Fransiýada we Ispaniýada Gaýtadan döreýiş medeniýeti

Barokko Gaýtadan döreýiş döwrüniň sungaty. XVI asyryň ikinji ýarymynda binagärlikde Gaýtadan döreýiş döwrüniň fransuz ülňüsi kemala gelip başlaýar. Bu döwürde şäherleriň ýaşamak üçin oňaýly ýerlerinde korol we begzadalar üçin kaşaň köşkler gurlupdyr. Ambuaz köşgi (1492–1498), Burtuld myhmanhanasy (1501–1537), Ruandaky maliýe edarasynyň jaýy (1569) ýaly ymaratlar gurlanda binagärligiň got ülňüsi ulanylyp, olaryň gurluşygy nakgaşçylyk sungatynyň gazananlary bilen utgaşdyrylypdyr. Binalaryň gurluşygyna Rim papasy Fransisk I-niň hut özi tarapyndan italýan ussalary (olaryň arasynda Leonardo da Winçi hem bar eken) we ussat fransuz binagärleri Nikolýa Başelýe, Filiber Delorm, Pýer Lesko, Žak Andrue Dýuserso çagyrylypdyr. Bluda ýerleşýän Fransisko I-niň köşgi, Luara baýryndaky ajaýyp ymaratlar Gaýtadan döreýiş döwrüniň ajaýyp eserleriniň hataryna giripdir.

Şäher jaýlarynyň öň taraplary nepis bezelen sütünli binalar bilen haşamlanypdyr. Fonteblo köşgündäki agaç, freska bilen haşamlanan zallar dabara geçirmek üçin niýetlenilipdir. Ol ýerde ussalar Rosso Forentino we Primatiçço dagylar işläpdir. Tanymal binagär Pýer Lesko we zehinli heýkeltaraş Žan Gužon tarapyndan Parižde gurlan Luwr köşgüniň täze jaýy (häzir onda çeperçilik muzeýi ýerleşýär) Gaýtadan döreýiş döwrüniň iň ajaýyp nusgalary hasaplanylypdyr. XV asyryň fransuz şekillendiriş sungatynda birnäçe ýerli mekdepler bolupdyr. XV asyryň ikinji ýarymynda irki fransuz Gaýtadan döreýiş medeniýetiniň esasynda korol köşgünde luar mekdebi uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu mekdebi görnükli sungat ussady Žan Fuke esaslandyrýar. XV asyryň ikinji ýarymynda Žan Fuke Simon Marmion bilen oba we şäher tebigatyny öz miniatýuralarynda ussatlyk bilen beýan edipdirler.

Dil we edebiýat. Žoaşen Dýu Belle (1522–1560) fransuz edebi diliniň esasyny goýan meşhur şahyr hem-de dil biliminiň nazaryýetçisi bolupdyr. Ol fransuz dilini goramak, ösdürmek we şöhratlandyrmak bilen baglanyşykly jarnama häsiýetli eserini (1549) ýazypdyr. Ol ajaýyp şahyr hökmünde «Zeýtun» (1549–1550), «Liriki goşgular» (1549) atly ýygyndylaryny ýazypdyr. Ž. D. Belleniň «Oba oýunlary» (1558) diýen elegiýasy çuňňur tragizme ýugrulypdyr. Onuň odalary, epigrammalary fransuz edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr.

Fransuz ýazyjy-satiraçysy Fransua Rableniň (1494–1553) «Gargantýua we Pantagrýuel» diýen romanyny ulular-da, çagalar-da häzire-bu güne çenli okaýarlar. Awtor äpet adamlar hakyndaky ertekili bu kitabynda gadymy halk rowaýatlaryny peýdalanyp, ötgür sözler bilen feodalçylyk tertipleriň üstünden gülüpdir. Rable mähriban ýurdunyň durmuşyny oňat bilipdir, köp syýahat edipdir. Italiýada telim gezek bolupdyr. Ol hemmetaraplaýyn kämil adam: ýazyjy we gadymy dilleri oňat bilýän adam, tebip hem-de mugallym bolupdyr.

