Fizika we tehnika

XX asyryň ikinji ýarymyna ylmy-tehniki rewolýusiýa eýýamy diýilýär. Bu eýýam üçin ylmyň, tehnikanyň çalt ösmegi hem-de ol ösüşiň senagatda we adamyň durmuşynda giňden ornaşdyrylmagy mahsusdyr.

Fizika tehnikanyň esasydyr. Bu bolsa dürli tehniki gurluşlaryň fizikada açylan we öwrenilen tebigat hadysalaryna we kanunlaryna esaslanýandygyny aňladýar diýildigidir.

Awtomobilleri, traktorlary, teplowozlary, tanklary, derýa we deňiz gämilerini herekete getirýän içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler gazlaryň we ençeme ýylylyk hadysalarynyň öwrenilmegi netijesinde döredilendir.

Adamlar elektrik barada biziň eýýamymyzdan birnäçe asyr öň bilipdirler, emma ençeme elektrik hadysalary we kanunlary açylandan we öwrenilenden soň, takmynan, XIX ýüzýyllygyň ikinji ýarymynda ol durmuşda ulanylyp başlandy. Häzirki zamanda elektrik çyrasy, gyzdyryjy elektrik abzallary, telegraf, radio, telewideniýe durmuşa berk ornaşandyr. Fabriklerde we zawodlarda, şahtalarda we magdan gazylyp alynýan ýerlerde elektrik hereketlendirijileri stanoklary hem-de beýleki mehanizmleri herekete getirýär. Metallurgiýada elektrik peçlerinde poladyň ýokary sorty we ençeme gymmatly metallar alynýar. Şäher ulaglarynda we demirýollarda hem elektrik peýdalanylýar. Elektrik oba hojalygynda elektrik süýtsagyjy apparatda, separatorda peýdalanylýar, elektrik energiýasy jüýje çykaryjylary (inkubatorlary) gyzdyrýar. Kino we telewideniýe ýagtylyk we ses hadysalary baradaky taglymata esaslanýandyr. Fiziki bilimleriň tehnikada ulanylyşyna başga- da köp mysallary getirmek bolar. Tehnikanyň gazananlaryny, kämilleşen maşynlary we takyk ölçeg abzallaryny öz gezeginde alymlar fizikada täze açyşlary etmek üçin ulanýarlar. Meselem, kosmosda bolup geçýän hadysalary öwrenmek kuwwatly raketalar döredilenden we kosmosa uçulandan soň mümkin boldy.

Ylym we tehnika biri-biri bilen ysnyşykly baglanyşykdadyr. Ylmyň ösmegi tehnikanyň ösmegine eltýär, tehnikanyň ýene-de ösmegi, onuň kämilleşmeginiň zerurlygy, ylmyň täze-täze üstünlikler gazanmagyna ýardam edýär.

Janly we jansyz tebigatdaky köp hadysalara düşünmekde hem fizika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Mysal üçin, fizika ylmy ýyldyrym çakmagyň, gök gürlemäniň sebäplerini düşündirýär, Günüň we ýyldyzlaryň gurluşyna, ýer titremesiniň we apy-tupanyň (güýçli ýeliň) nädip emele gelýändigine düşünmäge kömek etdi. Fizika ylmynda açylan rentgen şöhlesi adamlaryň we haýwanlaryň skeletini we içki organlaryny barlamaga mümkinçilik berdi. Fizikleriň öwrenen ultra sesi ýarganatyň garaňkyda ýoluny nähili aňşyrýandygyna, deňizde delfinleriň nähili hereketlenýändigine we başga-da ençeme hadysalara düşünmäge kömek edýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan “Fizika” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top