Tebigy we fiziki hadysalar

Biziň daş-töweregimizi gurşap alan dünýä dürli tebigy hadysalardan doludyr. Günüň dogmagy, ýaşmagy, Yeriň öz okunyň daşynda aýlanmagy, Aýyň, ýyldyzlaryň görünmegi, olaryň hereket etmegi, bulutlaryň emele gelmegi, ýagşyň we garyň ýagmagy, ýyldyrymyň çakmagy, gögüň gürlemegi, howanyň gyzmagy-sowamagy, suwuň doňmagy, buzuň eremegi, ýeliň bolmagy we beýlekiler tebigatda bolýan hadysalardyr. Bularyň hemmesi tebigy hadysalardyr.

Fizikada mehaniki, ýylylyk, ses, elektrik, ýagtylyk we beýleki hadysalar öwrenilýär. Fiziki hadysalaryň käbir mysallaryna garap geçeliň. Kolba suw guýalyň we ony ştatiwe berkidip, aşagynda spirt çyrasyny ýakalyň. Suw gyzar. Bu fiziki hadysadyr. Suwy gyzdyrmagymyzy dowam etdirsek, onuň içinde düwmejikler emele gelip, suw bugaryp başlar. Düwmejikleriň we buguň emele gelmegi-de fiziki hadysadyr. Çüýşe gabyň agzyny dyky bilen ýapyp, dykynyň içinden egreldilen aýna turbajygyny geçireliň. Turbany aýna bölegine tutsak, onda aýna bug urlup, onuň ýüzünde suw damjalary emele gelip başlar.

Buguň suwa öwrülmegi hem fiziki hadysadyr. Eger suwy has sowatsak, onda ol doňar, buza öwrüler. Metaly, meselem, gurşuny gyzdyryp, ony eredip bolar. Bular hem fizi|ki hadysalardyr. Bu hadysalaryň hemmesine ýylylyk hadysalary diýilýär.

Elimizde saklap duran islendik zadymyzy, mysal üçin, polat şary elden sypdyrsak, ol ýere gaçar. Onuň duran ýeri üýtgedi, hereket etdi. Üýtgeme – bu hereketdir. Sapakdan asylan ýüküň yrgyldamagy, sallançagyň üwrelmegi, puržiniň gysylmagy we ýazylmagy, ýel degirmeniniň çarhynyň aýlanmagy, maşynlaryň ýöremegi, gämileriň suwda ýüzmegi, çüwdürimden (fontandan) suw çüwdüriminiň ýokary galmagy, uçarlaryň we raketalaryň uçmagy we başgalar mehaniki hadysadyr.

Dutaryň kirşine kakylanda kirşiň yrgyldap seslenmegi, gyjagyň, gopuzyň çalnanda seslenmegi, adamyň gürlemegi, radionyň aýtmagy, gök gürlemegi netijesinde sesiň çykmagy – bular ses hadysalarydyr. Magnitiň demri dartmagy, kompasyň diliniň demirgazygy we günortany görkezip durmagy magnit hadysalarydyr.

Elektrik çyrasynyň ýanmagy, elektrik ütüginiň, elektrik pejiniň gyzmagy, elektrofor maşynyny aýlanymyzda onuň şarjagazlaryndan uçgunyň çykmagy, bularyň hemmesi elektrik hadysalarydyr. Jemläp aýdanymyzda bularyň ählisine fiziki hadysalar diýilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan, 6-njy synplar üçin “Fizika” dersi boýunçe okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top