Türkmenistanyň gadymy we orta asyr döwürleriniň medeniýeti

Türkmenistanda dörän gadymy siwilizasiýalar. Türkmen halkynyň döreden medeniýeti Gündogaryň beýik medeniýetleriniň biridir. Bu medeniýet dünýä ak bugdaýy, arabany, halyny, meşhur bedewleri, «Oguznama», «Görogly» ýaly eserleri, Oguz han elipbisini, algebra ylmyny we başgalary beripdir. Iň gadymy döwürlerde ýüze çykan paleolit we mezolit medeniýetleriniň esasynda dörän neolit rewolýusiýasy türkmen topragynda medeni ösüşlere uly itergi berýär, siwilizasiýanyň ilkinji merkezleriniň ýüze çykmagy üçin zerur şertleri döredýär.

Türkmenistanyň çäginde şeýle siwilizasiýalaryň ençemesi döräp, olaryň ilkinjisi Altyndepe siwilizasiýasydyr. Türkmenistanyň häzirki Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Altyndepe medeniýeti siwilizasiýa bildirilýän ähli talaplara doly gabat gelýär. Bu ýerde siwilizasiýanyň esasy alamatlary hasap edilýän döwlet guramasy, hökümdar, döwlet işgärleri, sosial gatlaklar, dini taglymat, din wekilleri, hat-ýazuwyň alamatlary bolupdyr. Altyndepe siwilizasiýasynyň möhüm maddy gazananlary düýpli binagärlik sungatynda öz beýanyny tapypdyr. Täsin binalaryň biri-de ybadathanalar toplumyndaky minara– zikkuratdyr. Onuň beýikligi 12 metre, diametri bolsa 28 metre barabar bolupdyr.

Altyndepede amaly-haşam sungaty ösüpdir. Bize gelip ýeten sungat önümi gözellik we täzeçillik garaýyşlarynyň gymmatlyklarydyr. Biziň günlerimize gelip ýeten altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan sünnälenip ýasalan senetçilik we hünärmentçilik önümleri, daşy-içi nagyşlar we suratlar bilen bezelen gap-gaçlar, adamlaryň we haýwanlaryň şekilleri, çekilen suratlar, aýratyn hem altyndan ýasalan kiçi göwrümli, kinniwanja öküziň hem-de möjegiň heýkelçeleri görenleri haýran galdyrýar. Altyndepede hat-ýazuwyň ilkinji alamatlary-da ýüze çykýar. Ilatyň dini garaýyşlarynda köphudaýlylyga uýmak, tebigatyň güýçlerine, Asmana, Aýa, Güne we akar suwa çokunmaklyk däpleri bolupdyr.

Goňurdepe. Miladydan öňki III müňýyllykda Murgap derýasynyň aşak akymlarynda özboluşly hem-deösen Marguş siwilizasiýasy emele gelipdir. Bu döwletiň paýtagty Goňurdepe şäheri bolupdyr. Goňurdepäniň daşyna kuwwatly gala diwarlary aýlanylypdyr. Galanyň içinde merkezi dolandyryş edarasynyň ýerleşen ýeri bolan köşk toplumy, ybadathana we köp otagly ýaşaýyşjaýlary bolupdyr. Goňurdepäniň merkezinde ýerleşen patyşa köşgi ýaly ymarat entek Orta Aziýanyň hiç ýerinde bolmandyr. Goňurdepelileriň özboluşly çeper medeniýeti bolupdyr. Marguş ýurdunyň ýaşaýjylary şadyýan durmuşy, gözelligi söýüpdirler, owadan hem-de sypaýy geýinmegi halapdyrlar. Olar nepis edilip dokalan matalardan tikilen gelşikli geýimleri geýipdirler. Gyz-gelinler dürli şaý-sepleri dakynypdyrlar. Bu ýerde senetçilik we hünärmentçilik hem ösüpdir. Zergärler, külallar, demirçi ussalar gymmat bahaly nepis önümleri öndüripdirler, dürli görnüşli möhürleri ýasapdyrlar. Goňuryň ilaty zoroastrizm, ýagny otparazçylyk dinine uýup, ot hudaýy Ahuramazda sygynypdyrlar.