Rable özüniň romanynda weýrançylykly feodalçylyk uruşlaryny ýazgarypdyr. «Ozal edermenlik diýlip belent at dakylan zada indi biz ýöne garakçylyk diýýäris» diýip, kitabyň gahrymanlaryndan biri aýdýar. Ýazyjy bütin dünýä ýüzüne öz häkimiýetini ýaýmak maksady bilen, öz raýatyndakylaryň ganyny dökýän basybalyjy koroly masgaralapdyr. Romanyň awtory dworýanlara ýigrençli garapdyr, olaryň öwünjeňliginiň we açgözlüginiň üstünden gülüpdir. Romanda papa wepaly katolikler ýaşaýan Papemaniýa diýen ýurt beýan edilipdir. «Olar bu ýere horlugyna gelse-de, derrew olaryň garnyny ýag alyp başlaýar», sebäbi olar «dünýäniň ähli künjeklerinden» girdeji baryny alýarlar. Papemanlar özleri bilen razylaşmaýanlaryň hemmesini ýok etmäge taýyn. Papefiler adasynyň adamlary papanyň portretine dodak çöwrendigi üçin, olar adany weýran edipdirler. Elbetde, okyjylar şunda katolikleriň protestantlara garşy göreşini aňsat göz öňüne getiripdirler.  Katolik buthanasy batyrgaý ýazyjyny ýanapdyr. Rableniň kitabyny gadagan edipdirler, awtora tussag etmek we hatda oda ýakmak howpuny salypdyrlar. Emma ýazyjy ömrüniň ahyryna çenli mertligine hem gorkmazaklygyna galypdyr.

Görnükli fransuz ýazyjysy, filosof  Mişel Monten (1533–1592) öz döwründe giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol öýde okap, öz döwrüniň nusgawy bilimini alypdyr, kollejde hukugy öwrenipdir. Onuň «Tejribeler» (1580–1588) atly üç jiltlik esse-kitabynda belli bir anyk taryhy maglumata esaslanyp, adamyň gymmatly hazynadygyny we onuň gündelik durmuşyny, gylyk-häsiýetlerini beýan edipdir.

Ispaniýadaky galkynyş. Uzak ýyllara çeken Rekonkistanyň (VIII–XV asyrlar) tamamlanmagy bilen, Ispaniýanyň medeniýetinde hem täze ösüşler başlaýar. Täze ylmy merkezler, ýokary okuw mekdepleri gurlupdyr, kitap neşir etmek ýola goýlupdyr. Leridede (1300), Ueskde (1334), Walýadolidede (1346), Walensiýada (1500), Barselonada (1450) uniwersitetler açylypdyr. Kartalar düzülip, deňiz syýahatçylygy ösüpdir we möhüm geografiki açyşlar, deňizde ýüzüşler amala aşyrylypdyr. 1492-nji ýylda Hristofor Kolumb Amerikany açýar. XV–XVI asyrlarda ispan syýahatçylary Amerikanyň geografiýasyny öwrenmäge uly goşant goşupdyrlar. Ispan köşgüniň Söwda palatasynda matematika, astronomiýa, kartografiýa, gidrografiýa kafedralary açylypdyr. Mugallymlar ol ýerde ylmy-barlag işlerini alyp barypdyrlar.

 «Manýerizm» italýan sözi bolup, ol «ülňi» (stil) diýen manyny aňladýar. Sungatyň bu ugry nämä degişli bolupdyr? Ol günbatar ýewropa sungatynyň ugurlarynyň biridir. Bu ugruň wekilleri Gaýtadan döreýiş medeniýetiniň ussatlarynyň ýoluna eýeripdirler. Olaryň eserleri çylşyrymlylygy, ýitiligi bilen tapawutlanypdyr.

Ispaniýada edebiýatyň gülläp ösmegi. Ispan edebiýaty orta asyrlar döwründe gadymy halk döredijiliginiň esasynda we arap medeniýetiniň täsirinde kemala gelipdir. Rekonkista döwründe halk lirikasy ösüpdir. Onuň aýry-aýry keşpleri ispan-arap şygryýetine mahsus bolan žanrlar esasynda döredilipdir.

