Şonuň üçin aglaýaryn

Ependini gaharlandyrmak üçin aýaly onuň öňünde gyzgyn çorba getirip goýupdyr. Ýöne aýaly ony unudyp, çorbadan özi owurtlapdyr. Agzy bişip, gözünden ýaş akypdyr. Ependi muny görüp:

– Saňa näme boldy, näme beýle aglaýarsyň? – diýipdir. Aýaly:

– Enem pahyr çorbany gowy görerdi. Enem ýadyma düşüp aglaýaryn – diýipdir.

Ependi hem çorbadan bir çemçe owurtlapdyr. Onuň hem agzy bişip, gözi ýaşarypdyr. Aýaly:

– Saňa näme boldy? – diýip sorapdyr.

Onda Ependi:

– Gaýynenem pahyry ýadyma salsam, aglaman durup bilemok. Ol biçäräniň-ä birwagt ölüp gidip, sen emelsiziň bolsa diri gezip ýöreniňi ýatlasam dag-a, möňňüriberesim gelýär, onsoňam eneň pahyr wepat bolanda, sen biçäre ýaş çagadyň. Eneden ýaş galanyň ýadyma düşdi. Şonuň üçin aglaýaryn – diýipdir.

1 thought on “Şonuň üçin aglaýaryn”

Teswir ýaz

Scroll to Top