Garaşsyz Türkmenistanyň medeniýeti

«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi. Türkmenistanda ynsanperwerlik ylymlarynyň arasynda medeniýeti öwreniş ylmyna – medeniýetiň nazaryýetine, taryhyna, esasan-da Garaşsyzlyk döwrüniň medeniýetine aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen ylmynyň öňünde halkymyzyň milli ruhuny gaýtadan dikeltmek, Garaşsyz Türkmenistanyň halkynyň milli medeniýetini dünýä medeniýeti bilen baglanyşdyryp öwrenmek wezipeleri durýar. Garaşsyz döwletimiziň medeniýeti halkara gatnaşyklarynda hem uly orun tutýar. Halkara gatnaşyklary taryhy-medeni mirasyň baýlaşmagyna, sungat önümleriniň alyş-çalyş edilmegine, milli sungatyň ösmegine ýardam berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly

Berdimuhamedowyň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň 12-nji martynda «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Garaşsyzlyk medeniýetini ösdürmekde döwlet şol Kanuna esaslanýar. Galyberse-de, her bir gözellik taglymaty ýaly, Garaşsyzlyk, Galkynyş medeniýeti hem akyl ýetirijilik, çelgi berijilik, terbiýeçilik wezipelerini ýerine ýetirýär. Akyl ýetirijilik wezipesi gözellik bilimini baýlaşdyryp, gözelligi saýgarmagy, adamlarda watanperwerlik, ynsanperwerlik duýgularyny gözelleşdirmegi, sungatyň kyn we çylşyrymly meselelerinden baş alyp çykmagy öwredýär.

Taryhy-medeni ýadygärlikleriň, medeni mirasyň goralmagy we dikeldilmegi. Taryhy gymmatlyklarymyz bolan medeni ýadygärliklerimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak we dikeltmek boýunça ýurdumyzda köp işler alnyp barylýar. Bu babatda 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmenistan döwletimiz taryhy-medeni mirasa baý ýurt bolup durýar. Ony Jeýtundan, Altyndepeden, Marguşdan, Merwden, Köneürgençden, Nusaýdan arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň gidişinde ýüze çykarylan artefaktlar – owadan nagyşlar bilen bezelen gap-çanaklar, täsin wazalar, gipsiň, diwarlaryň ýüzüne çekilen adam portretleri, haýwanlary keşpleri, uly we kiçi göwrümli monumental heýkeller we heýkelçeler hem tassyklaýar. Türkmen taryhçylarynyň öňünde türkmen halkynyň hakyky taryhyny düýpli öwrenmek, dünýä belli taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dünýä ýaýmak, arheologiýa we etnografiýa ylymlaryna üns bermek, taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmek meselesi durýar we bu babatda alymlarymyz ulyişleri bitirýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa instituty hem-de Taryh instituty, döwlet taryhy-medeni goraghanalar ýadygärlikleri gorap saklamak we dikeltmek işleri bilen meşgul bolýarlar. Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi, häzir olar halkara Konwensiýasy esasynda gorap saklanylýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagynyň medeni mirasymyzyň dikeldilmeginde has-da uly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwürde döwlet tarapyndan türkmen edebiýatçylaryny, taryhçylaryny, alymlaryny türkmen medeniýetine degişli kitaplary, golýazmalary, maglumatlary gözlemäge, toplamaga we almaga ibermek ýola goýuldy. Döwletimiziň aladalary özüniň oňyn netijesini berdi. Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan, Hytaýdan, Hindistandan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan türkmen medeniýetine degişli tapylyp alynýan kitaplar, golýazmalar, eserler, maglumatlar Türkmenistanda çap edilip çykaryldy, halk köpçüligine ýetirildi, ylmy-barlag işlerini alyp barmakda peýdalanyldy. Bularyň hemmesi medeni mirasymyzyň dikeldilmeginde aýratyn orun tutýar. Türkmen milletiniň we tutuş adamzadyň guwanjyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetiniň bir bölegidir.

