Ene – maşgala ojagynyň diregi

Durmuşda eneleriň arzuwy, islegi diňe gowulykdyr. Olar ogul-gyzlarynyň özlerinde ýagşy adamkärçilik sypatlaryny jemlemegi, Watana, halka wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin bütin ömrüni bagyş edýärler. Çünki perzent ene üçin janyndan ileridir. Durmuşda her niçik kynçylykly ýagdaý bolsa-da ene özüne dözer, perzendine dözmez. Watany beýgeldýän ar-namysly, merdana ýigitler enäniň zähmeti. gujur-gaýraty, mähremligi bilen kemala gelýärler. Biz muny Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» diýen kitabynda hem görýäris. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby ähli ýaşdaky adamlar, esasan hem, ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr, edep-terbiýe çeşmesidir. Gündogarda, şol sanda türkmenlerde ulyny, ýaşululary sylamak, olara hemişe törden orun berip, hormat goýmak däbi bar. Bu asylly däp mähriban enelerimiz babatda hem şeýledir. Milli Liderimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» eserinde hem enä tagzym etmek, onuň pendini alyp. wesýetine eýermek, käbelerimizi ynjytman saklamak ýaşlara öwüt-nesihat berilýär. Ata-balalarymyz «Eneňe ýalbarsaň kemeler ahy, ataňa ýalbarsaň galkynar ruhy» diýipdirler. Munuň özi bir tutumyň başyna barlanda perzendiň ata-enä sala salmalydygyny hem aňladýar. Çünki perzendi üçin ýanyp-köýýän ene seniň şatlygyňa-da şärik, gussaňada. Enäniň ogluna, gyzyna görä durmuş tejribesi has artykdyr. Onuň maslahaty bolsa ak ýürekdendir. Şonuň üçin hem onuň salgy beren ýoly hemişe dogrudyr, dürsdür. Ene-ata maslahat salynman edilen iş durmuşda ýalňyşlygyň üstünden eltip biler, mähribanlarymyzyň ynjamagyna sebäp bolup hem biler. Şonuň üçin hem ene-atanyň maslahatyna eýermek perzende diňe haýyr getirer. Enelere ömür berýän, olary bagtyýar edýän durmuşyň abadançylygydyr, perzentleriniň atly-abraýly, deňli-derejeli, watansöýer, zähmetsöýer, il ogullary bolup ýetişmegidir.

Çeşme kardesh.gov.tm

Teswir ýaz

Scroll to Top