Türkmenleriň Hindistandaky ýeňiş minarasy

Türkmen soltanlary tarapyndan Hindistanda bina edilen ymaratlara aýratyn nepislik, howaly giňişlik, täsin seleňlik, dabaraly belentlik we haýbatly hökümdarlyk ýaly alamatlar mahsusdyr. Hindistanda türkmenler tarapyndan döredilen binagärçilik sungaty dünýä taryh ylmynda uly orun tutýar. Bu sungat Hindistanyň Gaznaly we Gurly türkmenleriniň döwletleriniň düzümine girizilmegi bilen ýüze çykdy we Deli soltanlygynyň esaslandyrylmagy bilen bolsa kämillige ýetdi.

Has dogrusy, XI asyrda türkmenleriň täsiri bilen Hindistana musulman medeniýeti ýaýrap başlaýar. Bu ýagdaý XIII asyryň başlarynda Kutbuddin Aýbeg tarapyndan Deli soltanlygynyň (1206–1526) esaslandyrylmagy bilen musulman medeniýeti Hindistanyň köp öwüşginli, baý medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Delidäki türkmen döwletini esaslandyran soltan Aýbeg (1206-1210) bir ýola «Delide kim hökümdarlyk edýän bolsa, Hindistana-da şol eýelik edýändir» diýip aýdypdyr.

Hut Kutbuddin Aýbeg Hindistanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen ajaýyp binagärçilik sungatynyň esasyny goýan hökümdardyr. Onuň döwründe gurlan Delidäki «Kuwwat-ul-Yslam metjidi», Kutb minara hem-de Ajmirdäki metjitler, diňe bir türkmen binagärçiliginiň däl, eýsem Hindistanyň ähli sebitlerine ýaýran musulman binagärçiliginiň hem iň ilkinji ajaýyp nusgalarydyr.

Gadymy Delidäki türkmenleriň soltanlygynyň düýbüni tutujy Kutbuddin Aýbegiň gurduran belent başly Kutb minarasy Ýer ýüzünde belentligi boýunça ýeke-täkdir. Aýbeg tarapyndan başy başlanan bu minaranyň gurluşygyna 1199-njy ýylda başlanypdyr. Köp asyrlardan bäri dünýä taryhçylarynyň ünsüni çekip gelýän Kutb minarasyny «Ala minar», has takygy «Alauddiniň ýeňiş diňi» diýlip atlandyrylan bu ajaýyp binanyň doly boýunyň ýetenini görmek Aýbege miýesser etmeýär. Ol 1210-njy ýylda Deli soltanlygynyň ikinji paýtagt şäheri Lahorda çowgan oýnuny oýnap ýörkä, atdan ýykylyp aradan çykýar.

Tehniki taýdan kämilligi, berkligi we gözelligi bilen tapawutlanýan minaranyň gurluşygy Aýbegiň giýewsi, Deli soltany Iltutmuş tarapyndan tamamlanypdyr.

Tutuş yslam dünýäsinde iň belent minara derejesini alan bu binanyň her bir gatynyň özboluşly bezeg tärleri biri-birinden tapawutlanýar. Minaranyň birinji gatynyň iri gofrirlenen durky üç sany inli guşagyň üstünden kufy ýazgysy bilen gurşalypdyr. Ikinji gaty has gofrirlenen kesmirli gyzyl mermer daşlardan ýonulyp, birnäçe ýazgyly bölege bölünipdir. Üçünji gatynda Merkezi Aziýanyň we Horasanyň ajaýyp suratkeşleriniň meşhur çeperçilik mekdepleriniň iň ýokary sungat ölçegleri oýmurly ýyldyz nagyşlary agdyklyk edýär. Minaranyň dördünji gaty gyzyl hem ak mermer daşlarynyň aýlawlary bilen gurşalan.

Minaranyň eýwanlarynyň ýokary ussatlyk bilen nagyşlanyşy Deli soltanlygynyň binagärçiliginiň täsin döredijilikli ösüşini häsiýetlendirýär. Kutb – minar ýokarlygyna inçelip gidýär we aşakdan başlap ýokarlygyna çenli guşak görnüşinde aýlanan güberçek gümmezekler bilen bezelen. Bu minara öz gezeginde Köneürgençdäki Gutlug Timuryň we häzirki Owganystanyň çäklerindäki Jam minarasy Kutb minara bilen özleriniň materiallary we çeper bezegleri boýunça tapawutlanýar. Emma bu minaralaryň hem, Delidäki Kutb minaranyň nusgasynda gurlandygy ünsüňi çekýär. Ýöne, ýeňiş şanyna dikilen bu binalaryň gurluşygyndaky many-mazmun, däp-dessur bir-birinden onçakly tapawutlanmaýar.