Monumental binagärlik we heýkeltaraşlyk sungaty. Geçmişde bolşy ýaly, Garaşsyzlyk sungatynda hem ösüp, arşa çykan pudak binagärlik sungatydyr. Garaşsyzlyk döwrüniň binägärlik sungaty düzümi boýunça raýatlyk, jemgyýetçilik, önümçilik-tehniki we dini-ymaratçylyk gurluşygy görnüşlerine bölünip, ol milli binagärlik mekdebiniň esasynda ösýär. Garaşsyzlyk binagärliginiň aýratynlygy – ozalky lenç edilen nusga boýunça salnan göýdük, görnüksiz gapyrjaklardan, köçeleri biri-birindentapawutlandyrylyp bolmaýan gurluşyklardan el çekilip, milli binagärlige esaslanyp köşgi-eýwanly, çar bagly, üsti gümmezli, biri-birinden tapawutly owadan ymaratçylyk sungatyna geçirilmegidir. Şundan ugur alnyp, dünýä derejesindäki desgalar, seýilgähler, çüwdürimler gurulýar. Baş arhitektor – hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen, binagärligi taýdan görenleri aňk edýän döwrebap, hemmetaraplaýyn oňaýly ymaratlar gurulýar. Şol täsinlige Maslahatlar köşgi, Döwlet muzeýi, «Oguz han» köşkler toplumy, «Bagt köşgi», Bäş ýyldyzly gözel myhmanhanalar, edaralardyr kärhanalar, banklar, söwda merkezleri we beýleki binalar girýärler. Prezidentimiziň paýtagt şäher Aşgabady Gündogaryň iň owadan şäherine öwürmek tagallasy üstünlikli amala aşýar. Çägi boýunça ozalky paýtagtymyzdan ençeme esse giňelen Aşgabat indi tebigy-howa we seýsmiki şertleriň talabyna laýyk edilip gurulýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe çeper medeniýetiň pajarlap ösen beýleki bir pudagy heýkeltaraşlyk sungatydyr. Döwletimizde şäherimizi, obalarymyzy gözelleşdirmek üçin giň gerimli maksatnamalar işlenilip düzüldi. Maksatnamalarda bellenen çäreleri amala aşyrmakda şekillendiriş sungatymyzyň wekilleriniň, esasan-da, heýkelçi ussalarymyzyň paýyna ýokary jogapkärçilikli wezipe düşdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygyny artdyrjak, ýokary aň-düşünjeli, sagdyn bedenli, ahlak taýdan durnukly raýatlary, esasan-da ýaş ösdürimleri kemala getirip biljek eserleri döretmäge gönükdirilen çagyryşyna seslenip, türkmen heýkeltaraşlary özboluşly, milli äheňli ajap heýkelleri döretdiler. Meşhur heýkeltaraşlar

  1. Annamyradowyň,
  2. Ataýewanyň,
  3. Jumadurdynyň, M. Seýitmyradowyň,
  4. Annamämmedowyň,
  5. Babaýewiň, H. Annaýewiň,
  6. Ýarlyýewiň we ençeme beýleki heýkeltaraşlaryň ýasantäsin heýkelleriniň ençemesi obalarymyzda, şäherlerimizde, ylaýta-da, paýtagtymyz Aşgabatda oturdyldy. Sungatda millilikden ugur alýan heýkeltaraşlarymyzy medeni miras meselesi has ýakyndan gyzyklandyrýar. Olaryň tagallasy bilen, geçmişdäki beýik taryhy şahslarymyzyň hemmesiniň keşpleri monumental ýadygärliklerde beýanyny tapdy.

Landşaft sungaty (bag seýilgähi). Adam özüniň gündelik zähmeti, aňly-düşünjeli we döredijilikli hereketi bilen tebigata uly täsir ýetirýär. Şol täsirleriň biri medeni landşaftdyr – özgerdilen tebigatdyr. Medeni landşaft iki agrosfera we tehnosfera görnüşlerine bölünip, olaryň birinjisi janly tebigatyň (ekin meýdanlary, bagy-bossanlyklar, öri meýdanlar, mal bakylýan ýerler, balyk hojalyklary) özgermegine täsir edýän bolsa, ikinjisi jansyz tebigatyň (şäherleriň, obalaryň, binalaryň, köprüleriň, mehanizmleriň we başgalaryň) döremegine ýardam edýär. Garaşsyzlyk aňyýeti landşaft binagärliginde özüniň ajaýyp beýanyny tapdy. Türkmenistanda diňe soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tebigaty özleşdirmekde görlüp-eşidilmedik üstünliklere eýe bolundy. Aşgabat bütin Orta Aziýanyň iň gözel şäherine öwrüldi, ýurtda ençeme täze şäherçeler guruldy, ozalkylaryň durky tanalmaz ýaly özgerdildi, dürli senagat kärhanalary peýda boldy, ekin ýerleri açyldy we özleşdirildi, suw howdanlary guruldy, oba hojalygy gülläp ösdi. Şunuň netijesinde emele gelen medeni landşaft Türkmenistanyň ähli ýerlerini gurşap aldy. Şäherleriň merkezini äpet gök köşgi ýada salýan bag-bakjaly seýilgähler tutýar. Aýratyn hem Aşgabadyň seýilgähleri täsindir. Şäheriň seýilgählerindäki gül aýmançalary, täsin daragtlar, pyýada ýodajyklar, «gök halylar» çemenlikleri, ýokardan aşak inýän, aşakdan asmana pürkýän onlarça reňkli suw çüwdürimleri, täsin serhowuzlar, mermer güldanlar, dynç alyş ýerleri, dürli ýerlerde oturdylan heýkeller toplumy görenleri haýran edýär. Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Alp Arslanyň, Baýram hanyň, Magtymgulynyň webeýleki şahsyýetlerimiziň şanyna döredilen heýkeller öz dabaralylygy bilen tapawutlanýar.

