindistanda  oýnalyp başlanypdyr. Hindilerden soňra bu oýun Eýranda oýnalyp başlanýar. Musulman araplaryň Eýran topraklaryny basyp almagynyň netijesinde bolsa küşt oýuny musulman dünýäsine ýaýrapdyr.

***

Iň uzaga çeken küşt oýny 1989-njy ýylda Belgradda oýnalyp, ol 20 sagatdan gowrak dowam edipdir. Oýnuň dowamynda 269 göçüm edilip, ol deňe-deň tamamlanypdyr.

* * *

Ilkinji iri möçberli küşt ýaryşy 1575-nji ýylda Madridde ispan koroly Filipp II-niň howandarlygy bilen geçirilipdir.

* * *

Küşt oýnunda her tarap üç göçüm edeninden soň, mümkin bolan göçümleriň örän köpdügi anyklanypdyr.

* * *

Küşt oýnamaga ukyply ilkinji kompýuter prog­ram­ma­sy­ny 1958 – 1959-njy ýyl­lar­da Massaçusets tehnologik institutyndan Aleks Bernşteýn taýýarlapdyr.

* * *

Häzirki wagtda küşt oýnalanda, ýörite sagatlar bolup, olar göçümiň çalt edilmegine ýardam berýär. Ilkibaşda bu tejribäniň bolmandygy sebäpli, küştüň başynda oýunçylaryň uka giden wagtlary-da az bolmandyr. 1851-nji ýylda küşt ýaryşlarynyň birinde oýunçylaryň ikisem oýnuny gutarman uklap galypdyr. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin, iňlis Tomas Uilson ýörite wagt hasaplaýan mehaniki sagatlary oýlap tapypdyr.

* * *

Psihologlar küşt oýnamagy adamyň ýadyny ösdürmegiň ygtybarly usuly hasaplaýarlar. Şeýle-de bu oýun çylşyrymly meseleleri çözmäge, täze pikirleri orta atmaga hem ýardam berýär.

Taýýarlan Eziz DUKANOW

Teswir ýaz

Scroll to Top