Tekst. Tekstiň meýilnamasy.

Many-mazmun hem-de grammatik taýdan bir-biri bilen baglanyşýan sözlemleriň toplumyna tekst diýilýär. Tekst sözleýşiň ýazuwa geçirilen bölegidir.

Her bir tekst bellibir waka, bellibir zat hakynda gürrüň berýär. Tekstde näme hakda gürrüň gitse, şol hem tekstiň temasy bolýar.

Tekstiň göwrümi uly bolup hem, kiçi bolup hem biler.

Tekstdäki abzaslaryň manysy biri-biri bilen ýakyn baglanyşykly bolýar.

Käbir tekstlerde sözlem sany köp bolup, diňe bir abzas bolup biler.

Tekstleriň käbiri bolsa, sözlem sany az bolan birnäçe abzasdan düzülip bilner.

Tekstiň her abzasy täze setirden setiriň başynda azajyk boş ýer goýlup, ýazylyp başlanýar.

 

Güýz

Tomus pasly tamamlanyp, güýz günleri gelip ýetdi. Indi Günüň howry mese-mälim gowşapdy.

Tebigatyň keşbinden güýzüň geleni duýulýardy. Baglaryň ýapraklary hem eýýäm sary öwüsýärdiler. Sary ýapraklar güýz paslyna özboluşly gelşik berýär.

Güýz paslynda howa sowaýar. Bulutly günler köp bolýar, ýagyş ýagýar.

Tekstiň meýilnamasy:

  1. Iki paslyň sepgidi.
  2. Güýz paslynyň özboluşlylygy.
  3. Güýzüň howasy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top