Lingwistik sözlükler

Leksikografiýa dil biliminiň sözlükleri öwrenýän bölümidir.

Düşündirişli sözlük, iki dilli terjime sözlükleri, orfografik sözlük, orfoepik sözlük, ylmyň dürli ugurlarynda ulanylýan adalga (terminologik) sözlügi, gadymy sözleriň (nusgawy edebiýatyň) sözlügi, toponimik sözlük, frazeologik sözlük – bularyň ählisi lingwistik sözlüklerdir.

Ýüz – adamyň ýüzi (at).

Ýüz – 100 (san).

Ýüz – suwda ýüz (işlik).

Ýüz – janly soýlanda derisini aýyrmak, ýüzmek (işlik).

Aýdylyşy we ýazylyşy birmeňzeş bolup, aýry-aýry many aňladyp bilýändigi üçin omonim – sesdeş söz. Manysynda hiç hili umumylyk ýok.

Göni manyda, göçme manyda ulanylyp bilinýär.

Eger kontekstde ulanylsa, bir manyly bolýar, ýogsam köp manyly söz.

Işjeň ulanylýan söz.

Umumuhalky söz.

Hemme stilde ulanylýar.

Öz türkmen sözümiz.

Kontekstde dürli manylarda ulanylyp bilinýär:

Ýüz – otdan yssy.

Ýüzi düşmek.

Ýüz görmek.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen dili” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top