Çeper medeniýet

Şekillendiriş sungatynyň ýokary göterilmegi: portret, natýurmort we peýzaž žanrlary. Täze döwürde Günbatar Ýewropada şekillendiriş sungatynda portret, natýurmort we peýzaž çekmeklik özboluşlylyga eýe bolupdyr.

Portret – haýsy hem bolsa bir ýa-da birnäçe adamlaryň keşbi şekillendirilen sungat eseridir. Günbatar Ýewropada portretiň nusgawy, romantiki, döwrebap ülňüleri giňden ýaýrapdyr. XVIII asyrda Fransiýanyň şekillendiriş sungatynda, esasan, köşk durmuşy bilen baglanyşykly dabaraly pursatlary, mifologiki häsiýetdäki suratlary (Ž. Natýe,F.G. Drue) çekmeklik mahsus bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde, magaryfçylygyň ynsanperwer ideýalaryna ýugrulan portret eserleri hem ýüze çykyp başlaýar. Özleriniň durmuş hakykatyny görkezýän aktual eserleri bilen nakgaş M. Latura, heýkeltaraşlar Ž.A. Gudon we Ž.B. Pigalýa, inçe duýgulary oýarýan işleri bilen A. Watto hem-de Ž.B.S. Şarden, lirizme ýugrulan işleri bilen Ž.B. Perronowe O. Fragonar portret sungatyna uly goşant goşupdyrlar. Beýik Britaniýada J. Reýnolds we T. Geýnsboro, ABŞ-da J. Stýuart ýaly ajaýyp ussatlar öz portret eserleri bilen giň meşhurlyk gazanypdyrlar. XVIII–XIX asyrlarda Ž.L. Dawid tarapyndan döredilen nusgawy portretlerde döwrüň taryhyny suratlandyrýan, jemgyýetiň durmuşyny açyp görkezýän işler ýerine ýetirilipdir. Ispan suratkeşi  F. Goýeýiň awtoportretleri milli azatedijilik häsiýetde bolupdyr.

Suratkeşlikde romantizm ülňüsi  XIX asyrda has giň gerimeeýe bolupdyr. Portret žanryny ösdürmekde T. Žeriko, E. Delakrua, F. Rýuda,  Ž. O. D. Engr, O. Domýe ähmiýetli işleri alyp barypdyrlar. Portret döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça ýörite milli mekdepler döredilipdir. XX asyrda modernizm ülňüsine uly üns berlipdir. Bu döwürde täze eserler peýda bolupdyr. Grafika sungatynda K.Kolwis, nakgaşlykda U.Open (ikisi hem Germaniýadan) we O. Jon (Angliýa), heýkeltaraşlykda A. Burdel, A. Maýol, Ş. Despo (Fransiýa) dürli temadaky eserleri döredipdirler. Günbatar Ýewropada XX asyr ussatlarynyň arasyndaP. Pikasso, A. Matiss,  A. Deren, Ž. Ruo (Fransiýa),  A. Modilýani,Z. Gros, O. Diks, E. Barlah, (Germaniýa), O.Kokoşa (Awstriýa) portret žanrynyň ösüşine uly goşant goşupdyrlar.

Şekillendiriş sungatynyň žanrlarynyň meşhur ugurlarynyň ýene-de biri natýurmortdyr. Natýurmort dürli zatlaryň suratlaryny çekmek arkaly ýerine ýetirilýär. XVII asyrda nemes (G. Flegel, R. Paudis) we fransuz(L. Wožen) natýurmortçylygy ösüpdir. Şol asyryň ahyrlarynda fransuz köşk sungatynyň dekoratiw ýörelgeleri agdyklyk edipdir. XVIII asyrda fransuz sungat ussady Ž. W. Şardeniň döreden eserleri maşgala durmuşy bilen berk baglanyşykly bolupdyr. XIX asyryň görnükli fransuz nakgaşy E. Moneniň eserlerinde estetiki we çeper ideýalar açyk görnüpdir. XX asyryň başlary natýurmort žanrynyň gülläp ösen döwri hasaplanypdyr. Sungatyň peýzaž görnüşi barada aýdylanda, italiýaly A. Karraçiniň, niderlandly P. Briliň, nemes A. Elheýmeriň we beýlekileriň eserleri şekillendiriş sungatynyň şu ugrunyň taryhynda mynasyp orun alypdyrlar. XVIII asyryň ikinji ýarymynda – XIX asyrda romantiki ýörelgeler agdyklyk edip, Angliýada – J. Krom, J.S. Kotmen, J.R. Kozens, J. Nýorner, Fransiýada – Ž. Mişel, Germaniýada– R.D. Fridrih ajaýyp peýzaž eserlerini döredipdirler. Bu döwürde Günbatar Ýewropada peýzažçylar ýörite mekdeplerde öndürijilikli işläpdirler.

