Täze döwrüň Günbatar Ýewropa medeniýeti

ХVII asyryň ylmy açyşlary we medeniýetde rasionalizm.Täze taryh döwründe Günbatar Ýewropa medeniýetiniň ösüşine ylmy açyşlar uly täsir edipdir. Olaryň arasynda nemes astronomy Iogann Kepler (1571–1630) özüniň möhüm açyşlary bilen tapawutlanypdyr. Ol planetalaryň hereketini we astronomiýanyň birnäçe kanunlaryny açypdyr. Ol Aýyň-Günüň tutulmagynyň sebäplerini öwrenmegiň esasyny goýupdyr we teleskopy oýlap tapypdyr.

Italýan alymy Galileo Galileý (1564–1642) Ýewropada tebigy we takyk ylymlary öwrenmegiň esasyny goýupdyr. Ol sholastika bilen ýiti jedellere giripdir, akyl ýetirmekde tejribäni esas hasaplapdyr. Galileý döwrebap mehanikanyň esasyny goýupdyr. Alym inersiýanyň kanunyny kesgitläpdir, maýatnigiň yrgyldylarynyň izohroplygyny açypdyr.  Ol 30 essedenem ulaldyp görkezýän teleskopy gurupdyr. Galileý Ýupiteriň dört hemrasyny, Weneranyň (Zöhre ýyldyzynyň) bolsa fazalaryny açypdyr.

Iňlis himigi hem-de fizigi Robert Boýl (1627–1691) alymlaryň  London korollyk jemgyýetini esaslandyrypdyr. Ol 1661-nji ýylda ilkinji bolup himiki elemente ylmy taýdan kesgitleme beripdir. Himiýada synag usulyny geçiripdir we himiki seljermäniň başlangyçlaryny goýupdyr. Şunuň netijesinde ol himiýanyň ylym hökmünde ýola goýulmagyna öz goşandyny goşupdyr. Alym gazyň kanunlarynyň birini (Boýl-Mariottyň kanuny) takyklapdyr.

Tebigy hem-de takyk ylymlarynda açyş eden alymlaryň biri hem iňlis fizigi we matematigi, mehanikanyň we astronomiýanyň nazary esasyny döreden, bütindünýä dartyş kanunyny açan, differensial we integral hasaplamalary işläp düzen, aýna teleskopy oýlap tapan we optika boýunça synaglary geçiren Isaak Nýutondyr (1643–1727). 1687-nji ýylda Nýutonyň  «Tebigy filosofiýanyň matematiki başlangyçlary» atly uly işi çap edilipdir. Günbatar Ýewropa ýurtlarynda tebigy we takyk ylymlary öwrenmäge bolan islegler rasionalistik garaýyşlaryň ösmegine getiripdir.

Rasionalizm – pikiri aňyň ýeke-täkçeşmesi hasaplaýan filosofik akymdyr. Iňlis filosofy we materialisti Tomas Gobbs (1588–1679) rasionalizmiň görnükli wekilidir. Onuň üçin geometriýa we mehanika ylmy pikirlenişiň ideal nusgalary bolupdyr. Alym «Filosofiýanyň esaslary» (1642–1658), «Raýat hakynda» (1642), «Adam hakynda» (1658) diýen esasy eserlerini ýazypdyr. Ol materializmiň mehanikaçylyk ulgamyny döredipdir. Ol akyl ýetirişiň iki görnüşini: rasionalistik mehanikanyň logiki deduksiýasyny (umumy netijeden hususy netijä gelme, umumy pikirlerden çykarylýan hususy logiki netije) we fizikanyň empiriki induksiýasyny (elektrik ýa-da magnit meýdanyndaky toguň ýakynyndaky jisimlere täsiri) tapawutlandyrypdyr.

Görnükli iňlis filosofy Jon Lokk (1632–1704) liberalizmi esaslandyryjydyr. Ol akyl ýetirmegiň empiriki nazaryýetini işläp düzüpdir. Ol adamyň biliminiň onuň tejribesinden gelip çykýandygyny tassyklapdyr. Ol akyl ýetirişiň empiriki nazaryýetini we liberalizmiň ideýa-syýasy doktrinasyny işläp düzüpdir. Jon Lokkuň 1690-njy ýylda ýazan esasy işi «Adamyň akyl ýetirişiniň tejribesi» diýlip atlandyrylyp, onda adamyň akyla, paýhasa salgylanmak esasynda mümkinçilikleri we görnüşleri beýan edilipdir.

