Enem, enem, jan enem!

Ene saňa ýeke gezek berilýär,

Söý eneňi, söýmegiňi dowam et.

Enäniň gadryny bilmeýän bolsaň,

Enesini ýitirenden sowal et.

Ene ýüregi

Şol gün işden çykanymda öýlänçi geldi-de, dünýäni suw-sil etdi. Üst-başym mazaly ezilipdi. Öýe girenimden doganlarym: “Saýawanyňy ýadyňdan çykarmaly däl ekeniň” diýip igendiler. Garry enem we atam hem olaryň hörpünden gopdy: “Ýagyş diňýänçä garaşyp, soňra ýola çykaýmaly ekeniň” diýdiler. Kakamam öz gezeginde igesini sürtüp galdy: “Ýagşa ezilip, dümewlärsiň welin, bu bolşuň ýaramazlygyňa şonda düşünip galarsyň” diýdi.

Şol wagt ejem ýanyma geldi we suwy sarkyp duran saçlarymy sypalap: “Oglum öýe gelýänçä ýagyş birazrak garaşaýmaly dälmi?” diýdi.

Ine, ene ýüregi şeýle bolýär.

Çeşme: “Halallyk kyssalary” kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top