Tebigatda we durmuşda elektrik hadysalary

Demirgazyk şapagy. Tebigatda elektrik hadysalary yzygider bolup durýarlar. Ýeriň polýuslaryna ýakyn bolan ýaşaýjylar atmosferanyň ýokary gatlagynyň käte ýagtylanýandygyny görýärler. bu ýagtylanma demirgazyk şapagy diýilýär. Ol Älem giňişliginden gelýän zarýadly bölejikleriň Ýeriň atmosferasynyň ýokary gatlaryndaky bölejikler bilen özara täsiriniň netijesinde döreýär.

Ýyldyrym. Ýyldyrymyň çakmagy hem tebigatda ýüze çykýan elektrik hadysalarynyň biridir. Ýyldyrymyň çakmagy iki buludyň, käte-de bulut bilen Ýeriň arasynda bolýar. Atmosferadaky suw «tozanjyklary » özleriniň hereketleri zerarly elektriklenýärler. Olaryň owunjak damjajyklary otrisatel, irileri bolsa položitel zarýadlanýar. Şu hili zarýadlanan bölejikleriň arasynda güýçli elektrik meýdany ýüze çykýar. Zarýadly bölejikler döreýär. Howadan güýçli elektrik togy akýar, ol gyzýar we ýagtylanýar. Netijede, ýyldyrym çakýar. Ýyldyrymyň Ýer aralygynda çakmagy howpludyr. Ýyldyrymyň köp çakýan ýerlerinde jaýlary ýyldyrymdan goramak üçin ýörite «ýyldyrym sowujy» desgalar gurýarlar.

Keramatly Elmanyň otlary. Atmosferada döreýän zarýadlar, esasan, ýiti uçlara ýygnanýarlar we olar häsiýetli şytyrdy bilen seslenip ýagtylanýarlar. Deňiz gämileriniň ýelken dakylýan gurnawlarynyň uçlarynyň şeýle ýagtylanyşyna duş gelinýär. Muňa «Keramatly Elmanyň otlary» diýilýär.

Tehnikada elektrik hadysalary. Zarýadlaryň şeýle ýüze çykmagyny durmuşda we tehnikada hasaba alýarlar. Sürtülýän üstler zarýadlanýarlar. Olaryň arasynda uçgunjyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Bu hadysany egirme-dokma fabriklerinde nazarda tutýarlar. Ýüplük, ýüň, ýüpek we şuňa meňzeş sapaklar sürtülip zarýadlanýarlar we iklere, roliklere dartylyp üzülýärler. Ýüplükler zarýadlanyp, tozanlary özüne çekýär we hapalanýar. Sapajyklaryň zarýadlanmagynyň garşysyna ýörite çäreler görülýär. Nebit daşalýan demir ýol sisternalaryna, nebit önümlerini çekýän maşynlara benzin, kerosin guýlanda hem zarýadlaryň toplanyp, ýangynyň döremegi mümkin. Munuň garşysyna çäreler görmeli bolýar. Maşynlara benzin guýlanda ýa-dagapda benzin çaýkananda ol zarýadlanýar. Maşynyň daşynyň howa bilen sürtülmegi zerarly onda uçgunyň döremegi ähtimal. Munuň öňüni almak üçin benzin daşaýan maşynlaryň yz tarapyndan ýörite demir zynjyrlar berkidilip, onuň üç halkasyny ýerde süýrenip gider ýaly edýärler. Sürtülme arkaly döreýän elektriklenme çap ediş işlerinde hem äşgär ýüze çykýar (kagyz listleri elektriklenip, bir-birine ýelmeşýär we şuňa meňzeşler). Jisimleriň sepleşende elektriklenmegi häzirki zaman göçüriji (kopiýalaýjy) gurluşlarda giňden peýdalanylýar. durmuşda elektrik hadysalary. Gury saç plastmassa darak bilen daralanda, saç bilen darak özara sürtülip, elektrik hadysasy ýüze çykýar. bu ýagdaý, aýratyn hem, gelin-gyzlar saçlaryny daranlarynda has äşgär duýulýar, uçgunjyklar çykýar, şytyrdy eşidilýär, hatda olaryň saçlarynyň uçlarynyň ýanmagy hem mümkin. Sintetik köýnek eginden çykarylanda, aýratyn hem, sintetik köýnegiň üstünden geýlen ýüň daşky geýim çykarylanda häsiýetli şytyrdy eşidilýär, garaňkyda çykarylsa, uçgunjyklar hem görünýär. bu köýnek bilen tenimiziň, daşky geýimiň sürtülmeginden döreýän elektrik hadysalarydyr. Şu hadysa sebäpli sintetik matalardan köýnek geýen adamlar ýöräninde sürtülme emele gelip, geýim endamyna ýelmeşýär, gaty ýörelende bolsa köýnek aýaklara ýelmeşmek bilen, ädim ätmäge-de päsgel berýär. Polietilen haltajygyň üstüni kagyz bilen süpürip, onuň agzyny açjak bolsaň, iki tarapy bir-birine ýelmeşen ýaly bolup açylmasy kynlaşýar. Bir-biriniň içine salnan kapron joraplary çykaryp, hersini bir elimizde sallap dursak, olar giňelýän ýaly bolar. Çagalaryň çişirilgi şaryny gury elimiz bilen sürtüp, bir ýere (meselem, diwara) degirsek, ol uzak wagtlap ýelmenen ýaly durýar. Ýanymyza myrlap gelen pişijegimizi sypalasak hem häsiýetli şytyrdy eşidilýär, gijelikde uçgunjagazlary görmek bolýar. Durmuşda şulara meňzeş elektrik hadysalarynyň ýüze çykyşlaryny saýgarmak üçin yzygider eserdeňlik gerekdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Fizika” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top