Magaryf eýýamynda filosofiýanyň ösmegi. Magaryf zamanynyň fransuz ýazyjysy we filosofy Wolter (Mari Fransua Arue, 1694–1778) ynsanperwerlik ylymlaryň ösmegineägirt uly goşant goşupdyr. Ol özüniň «Filosofiki hatlarynda» Angliýanyň jemgyýetçilik gurluşy barada ýazypdyr. Wolter Jon Lokkuň, Isaak Nýutonyň garaýyşlarynyň tarapdary bolupdyr. Onuň «Lýudowik XIV-niň asyry», «BeýikPýotryň patyşalyk eden döwründe Russiýanyň taryhy» atly işlerinde ýewropa taryhnamasynyň esasy döwürleri beýan edilipdir. Alym onda esasy ünsi korollara, serkerdelere däl‑de, halkyň taryhyna, onuň adatlaryna, däp-dessurlaryna, medeniýetine beripdir. Wolter özüniň estetikasynda we dramaturgiýasynda XVII asyryň nusgawyçylyk däplerini dowam etdiripdir, tragediýalaryny syýasy we filosofiki pikirlerden doldurypdyr. Fransuz magaryfçysy, filosofy, şahyr hem-de kompozitor Žan Žak Russonyň (1712–1778) döredijiligi süňňi-durky bilen gumanizme ýugrulypdyr. Ol Parižde Deni Didro ýaly meşhur magaryfçylar bilen ensiklopediýalary ýazmakda ýakyndan hyzmatdaşlyk edipdir. Russo saz barada makalalary ýazypdyr. Ol pedagogiki «Emil» romanyny we «Jemgyýetçilikhakynda şertnama» atly syýasy eserini ýazypdyr. Onda ideal jemgyýet, azatlykdan şahsyýetiň däl-de, döwletiň peýdalanýandygy, ylalaşygyň esasynda adamyň döwletiň doly derejeli agzasyna öwrülýändigi görkezilipdir. Žan Žak Russo fransuz katolikleri we şweýsar protestantlary tarapyndan yzarlanypdyr. Ol ýaşaýyş-durmuş we jemgyýet hakyndaky garaýyşlaryny filosofiki traktatlarynda beýan edipdir.

Meşhur fransuz ýazyjysy hem-de filosofy Deni Didro (1713–1784) magaryfçylygyň taryhynda uly yz galdyrypdyr. 1751-nji ýylda Fransiýada «Ylymlaryň, sungatlaryň we senetleriň ensiklopediýasy» atly kitabyň ilkinji jiltleri çap edilýär.  Bu kitaby çap etmek pikiri filosof Deni Didro bilen matematik D. Alembere degişlidi. 1772-nji ýylda bu kitap doly ýazylyp gutarylýar. Kitap jemi 35 jiltden ybarat bolup, oňa 200-den gowrak ýazar gatnaşypdyr. Olaryň arasynda Wolter, Russo ýaly beýik akyldarlaryň işleri hem ýerleşdirilipdir. «Ensiklopediýada» matematika, astronomiýa, fizika, himiýa, geografiýa, şeýle hem senagat önümlerini işläp taýýarlamagyň, oba hojalygyny ýöretmegiň usullary beýan edilipdir. «Ensiklopediýanyň» ýazarlary akyl-paýhas, magaryf we ylym adamyň döredijilikli işiniň özeni bolmalydyr diýip tassyklaýarlar. Bu kitapda awtorlar ylmy-tehniki ösüşiň XVII–XVIII asyrlardaky netijelerini, döwrüň täze jemgyýetçilik-syýasy taglymatlaryny, şahsyýetiň eldegrilmesiz hukuklaryny, häkimiýetde halk wekilçiliginiň zerurlygyny görkezipdirler. Onda fransuz daýhanlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýaramazdygy we salgytlaryň olaryň hojalygyny çökerýändigi barada hem maglumatlar berilýärdi.

