Dünýäniň iň gymmat kärhanalary

«Apple Inc.»-iň senagaty: elektronika, maglumat tehnologiýasy. Önümleri: planşetler, el telefonlary, aýdym-saz pleýerleri we ş.m.

«Apple» dünýädäki iň gymmat brend hasaplanýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň nyşany köpler tarapyndan ykrar edilendir. Baha beriş guramalarynyň hünärmenleri bu brendi 323 milliard dollar bahalandyrýarlar. Bu kompaniýa 1976-njy ýylyň 1-nji aprelinde Stiw Woznýak, Ronald Ueyn we Stiw Jobs tarapyndan esaslandyryldy. Üçlük ilki öý kompýuterlerini ýygnap, kompýuterlere mahsus modelleri öndürip başlady. Ýöne iň uly üstünlik soňky ýyllarda «Apple» öz ykjam önümlerini – «iPhone» smartfonlaryny we «iPad» planşetlerini dünýä tanadanda ýüze çykdy. «Apple Inc.» kompaniýasynyň önümleriniň gerimi barha giňeýär: akylly sagatlar, kompýuterler, noutbuklar, planşetler, smartfonlar we ş.m. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň dünýäde 132 müň töweregi işgäri, müňlerçe edarasy, söwda dükanlary we hyzmat merkezleri bar. «Apple»-iň merkezi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherin­de ýerleşýär.

«Amazon»-yň senagaty: bölek satuw söwdasy.

«Amazon» dünýäde iň meşhur 4-nji brend bolup, bazar bahasy boýunça iň gymmat kompaniýalaryň hatarynda durýar. «Amazon» internetde dürli harytlary satýan we eltýän amerikan bölek satuw kompaniýasydyr. Internet ulanyjylary, üpjün edijiler we öndürijiler «Amazon» web sahypasyny onlaýn meýdança hökmünde ulanyp, islendik önümi özbaşdak satyp bilerler. Kompaniýanyň esasy ugry dürli harytlary satmakdyr. Bu kompaniýa 1994-nji ýylda Jeff Bezos tarapyndan esaslandyryldy. «Amazon»-yň merkezi Waşingtonyň Sietl şäherinde ýerleşýär. Umumy çaklamalara görä, kompaniýanyň, takmynan, 647 müň 500 işgäri we häzirki wagtda 162 milliard dollardan gowrak emlägi bar. Ýyllyk dolanyşygy, takmynan, 232 milliard dollara barabardyr.

«Microsoft»-yň senagaty: programma üpjünçiligi. Önümleri: «Microsoft Office», «Micro­soft Windows», «Xbox».

Bütin dünýäde meşhur bolan bu kompaniýa 1975-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Bill Geýts tarapyndan döredildi. Şol döwürde «Microsoft» hasaplaýyş işi ulanyjy üçin amatly bolan, öý kompýuterleri üçin programma üpjünçiligini ulanmagy teklip eden ilkinji programma üpjünçiligini dörediji boldy. Bu programma üpjünçiligi – Windows operasiýa ulgamy adaty ulanyjylara kompýuter hasaplaýyş endiklerini aňsatlyk bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ulgam kompaniýa üstünlik we uly girdeji getirdi. Häzirki wagtda «Microsoft» kompýuter programma üpjünçiligi bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir. Mundan başga-da, «Microsoft» öz ykjam enjamlaryny, esbaplaryny, wideo, ses we ofis enjamlaryny öndürýär. Korporatiw ştabkwartirasy ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Redmond şäherinde ýerleşýär.

«Google»-yň senagaty: internet ulgamy

Internetdäki iň uly gözleg ulgamy «Google» global ulgamyň ähli ulanyjylaryna mälimdir. Şonuň üçin «Google» dünýä sanawynda öňdeligi eýeleýär. Hünärmenler onuň bahasyny 167,7 milliard dollar diýip çaklaýarlar. Bu kompaniýa dünýäde ikinji orunda durýar. 1993-nji ýylda Sergeý Brin we Larri Peýj tarapyndan döredilen bu kompaniýa günde milliardlarça soragy işleýän gözleg hyzmatyna ünsi jemleýär. Ösen gözleg ulgamynyň kömegi bilen hyzmaty döredijiler kompaniýa üçin girdejiniň iň uly paýyny döreden internetde iň güýçli mahabat toplumyny durmuşa geçirmegi başardylar. Şeýle-de bolsa bu kompaniýanyň ýeke-täk önümi däl, wagtyň geçmegi bilen köp sanly täze taslama işlenip düzüldi. «Google» häzirki wagtda olar bilen işlemek üçin niýetlenen ykjam enjamlary we programma üpjünçiligini öndürýär: «YouTube», «Gmail», «Google Maps», «Google Ad­Words» we ş.m. köp sanly meşhur internet hyzmatlaryna eýelik edýär. Baş edara binasy ABŞ-nyň Kaliforniýa şäherin­de ýerleşýär.

«Samsung»-yň senagaty: elektronika. Önümleri: elektronika, enjamlar, gämi gurluşygy, awiasiýa inženerçiligi, maliýe, himiýa we ş.m.

«Samsung» elektronika öndürijisi hökmünde bütin dünýäde ykrar edildi. Bu kompaniýa 1938-nji ýylda Koreýa Respublikasynda esaslandyryldy. 1980-nji ýylda «Samsung» serginledijileriniň ilkinji modellerini Ýewropa we Aziýa bazarlarynda satuwa çykardy. Bu bolsa howa enjamlary pudagynda üstünlikli ösüşiniň başlangyjy boldy. 1983-nji ýylda «Samsung» kompaniýasy şahsy kompýuterleri, 1991-1992-nji ýyllar aralygynda ilkinji el telefonyny öndürip başlady. 1999-njy ýylda «Samsung Electronics» sarp ediji elektronika önümçilik kategoriýasynda «Forbes Global» žurnalynyň baýragyny aldy. Kompaniýa Koreýa Respublikasynyň Kýon­gi­do şäheriniň merkezi Suwonda ýerleşýär.

«Coca-Cola»-nyň senagaty: azyk senagaty. Önümleri: alkogolsyz içgiler.

Dünýäde iň meşhur gazlandyrylan alkogolsyz içgileri öndürýän «Coca-Cola» kompaniýasy ýylda 6 milliard dollardan gowrak girdeji gazanýar. Bu kompaniýa 1882-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümler toplumynda «Fanta», «Sprite», «Diet Coke» we «Schweppes» ýaly içgiler hem bar. Köp sanly emläkli, ýokary girdejili we köp işgärli «Coca-Cola» brendiniň gymmaty 59,2 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Baş edara binasy ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherinde ýerleşýär.

«Mercedes-Benz»-iň senagaty: awtoulag önümçiligi. Önümleri: awtoulaglar.

Dünýäniň iň meşhur awtoulag brendleriniň biri bolan Germaniýanyň «Mersedes-Benz» kompaniýasy 1926-njy ýylda esaslandyryldy. 2018-nji ýyldan başlap awtoulag öndürýän kompaniýalaryň sanawynda «Mersedes-Benz» ikinji orny eýeleýär. «Mersedes-Benz» dünýä belli awtoulaglary, awtobuslary we ýük awtoulaglaryny öndürýär. Kompaniýanyň, takmynan, 168 müň işgäri bar. Baş edara binasy Germaniýanyň Ştutgart şäherinde ýerleşýär.

Çeşme: zamanturkmenistan

Teswir ýaz

Scroll to Top