Parfiýa medeniýeti. Antik döwründe Türkmenistanyň çäginde gülläp ösen Parfiýa medeniýeti kemala gelýär. Bu medeniýetiň ýüze çykmagy Parfiýa döwletiniň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Miladydan öňki 250-nji ýylda doganlar Ärsak bilen Tridat Parfiýa döwletini esaslandyrýarlar we Parfiýa medeniýetiniň düýbüni tutýarlar. Aşgabadyň golaýyndaky Nusaý şäheri döwletiň paýtagty diýlip yglan edilýär. Ösen medeniýetiň merkezi bolan Nusaýda binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyýaly ugurlar uly ösüşlere eýe bolupdyr. Parfiýanyň medeniýetiwe sungaty ellinistik hem-de ýerli medeniýetleriň özara sazlaşykly utgaşmagynda kemala gelipdir. Parfiýada binagärlik sungaty ýokary derejä ýetipdir. Nusaý iki şäherden ybarat bolup, birine Köne Nusaý, beýlekisine bolsa Täze Nusaý diýlipdir. 15 ga meýdany tutýan baýryň üstünde gurlan Köne Nusaýda inedördül köşk ýerleşip, onuň üçegini dört sany kuwwatly sütünler saklap durupdyr. Bu ýerde patyşa köşgi, ybadathana, döwlet diwany, hökümdaryň hazynasy ýerleşipdir. Täze Nusaýda şäher ilaty, senetçiler we söwdagärler ýaşapdyrlar. Nusaýyň ösen heýkeltaraşlyk sungaty bolupdyr. Beýlekisiwilizasiýalardan tapawutlylykda, bu ýerde uly göwrümli heýkeltaraşlyk sungaty ýaýbaňlanypdyr. Olar, esasan, bişirilen toýundan we mermerden ýasalan gözel önümler bolupdyr. Patyşa gyzy Rodogunanyň we ýene bir zenan heýkelleri, köşkleriň diwarlarynyň tekjelerinde goýlan mermer heýkeller, Nusaýyň özüniň ajaýyp sungat eserleri bilen şöhratlanandygyna şaýatlyk edýär. Bu ýerde nakgaşçylyk sungaty hem ýokary derejä ýetipdir. Suratçylar görenleri haýran edýän şekilleri döredipdirler. Köşkleriň hem-de ybadathanalaryň içiniň we daşynyň diwar bezegleri keramikadan, çüýşeden, metaldan, toýundan ýasalan önümler bilen bezelipdir. Şirmaýydan edilen ritonlaryň we teňňeleriň ýüzüne çekilen dürli görnüşdäki we mazmundaky suratlar saklanyp galypdyr. Munuň özi şol döwrüň adamlarynyň gözellik dünýäsiniň we dünýägaraýyşlarynyň juda baý bolandygyna şaýatlyk edýär. Parfiýanyň özüniň ýerli hat-ýazuwy hem bolupdyr. Nusaýlylaryň dini ynançlary otparazlyk bilen baglanyşykly bolup, olar hem edil Altyndepe döwründäki ýaly Güne, Aýa, suwa we ata-babalaryň ruhuna sežde edipdirler.

Türkmen halkynyň gadymy heýkeltaraşlyk, binagärlik sungatlary barada aýdylanda, Bilge Kaganyň we Külteginiň ruhuna bagyşlanan mazar daşlary, sütünler we ymaratçylyk ýadygärlikleri şu wagta çenlisaklanyp galypdyr.

Edebiýat. Türkmen halkynyňgadymy zamanlarda döreden kyssaeserleri – şadessanlary we dessanlary bolupdyr. Şolardan esasylary «Oguznama» we «Gorkut ata» eserleridir. «Oguznamada» türkmenleriň gelip çykyşy, türkmen halky bilen dünýä halklarynyň taryhy aýrylmaz baglanyşykda bolandygy, türkmenleriň döreden medeni gymmatlyklary, dünýäniň dürli ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeniwe diplomatik gatnaşyklaryalyp barandygy beýan edilýär. Ata-babalarymyzyň çeper döredijiliginiň miwesi bolan «Gorkut ata» kitaby häzirki wagtda-da öz gadyr-gymmatyny ýitirenok. Onda ahlak medeniýetiniň esaslary bolan ýagşylyk-ýamanlyk, adalatlylyk-adalatsyzlyk, utanç-haýa, borç ýaly düşünjeler açylyp görkezilýär. «Awesta» kitaby gadymy türkmen edebiýatynyň dünýä belli nusgalarynyň biridir. Bu kitap Gadymy Marguşda Zaratuştra tarapyndan ýazylyp, onda täze dörän zoroastrizm dininiň kada-kanunlary, ynanç esaslary beýan edilipdir. Kitabyň mazmuny dualistik ynançlara, ýagny ýagşylyk bilen ýamanlygyň, ýagtylyk bilen tümlügiň özara göreşine daýanýar. Ýagşylygyň başynda Ahuramazda pygamber, ýamanlygyň başynda bolsa Ahriman durýar. Netijede, adamyň durmuşy hem-de adamy gurşap alan dünýä ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky göreş hökmünde janlandyrylýar. Awestanyň ahlak medeniýetiniň kadalary adamlary ýagşy işlere, ýagşy niýetlere we sagdyn durmuşa çagyrýar. «Ergenokon» dessany türkmen halkynyň gadymyýetde döreden ajaýyp edebi eserleriniň biridir. Onda türkmen halkynyň gadymy ýaşaýyş-durmuşy we geçmiş taryhy beýan edilýär.

