Çiçen Itza piramidasy

Çiçen Itza piramidasy Meksikanyň Ýukatan ýarymadasynda ýerleşýär. Bu piramida ýewropalylaryň Amerikany basyp almazyndan öň öz ýerleriniň häkimi bolan Maýa halky tarapyndan gurlupdyr. Ýukatan ýarymadasyndaky Itza diýilýän ýer maýa halkalarynyň dini merkezi bolupdyr. Bu halk ynanç hökmünde “Kukulkan” atly tüýli ýylana ynanypdyr.  Häzirki günlerimizde Meksikada iň köp syýahatçylar tarapyndan zyýarat edilýän ýerleriň biri hem Itzadaky taryhy Kukulkan piramidasydyr. Çiçen-Itzadaky El Kastillo ady bilen tanalýan Kukulkan piramidasynyň beýikligi 24 metre deňdir. Bu piramida 2007-nji ýylda “Dünýäniň ýedi täsinliginiň” sanawyna girdi.

Maýalar bu piramidany matematiki hem-de astronomiki bilimlere görä gurupdyrlar. Muňa mysal edip binanyň basgançaklaryndaky sanlary görkezip bileris. Çiçen Itza piramidasynyň 4 tarapynyň her biriniň 91 basgançakdan ybarat edip gurulmagy ýene-de bir basgançak hökmünde üstündäki tekizligiň alynmagy, bir ýylyň dowamyndaky günleriň sanyna deňdir. Bu basgançaklaryň hemmesi biri-birine goşulanda bir ýyldaky 365 güne deň bolýandyr. Piramidanyň üstüne çykyp syýahatçylar daş-töwerege seredeninde bu taryhy ýere degişli bolan 300 gektar ýeri arkaýyn synlap bilýärler.

 Çeşme: Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

 

Teswir ýaz

Scroll to Top