Mugallymlaryň (!) otagyndaky gürrüň

Bir mugallym:

«Şeýle bir synag aldym… Nädäýersiň, okuwçylaryň ba-ary ikilik aldy!» diýip magtanypdyr.

Ýene bir mugallym:

«Okamadylar welin, menem her synpyň deň ýarysyny synagdan ýykdym!» diýip paňlapdyr.

Başga bir dersiň mugallymy:

«Men bolsa ýarysyndanam köpüsini düňderdim. Indem tomusda okuwa gatnatjak-da, kösäp-kösäp, täzeden synag aljak!» diýip diline bat beripdir.

Olaryň bu gürrüňlerini eşiden tam süpüriji bolsa:

«Men-ä häzire çenli «näsagym öldi» diýip begenip ýören lukman, «müşderim tussag edildi» diýip öwnüp ýören aklawçy görmedim» diýipdir-de, otagy birlaý arassalap ötägidipdir.

Taýýarlan, terjime eden Şatlyk Hudaýberdiýew

Teswir ýaz

Scroll to Top