ESET NOD32 antiwirus programmasyny nädip gurmaly we onuň bazasyny nädip täzelemeli?

  1. Kompýuteriňizde ESET NOD32 antiwirus programmasy ýok bolsa, ilki bilen ylymly.com/programmalar sahypasyndan ony ýükläp almaly.
  2. Ýükläp alan *.zip arhiwiňiziň içindäki nod32.exe programmasyna basmaly.
  3. Gurup başlan badyňyza Да ýa-da Нет diýip soraýan penjire açylýar we siz ol ýerde Да düwmesine basmaly. Programma gurlup tamamlanýança garaşmaly.
  4. Gurlup bolandan soň, ekranyň sag aşak tarapynda programmanyň düwmesi peýda bolýar. Şoňa basyp, programmanyň esasy penjiresine girmeli.

Eger ESET NOD32 kompýuteriňizde öňden bar bolsa, şu ýerden başlap bilersiňiz.

  1. ESET NOD32 antiwirus programmasynyň saýtda ýerleşdirilen iň soňky bazasyny ýükläp almak üçin, ylymly.com/programmalar sahypasynyň başynda görkezilen ESET NOD32 Antivirus (update/обновление) ýazgysyna basyp, bazany ýükläp alýança garaşmaly.
  2. Ýüklenip alnan *.zip arhiwine gireniňizden soň, içindäki faýllary (adatça 75 sany faýl ýerleşdirilýär) kompýuteriň bir ýerinde döredilen papkasyna (meselem, E diskde döredilen Update papkasy) geçirmeli.
  3. Papkanyň ýerleşýän ýeriniň salgysyny (meselem: E:\Update) göçürmeli.
  4. Göçüreniňizden soň, antiwirus programmany açyp, F5 düwmesine basmaly.
  5. Açylan penjireden Обновление menýusyna gireniňizde açylýan Обновление düwmesine basmaly.
  6. Täze açylan penjirede Изменить düwmesine basyp, hälki göçüren salgyňyzy (E:\Update) ýerleşdirip, Добавить düwmesine basmaly-da, aşakdan E:\Update setirini saýlap, OK diýip penjireden çykmaly.
  7. Soňra antiwirus programmasynyň esasy penjiresinden Обновление menýusyna girmeli-de, Обновить базу данных сигнатур вирусов diýen ýazga basyp, baza täzelenip tamamlanýança garaşmaly.
  8. Gutlaýarys! Siziň antiwirus programmaňyzyň bazasy täzelendi. Indi siz tutuş kompýuteriňizi, islendik diskiňizi ýa-da kompýutere ötüren fleşkaňyzy (USB) ESET NOD32 antiwirus programmasy bilen skanirläp arassalap bilersiňiz.

1 thought on “ESET NOD32 antiwirus programmasyny nädip gurmaly we onuň bazasyny nädip täzelemeli?”

Teswir ýaz

Scroll to Top