Gurtmy ýa tilki?

Islendik adam haýyr işi bitirmek niýeti bilen bir ýere gidip gelende, «Gurtmy ýa tilki?» diýlip soralýar. Gaýdyp gelen adam «tilki» diýip, jogap berse, işiň bitmändigini, «gurt» diýip jogap berse welin, niýet edilen haýyr işiň bitendigini, amala aşandygyny hemmeler soramazdan bilýär. Haýwanlary haýyr we şeriň düşünjesinde aňlatmak 7-8 müň ýyl mundan ozal dörän totem (haýsydyr bir haýwana Hudaý hökmünde sežde etmek) düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz has gadymy döwürde möjege Hudaý hökmünde sežde edip, ony ähli ýagşylygyň haýryň gözbaşy hasaplapdyrlar. Häzirki günlerimizde möjek wagşy-ýyrtyjy haýwan hasaplansa-da ony haýyr işiň bitendigi hökmünde alamatlandyrmak ata-babalarymyzyň gadymy ynanjynyň şu günki beýanydyr. Gadymy totem düşünjesi boýunça her halk bir haýwandan gelip çykan hasaplapdyrlar. Biziň Oguz ata-babalarymyz bolsa, özleriniň gelip çykyşyny möjek bilen baglanyşdyrypdyrlar. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz möjegi görmegi-de ýagşylyga ýorup: «Gurt gördüň – gut (bagt) gördüň» diýip aýdypdyrlar.

Tilki sözüniň ýamanlyga ýorulmagy bolsa, tilki mekir-hilegär hasaplanypdyr. Ýöne tilki näçe hilegärem bolsa, onuň öz hile-mekirliginiň pidasy bolýandygy hakyndaky düşünje ata-babalarymyzyň arasynda höküm sürüpdir. Şonuň üçinem öz mekirliginiň gurbany bolýan tilki halkymyzyň içinde halanmaýar.

«Gurtmy ýa tilki?» diýlende, «tilki» diýlip, jogap berilse, işiň bitmändigi aňlanylýar hem «Bähbit bolsun» diýlip, jogap berlip, işi bitmedik adama duýgudaşlyk edilýär.

Döwletmyrat Ýazgulyýew

Teswir ýaz

Scroll to Top