Saz sungaty. Türkmen halkynyň juda baý aýdym-sazsungaty bardyr. Bu sungatyň wekilleri gadymy döwürlerdenbäri adamy gurşap alan dünýä, adamlaryň içki dünýäsini, begenç-gynanç, söýgi-ýigrenç we mertlik-namartlyk duýgularyny ses, owaz, saz arkaly şöhlelendiripdirler. Gadymy we orta asyrlarda türkmen aýdym-saz medeniýetiniň gazananlary beýik sazandalar hem-de bagşylar bolan Barbutyň, Baba Gammaryň we Aşyk Aýdyň piriň ady we döredijiligi bilen baglydyr. Barbut meşhur sazanda, kompozitor, şahyr, saz nazaryýetçisi we taryhçysy bolupdyr. Bar bolan maglumatlara görä, ol her gün bir, birýylda bolsa 360 mukamdyr aýdymlary döredipdir.Türkmeniň ady belli bagşylarynyň biri Aşyk Aýdyň pirdir, beýlekisi bolsa Baba Gammardyr. Olaryň durmuş ýolary barada halk gürrüňlerinde, edebi eserlerde baý maglumatlar berilýär. Aşyk Aýdyň piriň durmuş ýoly hakynda «Nejeboglan» dessanynda gürrüň berilýär. Piriň özüniň sazçylyk mekdebi bolup, onda ýaş bagşylar okadylyp terbiýelenipdir. Mekdebe kabul edilende, dalaşgärler kyn synaglardan geçirilipdir.

Beýik Seljuklar döwletiniň medeniýeti. Seljuk hökümdarlarynyň alyp baran beýik işleri yslam dininiň we dünýä medeniýetiniň ösmegine, türkmen medeniýetiniň dünýä ýaýramagyna uly täsir edipdir. Seljuklar diňe bir yslam medeniýetini kabul etmek bilen çäklenmän, yslamy gorap saklamagy we musulman medeniýetini ýaýratmagy özleriniň esasy wezipesi edip goýupdyrlar. Bu işde seljukly hökümdarlaryň özleri şu wezipäni amala aşyrmagyň söweşjeň esgerleri hökmünde şahsy görelde görkezipdirler. Şöhratly hökümdar we serkerde Alp Arslan Rumystana we Kawkaz sebitlerine ýörişleri geçirip, şol ýerleri kuwwatly türkmen şadöwletiniň düzümine goşýar. Bu ýerlerde türkmenler ýurt tutunanlaryndan soň, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna türkmen we yslam medeniýeti ymykly ýaýraýar. Seljuklar döwründe dörän gymmatlyklar dünýä medeniýetine goşulan uly goşantdyr. Şol döwürde baý many‑mazmunly medeni durmuş emele gelýär, şol durmuş bolsa XII–XIII asyrlarda Wizantiýanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna-da aralaşýar.

Edebiýat, ylym we kitaphanalar. Asyrlaryň dowamynda türkmen halky baý edebi mirasy kemala getiripdir. Bu edebiýat türkmen diliniň esasynda kemala gelip, onuň ösüşine arap we pars edebiýaty uly täsir edipdir. Çeper edebiýatyň, ösen şygryýetiň mekany soltanlaryň köşklerinde ýerleşipdir. Köşklerde soltanlaryň hemaýatynda atly söz ussatlary işläpdirler. Soltanlaryň özleri-de şahyrçylyk edip, ençeme goşgy-gazallary döredipdirler. Edebiýat musulman Gündogarynyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, dünýewi we sopuçylyk şygryýetlerine bölünipdir. Reşideddin Watwat, Muezzi, Enweri, Mähesti ýaly söz ussatlary köşk şygryýetiniň meşhur wekilleri bolupdyrlar. Jelaleddin Rumy, Nyzamy Genjewi, Hoja Ahmet Ýasawy, Şyh Attar, Mäne Baba – sopuçylyk edebiýatynyň beýik söz ussatlarydyr.  Bu döwürde türki dilli edebiýat hem rowaç alypdyr. Ýusup Balasagunly «Kutadgy bilik» we Mahmyt Kaşgarly «Diwanylugat at-türk» atly ajaýyp eserlerini döredipdirler.

