Ýewropa medeniýeti industrial döwürde

Günbatar medeniýeti barada düşünje. Günbatar medeniýeti Gündogar medeniýetinden köp babatda tapawut edýär. Olara kesgitli bir häsiýetnama bermek mümkin däldir. Gündogar medeniýeti esasan hytaý, hindi-budda, arap-musulman, şular bilen bir hatarda köp sanly milli medeniýetleriň gazananlaryndan kemala geldi. Gündogar medeniýetiniň kemala gelmegine konfusiançylyk, daoçylyk, buddaçylyk, indusçylyk we yslam ýaly dinler hem örän uly täsir etdi. Özi hem gündogar medeniýeti, onuň sungatynyň köp ugurlary henizler hem köp babatda öz adatylygyny saklap gelýär. Günbatar medeniýetiniň kemala gelmegi, esasan, hristiançylyk dini bilen baglanyşykly boldy.  Günbataryň sungatynda çeper görnüşler, žanrlar özara utgaşyp, sungatyň ugurlarynyň tematikasynda hem-de ideýa mazmunynda giňden şöhlelendirilýär, ülňüler we akymlar dürli-dürli bolup, olar tiz-tizden üýtgäp durýar.

Günbatar we Gündogar medeniýetleriniň mazmunynda tapawutlaryň bolşy ýaly, olaryň ikisi üçin häsiýetli bolan umumylyklar hem bardyr. Şol umumylyklar, öňi bilen, bu medeniýetleriň ikisiniň hem esasyny ynsanperwerligiň düzýändigi bilen baglanyşyklydyr. Emma geçmişde Gündogaryň we Günbataryň her birine mahsus adamzat gymmatlyklary we ynsanperwerlik ýörelgeleri bolupdyr. Ýewropada adamyň hukugy, jany we emlägi eldegrilmesiz, mukaddes zat hökmünde hasap edilipdir. Emma Aziýada esasy gymmatlyk hökmünde ruhy-ahlak ýörelgeleri emele getirýän ejize howandyrlyk etmek, mätäje kömek bermek, ýetim-ýesire hossar çykmak, ahlak taýdan päklik ýaly gymmatlyklar jemgyýetçilik ýaşaýşynda ähli zatlardan ileri tutulypdyr. Häzirki döwürde medeniýetleriň arasyndaky ýygjam gatnaşyklaryň netijesinde kem-kemden ähli adamzada mahsus medeni umumylyklar hem-de gymmatlyklar kemala gelýär. Netijede, Gündogar we Günbatar medeniýetleri üçin häsiýetli bolan bu alamatlar şertli häsiýetdedir. SebäbiÝewropa medeniýetiniň gazananlary Gündogar ýurtlarynda çuňňur kök urýar, öz gezeginde Ýewropa we Amerika ýurtlaryna hem gündogar medeniýetiniň täsiri güýçlenýär. Häzirki döwürde Aziýada (Hytaýda, Hindistanda, Koreýada,Ýaponiýada we başga ýerlerde) we Afrika ýurtlarynda hristiançylyk, öz gezeginde, Ýewropa we Amerika ýurtlarynda hem musulmançylyk, buddaçylyk, konfusiançylyk, indusçylyk ýaly gymmatlyklar uly ähmiýete eýe bolýar.

