Dünýäniň meşhur stadionlary

Santýago Bernabeu

Ispaniýanyň paýtagty Madridde ýerleşýän «Santýago Bernabeu» dünýäniň iň meşhur stadionlarynyň biridir. «Real Madrid» futbol klubuna degişli bolan, 81 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionyň gurluşygy 1944 — 1947-nji ýyllar aralygynda alnyp barlypdyr. Ol ilkibaşda «Nuevo Estadio Chamartin» adyny alýar. 1955-nji ýylda stadiona «Real Madridiň» futbol ýyldyzy we prezidenti Santýago Bernabeunyň ady dakylýar. 1954-nji ýylda bu ýerde abatlaýyş işleri geçirildi. 1982-nji ýylda Dünýä çempionaty üçin kämilleşdirildi. 1992-nji ýylda geçirilen abatlaýyş işlerinde onuň beýikligi 22 metrden 45 metre ýetirildi. 2001 — 2006-njy ýyllar aralygynda stadionyň içinde täze dolandyryş bölümleri, telewideniýe otaglary we VIP bölümleri ornaşdyrylyp, dünýäniň iň ýokary derejeli stadionlarynyň birine öwrüldi.

Old Trafford

1910-njy ýyldan bäri «Mançester Ýunaýted» futbol toparyna degişli bolan «Old Trafford» stadiony Beýik Britaniýanyň uly Mançester şäherinde ýerleşýär. 5 ýyldyzly, ýokary derejeli sport desgasy häzirki wagtda 74994 tomaşaça niýetlenen bolup, ol ýurduň iň uly iki stadionyndan biridir. 1909 — 1910-njy ýyl¬larda gurlan ilkinji «Old Traffordyň» taslamasy belli şotland arhitektory Arçibald Leitç tarapyndan taýýarlanyldy. 1951 — 1959-njy ýyllar aralygynda birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirilen «Old Traffordda» 1966-njy ýylda Dünýä çempionaty, 1996-njy ýylda Ýewropa çempionaty, 2003-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň jemleýji oýny üstünlikli geçirildi.

Taýýarlan Oguljennet PAŞYKOWA

Çeşme: Aşgabat gazetiniň 30.04.2020-nji ýylda çykan sany

Teswir ýaz

Scroll to Top