Opera we balet. Fransiýada opera mekdebi (XVIIasyryň II ýarymynda) döredilip, ony Ž. B. Iýulli («Alsesta»1974 ý., «Armida», 1686) esaslandyrypdyr. Ol fransuz liriki tragediýalarynyň nusgawy görnüşlerini döredipdir. Onuň yzyny Ž.F. Ramo dowam etdiripdir. XVIII asyryň ortalarynda öz döwrüniň estetiki talaplaryna laýyklykda, eserler döredilipdir. Fransiýada E. Duniniň («Aşyk suratçy», 1757), F.A. Filidoryň («Bagbanwe onuň hojaýyny», 1761), A.E. Gretri («Riçard şir ýürek»,1789) komiki eserleri peýda bolupdyr. Şeýle-de Awstriýada we Germaniýada  K. Dittersdorfyň «Lukman we dermançy» (1786), I.A. Hilleriň «Lothen köşkde» (1766) işlerigiň mazmunlydyr.  K.W. Klýuk we W.A. Mosart öz döredijiliginde öňdebaryjy ideýalary şöhlelendiripdir. W.A. Mosart «Figaronyň toýy» (1786) komediýasyna, «Don Žuan»(1787) dramasyna, «Jadyly fleýta» (1791) filosofiki ertekilere daýanyp, uly üstünlik gazandy. Germaniýada L. Bethoweniň «Fidileo» (1805 ý., 3-nji redaksiýa1814 ý.) operasy nusgawy žanr bolupdyr. Komiki opera F. Bualdýonyň («Ak bedenli zenan», 1925 ý.), D.F. Oberiň(«Fra-Dýawolo», 1830) döredijiliklerinde ösüpdir.

XIX asyryň II ýarymynda fransuz aýdym-saz teatry üçin liriki opera häsiýetli bolupdyr. XVIII asyrda balet Angliýada, Awstriýada, soňra  Fransiýada özbaşdak sungat hökmünde doly kemala gelipdir. Londonda J. Uiwer we M. Salle balet spektakllary gadymy sýužetleri döredipdirler. Wenada balet meýster F. Hilferdingwe G. Anjolini klassizmiň tragediýalaryna ýüzlenipdirler. Fransuz horeografy Ž.Ž. Noweriň spektakllary (Ž.Ž. Rodolf«Medeýa we Ýazon», 1763 ý.) tapawutlanypdyr.

Kompozitorlar: K. Montewerdi (Italiýa), Persell (Angliýa), Ž. B. Lýulli (Fransiýa). Italýan kompozitorlaryň biri Montewerdi Klaudio Jowanni Antoniodyr(1567–1643). Ol opera žanrynyň düýbüni tutujylaryň biridir. Onuň «Orfeý» (1607), «Ariadna» (1608) operalarynda goşandy uly bolupdyr. Ol 1590–1612-nji ýyllarda Mantuede Gonzag gersoglar kapellasynda gulluk edipdir. 1587‑njiýylda Wenesiýanyň San-Marko soborynyň kapellasyna ýolbaşçylyk edipdir. Onuň 1587–1638-nji ýyllarda 8 sany kitaby çapdan çykypdyr. 1679-njy ýyldan başlap onuň döredijiliginde opera uly orun tutupdyr. Olaryň içinde «Uillisiň Watanyna gaýdyp gelmegi» (1640 ý., Bolonýa) operasyny görkezmek bolar. Ol kompozitorlaryň wenesiýa mekdebinde aýratyn uly işler bitiripdir.

Iňlis kompozitory we sazandary Genri Persell(1659–1695) Londonda köşk sazandasy, karol kapellasyndaaýdymçy, saz gurallaryny goraýjy we guraýjy kompozitorbolupdyr. Kompozitor ähli saz žanrlarynyň ussady hasaplanypdyr. 50 sany teatr sahnasynyň awtory bolupdyr. Onuň «Didon we Eneý» (1689) ilkinji milli iňlis operasy (M. Wirgiliýanyň «Eneida» operasynyň esasynda) hasaplanylýar. Ol bu operada iňlis teatryny, iňlis we şotland halk aýdymlaryny we tanslaryny umumylaşdyrypdyr. Onuň hor eserlerinde dini we dünýewi, bibliýa tekstleri uly orun tutupdyr. Ol italýan skripkaçy kompozitorlarynyň yzyna eýeripdir. G. Persell milli saz sungatyny ösdürmäge çalşypdyr.

Žan Batist Lýulli (1632–1687) fransuz kompozitory, milli iňlis opera mekdebini esaslandyryjydyr. 14 ýaşdan başlap Parižde ýaşap, fransuz sazandalarynyň ýolbaşçylygynda skripkada köşk orkestrliginde saz çalypdyr, ariýa (esasan, bir ses üçin düzülen wokal saz eseri, saz gurallary bilen ýerine ýetirilýän aýdymly pýesa) döredipdir.1653-nji ýyldan başlap köşk kompozitory bolupdyr. Köp sanly baletleriň awtory bolupdyr. 1672-nji ýylda Parižde opera teatryna ýolbaşçylyk edipdir.  Ž.B. Lýulli liriki tragediýalaryň görnüşlerini döredipdir. Onuň döredijiliginde fransuz nusgawy uwertýura (operanyň, operettanyň,baletiň sazly başlanyşy, sonata formaly konsert üçin orkestreseri) görnüşi esasy orun tutupdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-njy synplar üçin “Dünýä Medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

 

 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top