Köpçülikleýin sarp edijiniň medeniýeti. Önümçiligi artdyrmak we harytlary öndürmek, ýerleşdirmek, sarp etmek industrial-kommersiýa häsiýetine eýe bolýar. Jemgyýetde diňe bir sosial häsiýet (ýaş, işlilik, etnos) uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem sosial gymmatlyklar, şeýle-de sarp edijiniň ýaşaýyş durmuşy, medeniýeti hem aýratyn orny tutýar. Köp jemgyýetlerde sarp edijilik giňeldilýär we zähmete bolan höwes artdyrylýar. Köpçülikleýin sarp edijilikde medeniýet baradaky meseleler ilkinji orunda durýar. Bu bolsa durmuşda üstünlik gazanmaga uly mümkinçilikleri döredýär. XIX asyrda köpçülikleýin medeniýet köp halklaryň medeniýetinde bolup geçen hadysalary öz içine alyp, ol ylmyň hem-de tehnikanyň ösüşi, köpçülikleýin habarberiş we aragatnaşyk serişdeleriniň ulanylmagy bilen berk baglanyşykda ösdi. Köpçülikleýin medeniýet giň gerimlidir. Adamlar açyşlary edýärler, döredijilik bilen meşgullanýarlar. Olar ýönekeý, baý many-mazmunly we çylşyrymly eserleri döredýärler. Täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy hem-de ösmegi medeni gymmatlyklaryň döredilmegine we olaryň ýaýradylmagyna öz täsirini ýetirýär. Köpçülikleýin medeniýet bilen bir hatarda elitar medeniýet hem bardyr.  Elitar medeniýetden başga saýlantgy medeniýet hem bolup biler. Ol saýlanan adamlaryň medeniýeti hökmünde göz öňüne getirilýär. Elitarlyk jemgyýetde adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de bolupdyr. Elitar, ýokary medeniýetiň subýekti şahsyýetdir, ýagny erkin ýaşamaga, pikirlenmäge we döretmäge ukyply adamdyr. Beýik alymlaryň hem-de akyldarlaryň eserleriniň halk köpçüligine ýetirilip durulmagy ruhy gymmatlyklaryň giňden ýaýradylmagyna öz täsirini ýetirýär. Köpçülikleýin habar beriş hem-de aragatnaşyk serişdeleri we olaryň medeniýete täsiri. Köpçülikleýin habarberiş we aragatnaşyk serişdeleri döwletiň jemgýetçilik-syýasy we adamlaryň ýaşaýyş durmuşyna, aňyna, şonuň bilen birlikde, syýasy medeniýetiniň hem ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Bu serişdeler daş-töwerekde bolup geçýän wakalar baradaky maglumatlary döwlete we adamlara, adamdan adama ýetirmäge mümkinçilik berýär. Agzalan serişdeler medeni durmuşyň ýokarlanmagynda, nesilleriň ýaşaýyş durmuşynyň kemala gelmeginde uly orun tutýar.

Medeniýetdäki akymlar. Ýewropa medeniýetinde täze döwürde ýüze çykan we häzirki zamanda giňden ýaýran ugurlaryň biri-de modernçilikdir (modernizm). «Modernizm» adalga hem-de düşünje hökmünde fransuz dilinden gelip çykyp, «täze», «döwrebap» diýen manylary aňladýar. Ol günbatar ylmy edebiýatynda «modern» görnüşinde ulanylýar. Modern  XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň ortalarynda ýüze çykan sungatyň çeper ugurlarynyň jemidir. «Modern» adalgasy dürli döwürlerde Belgiýada, Beýik Britaniýada «täze sungat», Awstriýada «Sesseionyň stili», Italiýada bolsa «Libertiniň stili» görnüşlerinde ulanylypdyr. Modernçilik ähli zada, şonuň bilen birlikde medeniýete we sungata hem öz täsirini ýetirýär. Bu ugur bilen bir hatarda, Ýewropa medeniýetinde impressionizm, ekspressionizm, postimpressionizm, fowizm, kubizm, futurizm diýen ýaly dürli akymlar hem ýüze çykypdyr. Bularyň ählisi XX asyryň birinji ýarymynda Günbatar Ýewropa sungatynda dörän ugurlardyr. Impressionizm fransuz sözünden gelip çykyp, «yz», «täsir» diýen manylary aňladýar. Ol XIX asyryň ahyrlarynda –XX asyryň başlarynda ýüze çykypdyr. Impressionizm ülňüsi fransuz nakgaşçylygynda  XIX asyryň 60–70-nji ýyllarynda ýüze çykypdyr. Şol döwrüň belli suratçylarynyň hatarynda R. Mone, O. Renuar, E. Dega, R. Pissarro, A. Sisleý, B. Morizoýaly sungat ussatlarynyň atlaryny görkezmek bolar.

«Ekspressionizm» düşünjesiniň aslynda latyn sözi durup, ol «görnüş», «şöhlelendirme» diýen manylary aňladýar. Bu ugur ýewropa sungatynda we edebiýatynda 1905–1920‑nji ýyllarda has ösüpdir. Postimpressionizm XIX–XX asyrlaryň sepgidinde ösen çeper akymlaryň biri bolupdyr. Bu döwürde suratçylar şekillendiriş sungatynda döwre laýyk eserleri tapmaga ymtylypdyrlar. Olarda Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň durmuşynyň kyn pursatlary has köp janlandyrylypdyr.