1773-1774-nji ýyllarda D. Didro Ýekaterina II-niň çakylygy bilen Russiýa gelýär. Ol Ýekaterina II-niň içeri syýasatyna täsir etmäge çalşypdyr, rus daýhanlaryna erkinligiň berilmegini, liberal özgertmeleriň geçirilmegini gazanmak isläpdir. Deni Didro «Materiýanyň we hereketiň filosofiki ýörelgeleri» we «Fiziologiýanyň elementleri» kitaplaryny ýazypdyr. Bu kitaplarda materialistik ideýalar agdyklyk edýärdi. Ol Çarlz Darwinden öň biologiki ewolýusiýa baradakyçaklamany aýdypdyr.D.Didro adamyň kemala gelmeginde terbiýä uly bahaberipdir. Ol çaganyň ösüşinde anatomiýa-fiziologik aýratynlygyň ähmiýetininiň uludygyny belläpdir, terbiýäniň köp zady ýerine ýetirip biljekdigini aýdypdyr. Alym çaganyň tebigy ukybyny görkezmek üçin, oňa doly derejede ösüşi üpjün etmelidigini nygtapdyr. Ol halkyň bilimi barada «Uniwersitetiň meýilnamasy ýa-da jemagaty ylmy okatmakda Russiýa häkimiýeti üçin mekdepler» hakynda pikirleri orta atypdyr. Didro Peterburgda bolanda Ýekaterina II-niň haýyşy boýunça «Ýaş gyzlar üçin mekdepler», «Aýratyn terbiýe hakynda» diýen teklipler toplumyny beripdir. Ol halk magaryfy boýunça döwlet ulgamynyň taslamasyny düzüpdir. Deni Didro ählumumy başlangyç bilimini mugt etmek ýörelgesini öňe sürüpdir. Maddy üpjünçiligi pes adamlaryň çagalaryny başlangyç mekdeplerde mugt kitaplar, iýmit bilen üpjün etmegi, orta we ýokary okuw mekdeplerinde pul töleglerini tölemegi guramagy zerur hasaplapdyr. Ol orta mekdeplerde bilim ulgamyny okuw meýilnamasyna salmagy hödürläpdir. Mysal üçin, 1-nji synpda matematikany, 2-nji synpda mehanikany, 3-nji synpda astronomiýany esasy dersler hasaplapdyr.

Şarl Lui Monteskýe (1689–1755) tanymal fransuz magaryfçysy, hukukçy hem-de filosof bolupdyr. Ş.L. Monteskýe şahsyýetiň hukuklaryny häkimiýetleriň eden-etdiliklerinden goramaga aýratyn ähmiýet beripdir. Jon Lokkyň häkimiýetiň şahalara bölünmegi hakyndaky garaýyşlaryny ösdürmek bilen, Monteskýe döwlet häkimiýetiniň üç şahasy bolan kanunçylyk, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleri özbaşdak bolmalydyr, olar biri-birininiň wezipesini çalyşmaly däldirler diýip belleýärdi. Çünki häkimiýetiň bir adamyň elinde ýa-da bir döwlet edarasynda jemlenmegi,gürrüňsiz, häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanylmagyna, çäklendirilmedik ygtyýarlykly häkimiýetiň döremegine getirjekdi. Ş.L. Monteskýeniň öňe süren esasy garaýyşlarynyň düýp mazmuny häkimiýetiň ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy we kazyýet şahalaryna bölünmegi hakyndaky pikirdir. Onuň pikiriçe, korol häkimiýeti ýerine ýetiriji we gözegçilik ediji wezipeleri alyp barmalydy, kanun çykaryjy wezipe parlamente degişli bolmalydy, kazyýet bolsa koroldan we parlamentden özbaşdak hereket etmelidi. Ş.L. Monteskýe döwlet gurluşynyň üç görnüşi barada‑daaýdyp geçýär. Olar: respublika, monarhiýa we despotik döwletlerdir. Ol döwlet dolandyryşynyň respublikan gurluşyna has döwrebap usul hökmünde baha berýär. Ş.L.Monteskýe halkara hukugynyň ylym hökmünde kemala gelmegine hem uly goşant goşdy. Ol dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylykly gatnaşyklaryň ösdürilmegini ileri tutýar we dawaly meseleleriň uruşsyz çözülmegini wagyz edýär. Ş.L.Monteskýeniň öňe süren bu garaýyşlary halkara hukugynyň ylmy esaslaryny goýdy.

Nemes dramaturgy, sungatyň nazaryýetçisi, edebi tankytçy Gothold Efraim Lessing (1729–1781) nemes nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Ol basnýalarynda we epigrammalarynda dar düşünjelilik hem-de ýaramaz gylyk‑häsiýetleri paş edip ýazypdyr. Ýazyjy «Miss Sara Sampson»(1755) atly dramasyny, «Minna fon Barnhelm» (1767) komediýasyny,«Emiliýa Galotti» (1772) tragediýasyny ýazypdyr. Olarda ahlak häsiýetleri hakynda gürrüň edilipdir. Alym «Laokoon» (1766), «Gamburg dramaturgiýasy» (1767–1769) diýen eserlerinde magaryfçylyk realizminiň estetiki ýörelgelerini, ýokary gatlak wekilleriniň eden-etdiliklerini açyp görkezipdir.

