Dil

Semantik söz ýasalyş

Semantik söz ýasalyşda öň sözlük düzümde ulanylyp ýörlen sözüň manysynyň üstüne täze many ýüklenýär. Mysal üçin, gulak sözüni alyp göreliň. Onuň ilki manysy adamyň eşidiş synasy, ýerleşýän ýeri kelläniň gapdaly, özboluşly şekili bar. Soňky manylaryna seredip geçeliň. Piliň gulagy, dutaryň gulagy, gazanyň gulagy, suwuň ýapdan gapdala sowulýan ýeri we ş.m. Iň soňky göçme manysy – […]

Semantik söz ýasalyş Giňişleýin oka »

Sintaktik-morfologik söz ýasalyş

Sintaktik hem sintaktik-morfologik söz ýasalyşyň arasynda azajyk tapawut bar. Sintaktik söz ýasalyşda iki sany asyl söz gönüden-göni birigýär. Meselem: gulakhalka, ýeňilkelle, ýaşuly… Sintaktik-morfologik söz ýasalyşda goşulyşýan iki sözüň haýsy-da bolsa birinde ýa-da ikisinde-de goşulma bolýar. Meselem: iki+ýüzli – ikiýüzli, gün+batar – günbatar, dik+düşdi – dikdüşdi, agzy+bir – agzybir, okly+kirpi – oklukirpi, göwni+ýetmezçilik – göwnüýetmezçilik, güne+bakar

Sintaktik-morfologik söz ýasalyş Giňişleýin oka »

Sintaktik söz ýasalyş

Bu usulda söz ýasalanda, esasan, özbaşdak manyly iki söz goşulyşýar we täze many aňladýan söz emele gelýär. Meselem: aýak+gap – aýakgap, mekge+jöwen – mekgejöwen, kyrk+aýak – kyrkaýak, at+gulak – atgulak, halk+ara – halkara… Goşma söz ýasamaga gatnaşan sada sözleriň basymy birleşip, esasy bir basymly söze öwrülýär. Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Türkmen

Sintaktik söz ýasalyş Giňişleýin oka »

Morfologik söz ýasalyş

Morfologik söz ýasalyşda söz ýasaýjy goşulmalar sözüň öňünden ýa-da yzyndan goşulyp, şol söze täze many berýär. Meselem, mal sözüniň yzyna söz ýasaýjy -dar goşulmasy goşulyp, täze söz ýasalýar. Täze ýasalan maldar sözi şol mallara seredýän, idedýän, bakýan adamyň kärini aňladýar. Morfologik söz ýasalyşda birnäçe goşulmalar köp söz ýasamaga gatnaşýarlar we sözlük düzümi baýlaşdyrýarlar. Mysal üçin,

Morfologik söz ýasalyş Giňişleýin oka »

Diliň sözlük düzümini baýlaşdyrýan çeşmeler

Türkmen diliniň sözlük düzümi hemişe üýtgäp durýar. Dil şol dili ulanýanlaryň döwür bilen bagly talaplaryny ödemek üçin, durmuşda bolýan täzelikleri söz görnüşinde öz düzümine goşýar we şeýlelik bilen, baýlaşýar. Diliň sözlük düzüminiň baýlaşmagynda täze sözleriň ýasalyş usullary örän uly ähmiýete eýedir. Asyl sözlere goşulýan söz ýasaýjy goşulmalaryň, sözleriň özara goşulyşmagynyň netijesinde örän köp sözler ýasalýar.

Diliň sözlük düzümini baýlaşdyrýan çeşmeler Giňişleýin oka »

Gurtmy ýa tilki?

Islendik adam haýyr işi bitirmek niýeti bilen bir ýere gidip gelende, «Gurtmy ýa tilki?» diýlip soralýar. Gaýdyp gelen adam «tilki» diýip, jogap berse, işiň bitmändigini, «gurt» diýip jogap berse welin, niýet edilen haýyr işiň bitendigini, amala aşandygyny hemmeler soramazdan bilýär. Haýwanlary haýyr we şeriň düşünjesinde aňlatmak 7-8 müň ýyl mundan ozal dörän totem (haýsydyr bir

Gurtmy ýa tilki? Giňişleýin oka »

Goşulmalar we olaryň görnüşleri

Goşulmalar ýerine ýetirýän hyzmaty taýyndan aşakdaky toparlara bölünýärler: Söz ýasaýjy goşulmalar. Şekil ýasaýjy goşulmalar. Söz üýtgediji goşulmalar. Söz ýasaýjy goşulmalar goşulan sözünden täze manyly söz ýasaýarlar: söz+lük, el+lik, mal+dar, suw+çy, dur+alga, ädik+çi. Şekil ýasaýjy goşulmalar sözüň asyl manysyna nähilidir bir öwüşgin berýärler. Bu ýasaýjy goşulmalar atlarda, sypatlarda. hallarda, işliklerde bolýar: oglan+jyk, gyz+jagaz; ag+ymtyl, ag+rak; ir+räk,

Goşulmalar we olaryň görnüşleri Giňişleýin oka »

Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülýän we öwrülmeýän ýagdaýlary

Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülýän we öwrülmeýän ýagdaýlary bilen baglanyşykly orfoepik hem orfografik kadalar Köp bogunly sözlerde sözüň ahyrynda gelen dymyk ç, k, p, t sesleri özlerinden soň çekimli sese başlanýan goşulma ýa-da söz goşulanda (goşma söz emele gelende) ýa-da r, ý seslerine başlanýan goşulma goşulanda degişli açyk seslere öwrülýärler. Meselem: sapak – sapagyň, jorap –

Dymyk çekimsizleriň açyga öwrülýän we öwrülmeýän ýagdaýlary Giňişleýin oka »

Dil öwrenmek gözýetimiňi giňeldýär!

Dünýäniň ilatynyň 43 göterimi iki dil­de gepläp bilýär. Iki we ondan köp dil bilmegiň peýdaly taraplary az däl. Häzirki wagtda jemgyýetiň ösmegi halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has hem kämilleşdirýär. Bu bolsa, beýleki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny öwrenmäge gyzyklanma döredýär. Şol dile düşünmek bolsa, olary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bular biziň täze dil (hat­da iki dili bilýän

Dil öwrenmek gözýetimiňi giňeldýär! Giňişleýin oka »

Scroll to Top