Fowizm fransuz  nakgaşlygyndaky akym bolup, 1905–1907-njy ýyllarda ösüpdir. Nakgaşlardan A. Matiss, A. Marke, Ž. Ruo, A. Deren, R. Dýufi, M. Wlamink dagylar ençeme çeper eserleri döredipdirler. Olar natýurmort, peýzaž, aýyň içki giňişligini şekillendirýän suratlary çekipdirler. Kubizm hem fransuz sözi bolup, «kub» sözünden ýüze çykypdyr.  Bu ugur XX asyryň birinji çärýeginde Fransiýanyň şekillendiriş sungatynda ösüpdir. Onuň görnükli wekillerine P. Pikasso, Ž. Brak, H. Gris ýaly ussatlar degişlidir. Bu ugruň wekilleri eser döredenlerinde öňi bilen kub, konus, silindr ýaly geometrik görnüşlere ýüzlenipdirler. «Futurizm» sözi latynçadan terjime edilende «geljek» diýen manyny aňladýar. Ol Italiýanyň we Russiýanyň sungatynda dörän ugurdyr. Bu ugur 1910–1920-nji ýyllary öz içine alypdyr. Italiýaly nakgaş U. Boççoni we Ž. Sewerenibu ugurda has öndürijilikli işläpdirler. Edebiýatda futurism žanrynyň ösmegine W. Hlebnikow, W. Maýakowskiý, A. Kruçenyh, I. Sewerýanin ýaly rus ýazyjy-şahyrlary uly goşant goşupdyrlar. Binagärlikde «modernçilik» diýen adalga, başgaça «döwrebap binagärlik» görnüşinde-de ulanylýar. Bu döwrüň binagärligine Frenk Lloýd Raýt, Walter Gropius, Ruhard Noýtra, Lýudwig Mis wan Der Roe, Le Korbýuze, Alwar Aalto, Oskar Nimeýer ýaly ussatlar wekilçilik edipdirler. Modernçilik ähli zada, şonuň bilen bir hatarda adamlaryň, ösüp gelýän ýaş nesliň dünýägaraýşyna, durmuşyna, şeýle hem edebiýata we medeniýetiň beýleki ugurlaryna öz öwüşginini çaýyp, täze döwrebaplyklary ýüze çykarýar. Medeniýetde globallaşmak halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine öz täsirini ýetirýär. Öňki we häzirkizaman medeniýeti öwrenijiler globallaşmak döwrüne uly üns beripdirler. R. Robertsonyň, P. Bergeriň, E. D. Smitiň, A. Appaduraýyň işlerinde global medeniýet we medeni globallaşmak baradaky konsepsiýalara seredilýär.

Kommersiýa medeniýeti adamyň iş gurşawynyň we onuň ýaşaýyş şertleriniň ýokary ösüş derejesidir. Medeniýet terbiýeliligi, bilimliligi, adamlaryň arasyndaky gatnaşygy we olaryň ruhy dünýäsini häsiýetlendirýär. Kommersiýa medeniýetini alyp barmagyň öz kada-kanunlary bolýar. Kommersiýa medeniýeti içki we daşky medeniýetlerden ybaratdyr. Içki medeniýet kommersiýa degişli hususy edaranyň işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklardyr. Sarpedijileriň, alyjylaryň, telekeçileriň we beýlekileriň kommersiýa medeniýetiniň kadalaryny saklamaklary şertdir. Daşky medeniýet diýlende, kommersiýa goşulýan taraplaryň medeniýetigöz öňünde tutulýar. Kommersiýa boýunça resminamalary ýöretmek, gepleşikleri guramak we alyp barmak üçin ýörite endikler hem‑de edep kadalary zerurdyr. Gepleşikleriň netijeli geçmegi üçin halklar ony alyp barmagyň ýerini saýlap alýarlar. Ýurtlaryň käbiri gepleşigi basgançaklar boýunça geçirýärler. Mysal üçin, hytaýlylar gepleşigi basgançaklar boýunça we öýde geçirmegi makul hasaplaýarlar. Fransuzlar meseleli gepleşiklerden gaça durýarlar. Olar mylaýymlygy, salyhatlylygy elden bermeýärler. Ýaponlar dawaly meselelere goşulmaýarlar we anyklygy, takyklygy bilen tapawutlanýarlar. Araplar öz geçmişine, däp-dessurlaryna üns berip, ikitaraplaýyn ynamlylygy berkitmäge çalyşýarlar. Görnüşi ýaly, kommersiýa medeniýeti her bir halkda dürli-dürlüdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top