Güneş energiýasy

Güneş energiýasy häzirki günlerimizde “fotowoltaik” we “termal” diýip atlandyrylýan iki görnüşde peýdalanylýar.

Güneş energiýasynyň peýdalanylyşynyň “fotowoltaik” görnüşinde günden gelýän şöhleler göni toga öwrülip öýe ýaýraýar hem-de akumilýatorlarda saklanýar. Bu sistemany biz diňe yssy güneşli ýurtlarda ulanýarys. Biziň ýurdumyzda hem bu sistemany ulanylan ýagdaýynda elektrik togy has amatly bolar. Fotowoltaik sözüniň gysgaldylan görnüşi (PW)  diýip atlandyrylýar. Bu sistemda iň kiçi güneş paneliniň ölçegi 6×10  deňdir. Bu sistemada 100 sany 6×10-lyk panelden 365 watlyk energiýa alyp bolýar.

Güneşden gelýän toguň az ýa-da köp gelmeginiň sebäbi  panelleriň ululygyna baglydyr. Bu panelleriň peýdaly tarapy tok birden güýçlenip birden peselip durmaýar. Güneş panelleri günden gelýän şöhläniň 8% -ni kabul edip, 230 walt tok berýär. Eger howa has yssy bolup energiýa 8% -den köp bolsada artykmaç tok göýbermeýär. Paneller diňe 230 walt energiýa göýberýär. Galan energiýalary bolsa tok saklaýjy akumilýatorlara geçirip artykmaç tok hökmünde saklýar.

Soňky ýyllarda alymlar güneş panelleriniň täze görnüşini işläp düzdiler. Biz güneş energiýasyny köplenç güneşli ýurtlarda elektrik toguny almak üçin ulanýarys. Alymlaryň oýlap tapan täze güneş panelleriniň esasy aýratynlygy bolsa, güneşiň az bolýan ýurtlaryna niýetlenip çykarylmagydyr. Täze tok çeşmesi bu gezek suwy gyzdyrmak üçin günüň  ýylysyndan energiýa alýar. Gün energiýasyny peýdalanmagyň bu usulyny, 2012 nji ýylda Grid Parity diýen alym oýlap tapdy we bu taslamasyna öz adyny goýdy. Bu ulgama iňlisçe “GRID PARITY” diýilýär.

Güneş energiýasynyň peýdalanylyşynyň “termal” görnüşinde bolsa suwy ýada başga zatlary gyzdyrmak üçin gazdan peýdalanman güniň şöhlesinden peýdalansak bolar. Bu sistema diňe suwy ýylatmak üçin dälde eýsem öz öýmüzi, gaz peçsiz hem ýyladyp bileris. Meselem: Ýyladyş ulgamynda atapleniýa usuly bar, biz atapleniýanyň suwyny gaz peçlerde ýylatman güneş panellerini peýdalansak has amatly bolar. Gaz ulanmaýanymyz üçin hem çykdajymyz az bolar, hem-de ekelogiýa we daşky gurşawy hapa howadan goradygymyz bolar. Güneş panelinde ulanylýan materiallar Kristal silikon we geliýuw arsenitdir. Aslynda güneş panelleri düz ýa-da tekiz däldirler olaryň içi oýgançak aýnadyr we olaryň üstünden düz tekiz aýnalary goýýarlar.  Aşaky aýnasy oýgançaklygynyň sebäbi günden gelýän şöhleleri gowy özine kabul eder ýaly goýýarlar hem-de ýagtylygy özüne gowy çekýän materiallary goýýarlar.

Güneş paneliniň gelip çykyşy:

1839-njy ýylda Aleksandr Edmond tarapyndan oylanyp düzüldi aslynda ol güneş panelinden elektrik togy almagy başarmady, ýöne günden gelýän şöhläni ulanmagy oylap tapan ilkinji alymdyr. Ol ilki güneş paneliniň materiallaryny toplady we olaryň üstünde işledi we ol güneş paneliniň aňsat däldigini bildi we ýönekeýje görnüşini çykardy. Onuň ýasan görnüşi günden az tok alýardy 3 wolt. Soňra 1873-nji ýylda täzeden Willoughey Smith täze görnüşini çykardy. Ol ýagtylykdan dälde günüň ýylylygyndan energiýa almaga synanşdy. 3 ýyldan soň 1876-njy William Gryll bilen Riçard Ewan bile işläp başladylar. 1945-nji ýylda Bell Labs iň soňky görnüşini oýlap tapdy we oňa güneş öýjügi diýip at goýdy. Ol oýlap tapan işini bütin dünýä ýaýratdy. Belliň bu taslamsy 175walt/m² bolup, ol şol döwürde iň güýçli energiýa çeşmelriniň biri boldy. Soňra ony Londandaky Imperial kollejde öwrenmäge başladylar. Olar elktrik togunyň täze görnüşini durmuşa geçirmek üçin güneş panelini ilki alýuminden soňra kümüşden we altyndan ýasap barlap gördüler. Alýumin, altyn we kümüşe garanyňda has gowy netije görkezdi.

Olardan iň gowysy häzirkizaman “solar” panelleridir. Häzirki güneş panelleri kristally silikondan ýasalýar. 2013-nji ýylda kristally silikon güneş paneli dünýäniň 90%-i üçin öndürildi.  Iň soňky güneş panelleri howanyň gyzgynlygy 25 gradusdan aşak düşmedik ýagdaýynda 1000walt/m² energiýa berýärler. Indi diňe olary jaýlarda dälde eýsem telefonlar-a zarýat berer ýaly hem ulanylýar. Häzirki wagtda adamlar fotowaltaik sistemasyny köp ulanýarlar. Kristall silikonsyz güneş panelleri suwy gyzdyrmak üçin boller hökmünde hem ulanylýar.

Taýýarlan Begli Rejepow

Teswir ýaz

Scroll to Top