Eýfel diňi

Eýfel diňi Fransiýanyň paýtagty Parižde ýerleşýär. Ol 1887-1889-njy ýyllar aralygynda Stiwen Sowestr tarapyndan gurlupdyr. Diňe dizaýnçy kärhananyň, ýagny Gustaw Eýfeliň ady dakylypdyr. Aslynda bu onuň dizaýyçysy şweýsariýaly Moris Koşlin bolupdyr. Eýfel diňi Fransiýada bolan öwrülişigiň 100-nji ýylyna bagyşlanyp geçirilen sergä niýetlenip gurulýar.

Beýikligi 300 metr bolan bu diň üçin 7300 tonna demir we polat ulanylypdyr. Ol her 7 ýyldan bir gezek 60 tonna boýag bilen boýalýar. Boýag işi 25 adam tarapyndan ýerine ýetirilip, 1 ýyl 3 aýda tamamlanýar. Internet maglumatlaryna görä, her ýylda ortaça 6 million adam Eýfel diňini görmäge barýar.

Taýýarlan Kätip Myradow

Teswir ýaz

Scroll to Top