Türkmen edebiýaty XVII–XVIII asyrlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Bu döwürde jemgyýetçilik-syýasy pikirler ösüp kämilleşýär. Bu pikirleriň ýokary derejesi beýik türkmen akyldarlary Nurmuhammet Andalybyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Mollanepesiň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr.

Andalybyň jemgyýetçilik syýasy pikirlerinde esasy üns medeniýetiň taryhy hakydasyna çekilýär. Şahyryň eserlerinde hakyda bilen unudylyş düşünjeleri açylyp görkezilip, unudylma medeniýetiň ýitirilmegi hökmünde baha berilýär. Andalybyň öňe sürýän pikirine görä, her halk, her biradam özüniň aslynyň, nesilbaşysynyň kimdigini, aslynyň niredendigini, öz halkynyň adamzat medeniýetine nämeleri berendigini, dünýä medeniýetinden nämeleri alandygyny bilmeli. Aslyny unudan adam medeniýetini ýetiren, hakydasyny saklap galan bolsa, ata-babalarynyň döreden gymmatlyklaryny dowam etdirip ýören hasaplanýar. Şu piker Andalybyň döreden «Oguznamasynyň» içinden eriş-argaç bolup geçýär. Andalyp medeniýetiň gelip çykyşy barada gymmatly pikirleri öňe sürüpdir. Onuň pikirine görä, medeniýet diňeaňly-düşünjeli adam peýda bolandan soň, uzak taryhy ýoluň geçilmeginiň dowamynda emele gelipdir. Şahyr medeniýetiň, sungatyň ösmegine tehnikanyň uly täsiriniň bardygyny hem belleýär.

Milli ruhy medeniýeti, aň-düşünjäni ösdürmekde Döwletmämmet Azadynyň hem uly hyzmatlary bardyr. Akyldaryň «Wagzy–Azat» eserinde ruhy medeniýetiň ähli ugurlaryna degişli düşünjeleriň adamlaryň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine edýän täsiri dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär. Şahyryň: «Salsa ol göwher içige her pakyr,Ýagtylar jümle beden birle damar» diýen setirlerinde ylmyň kämilleşdiriji güýji görkezilýär. Azady terbiýäni ahlak hem‑de gözellik medeniýetlerini özleşdirmegiň möhüm serişdesi hasaplaýar. Ol «Ata–ogul» gatnaşyklarynyň esasynda «40 borç» kadasyny işläp düzüpdir.

Magtymguly Pyragynyň dünýä pelsepesiniň genji-hazynasyna öwrülen baý döredijilik mirasy adamzat medeniýetiniň ösüşinde mynasyp orun eýeleýär. Onuň eserleri ensiklopedik häsiýetli bolup, bilimleriň ähli görnüşlerini özünde jemleýär. Magtymgulynyň döwründe türkmen jemgyýetiniň öňünde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan üç mesele örboýuna galypdyr: dagynyk halky birleşdirmek, özbaşdak döwlet edinmek hem-de halkyň hal‑ýagdaýyny gowulandyrmak. Bu meseleler döwrüň medeni mazmunyny we ösüş ýoluny kesgitläpdir.

Akyldaryň eserlerinde şahsyýetiň medeniýeti barada aýdylyp, içki-daşky medeniýetiň manysy düşündirilýär we içki medeniýetiň ilkinjidigi bellenýär. Şahyr şahsy medeniýeti ösdürmekde edebiýata we sungata uly ähmiýet berýär. Mysal üçin, ol kitabyň gudrata ýugrulan güýjüni belläp: «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýýär. Bu meselede özara gatnaşygyň, gürrüňdeşligiň we bileleşip işleşmegiň ruhy ösüşe edýän täsiri görkezilýär. Şahyryň «Kämil tapsaň goý ýolunda başyňny, är ýanynda gezseň är dek bolar sen» diýýän setirleri aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top