Merkezi Aziýada iň belent Köneürgenç minarasy bilen çalymdaş Kutb minarasy hem harby ýeňişleriň hatyrasyna galdyrylypdyr. Gutlug Timuryň minarasy hem XI-XII asyrlara degişlidir.

Alymlaryň ýazmaklaryna görä, Kutb minara Merkezi Aziýanyň binagärligindäki gurluşyk däpleri, ösen medeniýeti janlandyrýan gymmatly hem ajaýyp nusgadyr. Çünki, Merkezi Aziýa binagärligi şunuň ýaly minaralaryň köplügi bilen tapawutlanýar. Amyderýa bilen Gangyň arasynda söýginiň hem ýeňşiň belent binasynyň ähmiýeti diňe bir Hindistanyň däl-de, eýsem onuň binagärçilik sungatynyň çäginden daşary çykýar. Seljuklar döwründe türkmen medeniýetiniň Hindistana aralaşmagynyň ilkinji subutnama eseri bolan Kutb minarasy hem Gutlug Timuryň minarasy bilen ykbaldaş. Bu iki ekiz minaralar haýran galdyryjy berk gurlan bolsalar-da, ikisi hem ýer titremesi netijesinde öz altyn gupbalaryny saklamandyrlar.

J.M.Banerjiniň «Firuz şa Tuglugyň taryhy» atly kitabynda Deli soltanlygynyň binagärlik sungatynyň ýeten ýokary derejesiniň şaýady bolan Kutb minaranyň birinji gatynda onuň düýbüni tutujy we ony gurujy dogrusynda ýazgylaryň beýany berlipdir. Minarany gurujy ussanyň ady Muizuddin bin Sam bolup, onuň niredendigi barada maglumat berilmändir. Şol kitapda 1368-nji ýylda güýçli ýyldyrym çakmagy netijesinde, bu minara zor zeper ýetendigi dogrusynda aýdylýar. Kutb minara 1326-1368-nji ýyllarynda ýyldyrym çakmagy zerarly iki gezek zyýan ýetipdir. Birinji bolan tebigy betbagtçylyk Muhammet Togalagyň hökümdarlygy ýyllaryna (1325-1351) gabat gelýär. Deli soltanlygynyň gaýduwsyz hökümdary Muhammet Togalak 1332-nji ýylda minaranyň dikeldiş we rejeleýiş işlerini alyp barýar. Tebigy betbagtçylygyň ikinji ýetiren zyýanyny dikeltmek boýunça Firuz şa Togalak tarapyndan minaranyň dördünji we bäşinji gatlarynda dikeldiş işleriniň alnyp barlandygy dogrusynda minaranyň dördünji gatynda ýazgylar ýazylypdyr. Şol kitapda dikeldiş işlerini alyp baran ussalar Nana, Salha, Lola we Laşmana dagylaryň atlary görkezilýär. Şeýle hem Deli soltanlygynyň iň soňky hökümdarlarynyň biri Isgender Lodi hem öz gezeginde 1503-nji ýylda binanyň ýokarky gatlarynda käbir dikeldiş we rejeleýiş işlerini geçiripdir.

Hindi galamgärleriň berýän maglumatlaryna görä, Hindistanda we dünýäde iň belent Kutb minaranyň ilkinji dört gaty Jaýpuryň gyzyl mermerinden gurlupdyr. Her gatynda güberçekläp öňe çykarylan eýwanlary minara aýratyn çeper gözellik berýär. Onuň birinji gaty 155 basgançakly, jemi bolsa 379 basgançakdan ybarat. Her gatyň arasynda üç setir arap ýazgysy bilen bezelen. Minaranyň diametri 14,32 metr bolup, onuň diwarynyň galyňlygy 2,75 metre barabardyr. Onuň beýikligi 72,5 metr, içerki aýlawly merdiwany bolup, gepiň gysgasy minaranyň keşbi çyzgylar düýrmä meňzeýär.