XV–XVI asyrlaryň ahyrlarynda ispan edebiýaty Gaýtadan döreýiş döwrüne gadam basýar. Migel Serwantes (1547–1616) şol döwrüň görnükli ispan ýazyjysydyr. Onuň «Nesihat beriji nowellalar» (1613), «Täze sekiz komediýalar we intermediýalar» (1615), «Persilesiň we Sigizmundyň syýahaty» (1617) atly eserleri bellidir. Serwantesiň «Don Kihot» (1605–1615) atly romany çeper edebiýatyň realizm, gahrymançylyk we romantika žanrlary bilen utgaşyp, Gaýtadan döreýiş we dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Onuň «Rehimdar aşyk», «Iňlis ispan zenany», «Iki itiň söhbetdeşligi», «Rinkonets we Kortadilýo» diýen täze ruhda ýazylan eserleri giň meşhurlyk gazanypdyr.

Şol döwrüň belli ispan ýazyjysy Luis de Gongordyr (1561–1627). Onuň ilkinji goşgulary 1580-nji ýylda neşir edilipdir. Ol «Polifem» (1612–1613), «Ýekelik» (1613) ýaly ajaýyp poemalary ýazypdyr. Ýazyjynyň bu eserlerinde ispan edebiýatynyň Gongorçylyk žanrynyň başlangyjy goýlupdyr. Onda mifologiki keşpler, çylşyrymly metaforalar, çuňňur söz düzümleri hem-de jümleleri agdyklyk edipdir. Görnükli ispan dramaturgy Lope de Wega (1562–1635), Gaýtadan döreýiş döwrüniň ajaýyp wekilleriniň biridir. Ol 2000-den gowrak pýesalary (olardan 500 sanysy neşir edilipdir), romanlary we goşgulary ýazypdyr. Karponyň «Beýik gersog Moskowskiý» (1617) taryhy dramasy, «Günäsizleriň gany» (1623) we «Sewiliň ýyldyzy» (1623) ýaly durmuşy dramalary, «Tans mugallymy» (1593) komediýasy halkyň çuňňur söýgüsini gazanypdyr.

Ýewropa barokkosy we onuň sungatyň dürli gör nüşlerinde ýüze çykyş aýratynlyklary.

Barokko – Günbatar Ýewropanyň (giçki döwürde Amerikanyň hem) sungatynyň bir ugry bolup, ol XVI asyryň ahyrlaryndan – XVIII asyryň ortalaryna çenli aralykda ýörgünli bolupdyr. Bu ülňi sungatyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetiripdir. Barokko sungatyna ýaýbaňlyk, kaşaňlyk, ösüş, belentlik, ruhubelentlik, ýokary derejelilik we täsirli görnüş ýaly sypatlar mahsus bolupdyr. Barokko ülňüsi boýunça Günbatar Ýewropanyň binagärliginde italýan ymaratçylary Jowanni Lorenso Bernini, Françesko Borromini ajaýyp binalary gurupdyrlar, flandriýaly nakgaşlar Piter Paul Rubens, Antonis Wan Deýk bolsa täsirli dekoratiw-bezeg suratlaryny çekipdirler. Binagärlikde köp reňkli heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk, aýnalar we ýazgylar, gümmezler özboluşly aýratynlygy emele getiripdir.

Barokko ülňüsi edebiýata (Ispaniýada Pedro de la Barka Kalderonyň, Italiýada Torkwato Tassonyň, Fransiýada Teodor Agrippo d’Оbinýeniň döredijiligi), teatra, aýdym-saza (Jowanni Gabrieliniň, Jirolamo Freskobaldiniň, Germaniýadan Ditrih Bukstehudeniň, Reýnhardt Kaýzeriň eserleri) hem öz täsirini ýetiripdir. Bu ülňüniň täsiri italýan aýdym-saz sungatynda, kompozitorlaryň wokal eserlerinde has aýdyň duýlupdyr. Barokko adamyň içki dünýägaraýşyna täsir etmek bilen, Ýewropa aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlarynyň ýüze çykmagyna we ösmegine uly itergi beripdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top