Modelirleme akyl ýetirme hökmünde

Modelirleme – bu akyl ýetirmegiň modelleri döretmäge we derňemäge esaslanýan usulydyr.

Tebigatda we tehnikada ähli obýektler köpdürli häsiýetlere eýedir. Modeller döredilende bolsa obýektiň häsiýetleriniň iň esasylary göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, elektrik zynjyrynyň modeli döredilende, zynjyryň elementleriniň özara ýerleşýän ýerlerine bagly bolmadyk, birikdirilmeginiň tertibi göz öňünde tutulýar.

Her bir ylym obýektleri we prosesleri dürli nukdaýnazardan derňemek bilen, modelleriň dürli görnüşlerini gurýarlar. Fizikada obýektleriň üýtgemek we özara gatnaşyk prosesleri, himiýada olaryň himiki düzümi, biologiýada janly organizmleriň gurluşy we gylyk-häsiýetleri, özlerini alyp baryşlary öwrenilýär.

Dürli ylymlarda adam dürli häsiýetli modeller ýaly barlanylýar. Mehanikada oňa material nokat, himiýada himiki maddalardan durýan obýekt, biologiýada bolsa özüni saklamaga ymtylýan ulgam hökmünde seredilýär.

Model – bu öwrenilýän obýektiň, hadysanyň ýa-da prosesiň esasy häsiýetleri, aýratynlyklary beýan edilýän başga bir obýektdir.

Geografiki kartalaryň dürli görnüşleri (syýasy, fiziki we başgalar) informasion modeller hasaplanýarlar we ýeriň üstüniň dürli aýratynlyklaryny şekillendirýärler. Olar geografiýada, harby işlerde, gämi gatnawlarynda ulanylýar we şol bir obýekt birnäçe modelleri şekillendirýär.

Käbir ýagdaýlarda dürli obýektler bir modelde teswirlenilýär (beýan edilýär). Mysal üçin, mehanikada planetadan başlap, ownuk predmetlere çenli ähli zatlar material nokat hökmünde seredilýär.

Model hiç bir ýagdaýda obýektiň özüniň ornuny tutup bilmeýär. Model takyk berlen bir meselede obýektiň möhüm häsiýetlerini öwrenmek üçin ýeke-täk guralyň bolmagy mümkindir.

Nazary bilimler (teoriýalar), kanunlar, çaklamalar ylmyň ösüşinde hakyky obýektleriň gurluşyny, gylyk-häsiýetlerini, özlerini alyp baryşlaryny açyp görkezýän nazaryýet (teoretik) modelleriň döremegine itergi berýär. Adamyň genomynyň modeli döredilenden soň adamzadyň daşky gurşaw baradaky düşünjelerini üýtgetdi. Tejribeleriň, synaglaryň we eksperimentleriň geçirilmegi teoretiki modelleriň dogrudygyny barlamaga mümkinçilik berýär.

Modelleri döretmek prosesine çeper döredijilik eserleri ýaly hem çemeleşmek bolar: haýwanlaryň arasyndaky gatnaşyklary beýan edýän basnýa, adamlaryň arasyndaky hakyky gatnaşyklary açyp görkezmek bilen, adam gatnaşyklarynyň modelini döredýär.

Esasy düşünjeler

Modelirleme – bu akyl ýetirmegiň modelleri döretmäge we derňemäge esaslanýan usulydyr.

Model – bu öwrenilýän obýektiň, hadysanyň ýa-da prosesiň esasy häsiýetleriniň, aýratynlyklarynyň we olaryň arabaglanyşyklarynyň bellibir görnüşde beýan edilmesidir. Şol bir obýekt köp modellere eýe bolup biler, şeýle hem, dürli obýektler bir modelde beýan edilip bilner.

Islendik çeper esere adamlaryň hakyky durmuşynyň modeli hökmünde seretmek bolýar. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň döredýän eserleri, teatrlarda goýulýan oýunlar çeper eser görnüşinde hakyky durmuşy şöhlelendirýän modeller hasaplanýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen, 11-nji synp üçin “Modelirleme we grafika” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top