Milli sazly-drama teatr sungatynyň we beýleki sungatlaryň görnüşleriniň ösmegi. Durmuşyň gözelliklerini inçelik bilen wasp edýän milli sazly-drama teatr sungatymyz gülläp ösýär. Teatrlarymyzda adamlaryň häsiýetleri, durmuş ýagdaýlary, gözelligi, beýikligi ussat artistlerimiz tarapyndan janlandyrylyp, çeper söz, aýdym-saz, tans bezegleri bilen halka ýetirilýär. Teatrlar türkmeniň gahrymançylykly geçmişini, häzirki döredijilik durmuşyny görkezýän ençeme täze eserleri döredýärler we sahnalaşdyrýarlar. Türkmen režissýorlarynyň «Jan», «Däli Domrul», «Oguz han», «Gala», «Jelaleddin», «Türkmennama» spektakllary Garaşsyzlyk ýyllarynyň naýbaşy eserleri bolup, türkmen teatryny dünýä meşhur etdi. Häzirki zaman çeper höwesjeňler sungaty özüniň görnüşleri, žanrlary, mazmuny bilen tapawutlanyp, hakyky demokratik häsiýete eýe boldy. Indi halk sungaty, folklore eserleri diňe bir ýurduň içinde däl-de, dürli ýurtlaryň sahnalarynda ajaýyp çykyşlary görkezip, ýurduň daşynda-da şan-şöhrata eýe boldy.

Halk döredijiliginiň ösüp, iň ýokary derejä çykan görnüşi halk teatrlarydyr. Halk teatrlary professional teatrlaryň entek ýok ýerleri bolan obalarda, şäherlerde döredilýär. Halk teatrlary, esasan, halk drama teatry, gurjak teatry we sirk toparlary görnüşinde işleýärler. Medeniýet öýlerinde halk teatrlarynyň aktýorlary tarapyndan sahna ussatlygynyň esaslarynda sahna dilinden, hereket we grim boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Halk teatrlary öz spektakllary we konsert toparlary bilen ýerlerdäki tomaşaçylary teatr sungaty bilen tanyşdyrýarlar, olaryň gözýetimini giňeldýärler, jemgyýetçilik işjeňligini ösdürýärler. Halk teatrlary tomaşaçylaryň ruhy medeniýetini, etiki, estetiki, syýasy garaýyşlaryny baýlaşdyrmak üçin özleriniň professional ussatlyklaryny gaýgyrmaýarlar. Halk teatrlarynyň işiniň has-da gowulanmagyna, artistleriň tejribeleriniň artmagyna, ussatlyklarynyň kämilleşmegine ýerlerde we ýurt boýunça geçirilýän dürli görnüşdäki hem-de mazmundaky bäsleşikleriň uly ähmiýeti bardyr.

2014-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly II halkara festiwaly geçirilip, oňa dünýäniň dürli ýerlerinden teatr ugruna degişli adamlar gatnaşdylar. «Bu möhüm çäre sungat ulgamynyň teatr ugruny kämilleşdirmekde, özara tejribe alyşmakda, döredijilik işgärlerini dostlaşdyrmakda uly hyzmatlary bilen teatr dünýäsinde täze sahypany açdy» diýip, medeniýeti öwrenijiler uly baha berdiler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli sungatlarymyz bolan halyçylygyň, zergärligiň ösmegine hem uly mümkinçilikler döredilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top