Nemes şahyry, akyldary we tebigat hadysalaryny öwreniji Iogann Wolfgang Gýote (1749–1832) täze döwrüň görnükli magaryfçysy bolupdyr. Ol Germaniýada täze döwrüň nemes edebiýatynyň düýbüni tutýar, tebigy ylymlar boýunça ençeme çaklamalary öňe sürüpdir. Gýotäniň «Wenesiýa epigrammalarynda» Beýik fransuz rewolýusiýasy, «Ýoldaş general» dramasynda we «Nemes emigrantlarynyň söhbetdeşligi» (1794–1795) atly nowellasynda rewolýusion täzelenişiň gutulgysyzdygy barada ýazypdyr. Magaryfçy şol ýyllarda «Reýneks-Lis» diýen satiriki poemasyny ýazyp, onda ýokary gatlaklaryň eden-etdiliklerini paş edipdir. Gýotäniň üç jiltden ybarat «Italýan syýahaty» (1816–1829) diýen işi döwrüň ajaýyp eserleriniň biri hasaplanypdyr.

Nemes şahyry we dramaturgy Iogann Fridrih Şiller (1759–1805) magaryfçylyk sungatynyň görnükli nazaryýetçisi hasaplanypdyr. Ol Lessing hem-de Gýote bilen bilelikde nemes edebiýatynyň düýbüni tutujylar hasaplanypdyr. Onuň «Talaňçylar» (1781), «Fieskonyň dildüwşigi» (1783), «Hilegärlik we söýgi» (1784) atly dramalarynda azatlyga ymtylmak, adam mertebesini goramak, dolandyryşda düzgün-tertibe eýermek baradaky ynsanperwer pikirler beýanedilipdir. J.F. Şiller Beýik Fransuz rewolýusiýasy baradaky habary duýgudaşlyk bilen kabul edipdir, ýöne ony ýakobinçileriň diktaturasy uly howsala salypdyr. 1792-nji ýylda J.F. Şillere Konwent tarapyndan «Fransuz respublikasynyň hormatly raýaty» diýen at dakylypdyr. Ol estetiki terbiýäniň giňişleýin maksatnamasyny öňe sürüp, azatlyga tarap barýan ýoluň diňe gözelligiň üsti bilen amala aşýandygy, ýuwaş-ýuwaşdan jemgyýetçilik gurluşynyň aňly-düşünjeli adamsy edip terbiýeläp boljakdygy baradaky pikirleri aýdypdyr.

Görnükli iňlis ýazyjysy Semýuel Riçardson (1689–1761)öz durmuş ýoluny London çaphanasynda şägirtlikden başlaýar. Ol soňra hususy çaphananyň eýesi bolýar. Riçardsonyň eserlerinde magaryfçylyk we täzeçillik ideýalary güýçli duýlupdyr. Onuň ýedi jiltden ybarat «Klarissa» (1747–1748) romany şahyryň döredijiligini belende galdyrypdyr. S. Riçardson «Ser Çarlz Grandisonyň taryhy» diýen ýedi jiltden ybarat bolan beýleki bir eserinde položitel gahrymanlaryň keşplerini görkezmek isläpdir. Riçardsonyň döredijiligine Wolter we D.Didro uly baha beripdirler.

Ensiklopediýalaryň döredilmeginiň ähmiýeti. Mälim bolşy ýaly, ensiklopediýa ylmy maglumatlary we ulgamlaşdyrylan bilimleri özünde jemleýän neşirler toplumydyr. Ensiklopediýadaky maglumatlar elipbiý tertibi boýunça yzygiderlilikde ýerleşdirilip, olar bilimleriň hemme pudaklary boýunça gysgaça düşünjeler berýärler. Ensiklopedik sözlükler hem bolup, olar köp maglumatlary özünde jemläpdirler.

1751–1780-nji ýyllarda neşir edilen ensiklopediýanyň redaktorlary Deni Didro we Žan Leron D’Alamberdir. Onuň döredilmeginde Wolter, Etýen Bonno Kondilýak, Klod Adrian Gelwesiý, Pol Anri Golbah, Žan Žak Russo, An Rober Žak Týurgo, Giýom Toma Fransua Reýnal, Žorž Lui Leklerk de Býuffon dagylar işjeň gatnaşypdyrlar. Öňdebaryjy alymlar, şahyrlar, inženerler ysnyşykly hyzmatdaşlykda bolup, bu işe öz şahsy goşantlaryny goşupdyrlar. Ensiklopediýaçylar adamzadyň ýaşaýyş-durmuş we ylmy taýdan öňe gitmeginde uly hyzmat görkezipdirler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top