«Oguz Robot» Dubaýdan hoş habar bilen geldi

Oktýabr aýynyň 24-27-si aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «First Global Challenge 2019» atly robot tehnologiýalary bäsleşigi geçirildi.

Okeanlary arassalaýan robotlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige dünýäniň 190 döwletinden, şol sanda, Türkmenistandan hem ululy-kiçili robot toparlary gatnaşdy.

Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Ahmet Akyýew, Ahmet Amanow, Abraý Bakyýew, Ysmaýyl Berdiýew dagylar şol mekdebiň baýry mugallymlary Atamyrat Şahanowyň hem-de Berdimyrat Ýazhanowyň ýolbaşçylyk etmeginde özleriniň döreden «Oguz Robot» atly topary bilen bäsleşikde Ata Watanymyz Türkmenistanyň adyndan çykyş etdiler.

Bäsleşikde robotlar inženerçilik gurluşyna, berlen işi doly ýerine ýetirip bilijiligine, çalasynlygyna, innowasion gurluşyna, şeýle hem howpsuzlygyna we toparlaýyn iş alyp baryjylygyna görä derejelendirildi.

«Oguz Robot» berlen ýumuşlaryň ählisini üstünlikli ýerine ýetirip, altyn medal eýelemegi başardy.

Umuman alanymyzda, «Oguz Robotyň» bu ugurdan tejribesi bar. Ýadyňyzda bolsa, ol 2017-nji ýylda «First Global Challenge-iň» Meksikada geçen tapgyryna hem gatnaşyp altyn medal eýeläpdi.

Aşyr Saparow

Teswir ýaz

Scroll to Top