Gadymy ölçeg birlikleri

(Baýramdurdy Berdiýewiň makalasy esasynda)

Türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki ulanylýan kilometr, metr, santimetr ýaly uzynlyk ölçeglerinden öň olara derek adamyň synalarynyň, barmaklarynyň, eliniň, aýagynyň we şuna meňzeşleriň uzynlyklary ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar.

Uzynlyk ölçeg birlikleri.

Çeper edebiýatda we durmuşda köplenç barmak, sere, agsak sere, ker sere, garyş, daban, gez, gary, gulaç, sala gulaç, hada, persah (farsah), agaç, menzil (mezil hem diýilýär) ýaly uzynlyk ölçeglerine duş gelýäris.

Käbir mysallar:

Garyş boýly sere satan. (Mätäji)

Saçy sala gulaç. (Mätäji)

Saçyň sanar men gulaçlap. (Mollanepes)

Ýüz kyrk alty müň agaç. (Magtymguly Pyragy)

Dört müň persah Ýemen, bir müň-de Bulgar. (Magtymguly Pyragy)

Geýip gider alty gary bizleri. (Seýdi)

Halnazaryň hadasynyň käýerde gysgalyp, käýerde uzalýandygyny Artyk aňdy. Arçynyň obasy Halnazaryňkydan ýarym menzil ýokardady.

Şu ýerde getirilen ölçeg birliklerinden başga-da, birnäçe birlik duş gelýär. Meselem, gözýetim, sesýetim, tagan aýak we ş.m. sözlere gepleşikde häli-şindi diýen ýaly duş gelýäris. Indi ýokarda getirilen ölçeg birlikleriniň häzirki wagtda ulanylýan metr ölçeg birligi bilen deňeşdireliň:

Barmak – 2 sm.

Sere – başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 19 sm hasaplanylýar.

Agsak sere – orta barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 12 sm.

Ker sere – külembike bilen süýem barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 15 sm.

Garyş – başam barmak bilen külembike barmagyň arasyndaky iň uzyn aralyk, takmynan, 22 sm.

Gez – eliň barmagynyň ujundan tirsege çenli aralyk, iki garyş ýa-da 44 sm.

Gary – gerlen eliň barmagynyň ujundan döşe çenli aralyk, 2 gez ýa-da 88 sm.

Gulaç – gerlen iki eliň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk, 4 gez.

Sala gulaç – gerlip, arka tarap mümkin boldugyça öwrülen elleriň barmaklarynyň ujuna çenli aralyk.

Hada – 1–3 gulaç.

Agaç – 12000 ädim, takmynan, 9 km.

Persah – takmynan, 6–7 km.

Menzil – bäş agaç ýa-da 25–45 km.

Daban – 27 sm.

Şu ýerde agzalan ölçeg birlikleriniň käbiriniň, meselem, sere, ker sere, agsak sere diýen ýaly birnäçe görnüşleriniň bardygyny biz ozal belläp geçdik. Şonuň ýaly, menzil ölçeg birliginiň-de birnäçe görnüşi bar. Olar: pyýada menzil, atly menzil, kerwen menzil.

Hany, Weýeňňam bu ýerden daşmy, ýakynmy? – Weýeňňam atly menziline bir menzil, pyýada menziline

iki menzil («Görogly»).

Ýer, suw göwrüm ölçeg birlikleri.

Häzirki wagtda ýer, suw ölçeg birlikleri diňe çeper edebiýatda duş gelýär diýäýmeseň, durmuşda ulanylmaýar diýen ýalydyr.

Tanap – 0,25 gektar, uzynlygy 90 ädim, ini 45 ädim;

Tanap – 400 kwadrat gulaçdan 3600 gulaja çenli;

Suw – 3 sagatlyk suw nobaty;

Keleme – dört suw;

Serkar – sekiz suw (bir gije-gündizlik suw nobaty);

Bükdürme – iki epleme, ýagny bir gün ýa-da bir gije nobat.

«Ýigrimi bäş günde aýlanjak nobata ekin çydajak gümany ýokdy. Şonuň üçin bükdürme edip, suwy on iki ýarym

günden aýlamakçy bolupdy» (B. Kerbabaýew).

Tanap ölçeg birligi hemme ýerde bir meňzeş däl. Meselem, Mary welaýatynda tanap 2000 kw.m bolan bolsa, Daşoguzda 2500 kw.m kabul edilendir (Seret: «Справочник мер и весов». M.-Л., 1936, 77 стр.).

Agyrlyk ölçeg birlikleri.

Ozalky wagtda ulanylan agyrlyk ölçeg birlikleri häzir hem durmuşda ýaşulularyň dilinde, çeper edebiýatda duş gelinýär. Mysal üçin, Mätäjiniň «Gözel» atly goşgusynda şeýle setir bar:

Gadagyňa müň tümen baha guraly, gözel.

Indi köne agyrlyk ölçeg birliklerini häzirki wagtda ulanylýan gram ölçeg birlikleri hasabynda deňeşdiriň:

Çärýek – 1,2 gram.

Mysgal – 4 çärýek.

Agry – 62,5 gram.

Gadak (kirbeňke) – 90 mysgal.

Siri – 1,325 gadak – 8 agry.

Pensiri – 5 siri.

Däsiri – 10 siri.

Sisiri – 30 siri.

Put – 40 gadak.

Batman – 53 gadak.

Harwar – bir eşek ýüki.

Serwer – bir düýe ýüki.

Bellik: Agyrlyk ölçeg birligi batman dürli ýurtlarda üýtgeşik bolup, onuň 8 putdan 11 puta çenli agyrlygy bar. Ondan başga-da, halkymyz geçmişde rupyýa, tümen, tylla ýaly pul birliklerini-de ulanypdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top