«Metaverse» näme? Internetiň soňky ýyllarymy?

«Metaverse» näme? Bu sorag soňky döwürlerde internetde «iň köp gözlenýän» sowallaryň biri. Ol ilkinji gezek ylmy fantastikada ulanylypdy.

Eýsem «Metaverse» näme manyny berýär? Bu söz «meta» we «älem» sözleriniň birleşmesidir. Ol meýdan, binalar, awatarlar, hatda atlaryň alnyp-satylyp bilinýän, esasan hem kripto pul birligi ulanylýan wirtual dünýäni keşplendirýär.

Bu adalga iş gurallaryndan başlap oýunlara we jemgyýetçilik platformalaryna çenli wirtual hakykatlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Täze platformalaryň köpüsi, merkezleşdirilmedik sanly aktiwiň täze görnüşini döretmäge, oňa eýeçilik etmäge we monetizasiýa etmäge mümkinçilik berýän kripto pul birligini we üýtgewsiz bellikleri ulanýan blok zynjyrly tehnologiýa bilen üpjün edilýär.

Ulanyjylar häzirki wagtda internetde kompaniýalaryň, okuw we söwda merkezleriniň sahypalaryny açyp, gerekli maglumatyny alýar. Geljekde internet ulgamy «Metaverse-iň» içinde ýerleşdirilip, real dünýämiz üçin taryh bolup galar.

Häzirki wagtda käbir oýunlary monitora seredip däl-de, eýsem ýörite äýnek arkaly oýnuň içine girip oýnamaklyk mümkinçiligi bar. «Metaverse-de» bolsa diňe bir oýun däl-de, hakyky ýaşaýyş bilen bir wagtda parallel ýaşaýyş älemi hem bolar.

Wirtual dünýäniň içinde gezim edip, binalarda bolup, haryt we hyzmatlary satyn alyp we çärelere gatnaşyp bolar.

Bu älemiň hakykatdaky bilen tapawutly ýeri – biz ol ýerde awatarymyz bilen hereket ederis. Özüne mahsus kripto pul birligini peýdalanyp, haryt alyp-satyp bolar. Konsertlere, muzeýlere, dürli çärelere, maslahatlara gatnaşyp bolar. Ýakynlaryň, dostlaryň bilen medeni dynç alyşlary, gezelençleri amala aşyryp bolar. Realda ýetip bilmedik arzuwlaryňa ýetmek mümkinçiligi bolar. Alyp bilmedik eşiklerimizi, ulagymyzy, enjamlarymyzy bu ýerde edinip bileris. Niýetlenen äýnek arkaly hakykatyň fantastik şekiline eýe bolarys.

Onlaýn sapaklar okuwçylaryň awatarlary bilen geçiler. Ynsanlaryň awatary hakyky keşbine eýe bolar. Şonuň üçinem mugallym we okuwçylar özüni hakyky sapakda ýaly duýar. Mugallym okuwçylaryň arasynda gezim edip, täze temany düşündirip, okuwçylaryň ýerine ýetirýän ýumuşlaryna gözegçilik edip biler. Okuwçylar bolsa sapagy doly manyda görüp, öwrenip biler.

Häzirki wagtda kompaniýalar eýýäm amala aşmaga başlan bu taslama üçin uly maýa goýumlaryny goýýarlar.

Döwranguly Annagulyýew,

Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.

1 thought on “«Metaverse» näme? Internetiň soňky ýyllarymy?”

Teswir ýaz

Scroll to Top