Minaranyň çar töweregi inli relýefli kufy ýazgysy bilen gurşalandyr. Mundan başga-da onuň gofrirlenen diwary açyk günüň şöhlesine durumly bolmaga mümkinçilik berýär. Taryhy maglumatlara görä, bu binanyň düýbüni tutujy ony beýiklikde, haşamlykda Hindi ülkesinde we tutuş dünýäde öňe geçjek minara bolmasyn diýen niýetde gurduranmyş. Soltanyň arzyly binagäri minarany guranda Merkezi Aziýa hökümdarlarynyň minaralarynyň biçüwi, Seljuk däbi esasynda başy belent altyn gupbaly, daş töweregi miweli agaçdan, saýaly bagdan we gülzarlykdan bolmagyny göwnejaý hasaplapdyr. Şonuň üçin bu ýerde baglara, serhowuzlara, güllere aýratyn ähmiýet berlipdir. Ussat binagär soltanyň islegleriniň hem-de gözellik diýen zadyň bakydygyny subut etmäge çalşypdyr.

Türkmen soltanynyň gurduran bu binasy ýerli halka we paýtagt şähere düşümli bolupdyr. Onuň daş töwereginde kömelek deýin köpelip belent daragtlardan saýlanyp barýan ymaratlar, köşgi-eýwanlar Delini ýer ýüzüne ýaň salýan gözel şähere öwrüpdir. Oňa çar ýandan gelýän gatnawly söwda aragatnaşyk ýollary, dünýäniň dürli ýurtlaryny özüne çekip, Deliniň ykdysadyýetini görlüp-eşidilmedik derejede pajarlap ösmegine, bu şäheriň dünýäniň iň uly medeni merkezleriniň birine öwrülmegine getiripdir. Orta asyr arap syýahatçysy Ibn Batutta Deliniň ýeten derejesini Gündogaryň iň ösen medeni hem ylym şäheri Kair bilen deňäpdir.

Bütin dünýä ähmiýetli Aýbegiň minarasyny wasp edenleriň kimsi oňa «Gündogaryň gyzyl bägüli» diýse, ýene biri «Daşlardaky poema» diýip atlandyrypdyr. Käbir taryhçylar bolsa «Daşyň ýüzündäki bezeg sungatynyň çür depesine çykan estetiki ýadygärlik» diýip baha beripdirler. Şahyrlar şygryýet dilinde köplenç «Soltanlaryň ýeňşiniň wysal bolýan ýeri» diýip wasp edipdirler.

Kutb minara gözellik jähtden baha berip, professor M.Müjib şeýle ýazýar: «Türkmenler häkimlik we durnuklylyk nyşanyny döretmegi maksat edinipdirler. Göwresi ýokary göterilýän, binanyň gatlarynyň arasynda depesi çür (konus) şekilli birsydyrgyn geçelgeleri bolan Kutb minara şeýle nyşanlaryň biridir. Emma hindi medeniýeti bu minaranyň binagärçiliginde-de öz yzyny galdyrypdyr. Ony görenler gözelligiň ýeke-täk baky güýçdügine düşünýär». Minaranyň gyzyl gyrmyzy daşlar bilen haşamlanyp, oýulup nagyşlanan daşky bezegi onuň baý çeper görnüşiniň iň bir gymmatly bölegi bolup durýar. Mundan başga-da, binagär minaranyň timarlama we bezeg işlerinde gadymy ata-babalarymyzyň keramatly nyşanlaryny ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyrlar. Minaranyň Aý, Gün, Ýyldyz, ýaprakly güller, tegbent, ok ýaý ýaly bezegleriniň ezberlik bilen sünnälenilmegi – bularyň hemmesi Merkezi Aziýanyň jaý gurmak sungatynyň däpleriniň bir ýere jemlenmegidir. Bäş guşakdan ybarat bolan bu minaranyň dördünji guşagyndaky bagjygyň ýüzünde: «Türküstanyň, Arabystanyň, Eýranyň patyşalarynyň hökümdary beýik soltan Iltutmuşyň döwründe guruldy.» diýen ýazgy bar.

Awtory Baýramgeldi Çaryýew

Teswir ýaz

Scroll to Top