M.Garryýew  adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okuwa kabul edişlik başlady

2020/2021-nji okuw ýy ly üçin hünär menleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa).
  2. Harby lukmançylyk (hünärler: bejeriş öňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi).

Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

  1. Kliniki luk mançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa).
  2. Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş öňüni alyş işi; sport lukmançylygy; saglygy dikeldiş we adatydäl lukmançylygy; lukmançylyk durmuş goragy işi).
  3. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa­da orta hünär bilimli, ýaşy 35-­den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24­ ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa­da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde  2020­nji ýylyň 6-19­njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen  nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

 — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

 — 3×4 sm ölçegdäki oniki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi we onuň asyl nusgasy;

 — giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga­da:

 — ene-­atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw  mekdebini tamamlanyndan soň, Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny,

 — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Habar beriş merkezinden berlen güwänamany,

 — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri we newrologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga­da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän  iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

 —Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgär barada goşmaça maglumatlary talap edip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Lebap welaýaty — iýul aýynyň  22­-23-­i, 26-­sy we 28-­i günleri;

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň  24­-25­-i, 27­-si we 28­-i günleri;

Mary welaýaty — iýul aýynyň  29­-30­-y, awgust aýynyň 2­-si we 4-­i günleri;

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 31­-i, awgust aýynyň 1­-i, 3­-i we 4­-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 5-­6­-sy, 9-­y we 11-­i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 7­8­-i, 10­-y we 11­-i  günleri.

Giriş synaglary hünärmenleri taýýarlamagyň ähli hünärleri boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça normatiwler iş (möçber namalary) (100­m. ylgamak, göwräňi çekmek, 3 ­km ylgaw) ýerine ýetirýärler. Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologo anatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-­da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

 — lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bar bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

 Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň  Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat­ş., A.Gowşudow köçesi, 58;

­tel.: ­92-71-09.

Çeşme: Türkmenistan gazetiniň 04.07.2020-nji ýylda çykan sany

Teswir ýaz

Scroll to Top