Bolliwud, geçmişi we şu güni

Bolliwood – Hindistanyň Mumbaý şäherinde ýerleşýän kinofilm önümçilik merkezini aňlatmak üçin ulanylýan, Golliwud we Bombeýden ylham alnyp emele getirilen adalga.

Dünýäde iň köp kinofilm öndürýän ýurt bolan Hindistanda kinofilmleriň dörtden bir bölegine golaýy Bolliwudda çykýar.

Golliwudyň ajaýyp gahrymanlary, tehniki effektleri, kinofilm üçin çendenaşa býujetleri bar bolsa, Bolliwudyň hem 1,4 milliarda golaý ilat sany sebäpli ajaýyp işçi güýji potensialy we tomaşaçysy bar. Hindistanyň uly şäherleriniň biri bolan Mumbaýda Golliwuda bäsdeş bolup dörän bu kinofilm görnüşi tutuş Hindi kinofilmini emele getirýändir öýdülse-de, bu beýle däl. Hemme hindi kino Bolliwudyň önümi däldir. Gözbaşy 1986-njy ýyla baryp ýetýän iň köne we iň uly kinofilm senagatlarynyň biri bolan Bolliwudyň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Bir hindi kinonyň Bolliwuddan çykmagy üçin gerek bolan iň esasy iki aýratynlyk tans bilen aýdymdyr.

Bolliwud kinoteatrynda tortuň hamyry tans bilen aýdym, kremi bolsa reňklerdir. Ähli egin-eşikler, bezegler we ýerler iň bir güýçli, iň bir janly reňkler saýlanyp taýýarlanýar. Hindi dilinde düşürilýän bu kinofilmleriň bütin dünýäde medeniýetleri we dilleri üýtgeşik adamlar tarapyndan halanmagy bolsa onuň üstünliginiň esasy nyşanydyr. Ençeme ýyllap söýgi-aýdym-tans galybyndan çykmadyk Bolliwud indi jemgyýetçilik we medeni meseleler, sport, ylym, ynanç we gymmatlyklar ýaly birnäçe üýtgeşik temalarda-da kinofilmleri hödürleýär.

Raja Harişçandra (1913)

Ilkinji öndürilen we tomaşaçylara hödürlenen Bolliwud kinofilmi 1913-nji ýylda çykan «Raja Harişçandradyr».

Geliň, Hindistanyň kinofilm taryhyna ser salyp, Bolliwud kinofilmlerine we olardaky keşpleri janlandyran meşhur hindi aktýorlaryna göz aýlalyň. Ozaly bilen, hindi kinoteatrynda nyşana öwrülen «Kapoor» familiýasy bilen 1929-njy ýyldan häzirki wagta çenli Bolliwuda hyzmat edip gelýän maşgala myhman bolalyň.

Awara (1953)

Pritwiraj Kapur 1929-njy ýylda hindi kino pudagyna gadam basanda, uzak ýyllaryň dowamynda  meşhurlygyny saklajak maşgala däbini ýola goýjagyndan, elbetde, bihabardy. 1953-nji ýylda düşürilen «Awara» kinofilmi bilen meşhur bolan Pritwiraj Kapuryň üç ogly hem onuň kesbini ýöretdi. Hindi kinoteatrynda Kapurlar döwri dynuwsyz dowam etdi. Üç doganyň arasynda Rajyň meşhurlygy bolsa beýleki doganlarynyňkydan geçip, halkara derejä ýetdi. Raj Kapur «Awarada» kakasy Pritwiraj Kapur we hindi kinoteatrynyň iň owadan aktrisalarynyň biri bolan Nargis bilen oýnapdy. Häzirki wagtda Raj Kapuryň agtyklary hem atalarynyň kärini dowam etdirýär.

Pýassa (1957)

Ak-gara döwrüniň ajaýyp kinofilmleriniň biri bolan Pýassa «Times» gazetiniň «Dünýäniň iň gowy 100 kinofilmi» sanawyna girip bilen ýeke-täk hindi kinofilmidir. Durmuşda esasy zadyň pul we maddy baýlyk hasaplanýan döwründe adamlaryň gatnaşygynyň ýasamalygyny tankyt edýän, aktýorlygyny we režissýorlygyny Guru Dattyň ýerine ýetiren kinosy – bu öwgülere mynasyp bolan Bolliwud kinosy «Pýassadyr».

Mugal E Azam (1960)

Hindi kinofilminiň esasy önümlerinden biri bolan «Mugal E Azam» düşürilip tamamlanmagynyň 10 ýyla çekmegi we şol döwrüň iň gymmat önümi bolmagy bilen ýatda galdy. XVI asyrda bolup geçen hakyky hindi dessanyny gürrüň berýän kinofilm adaty baý oglan-garyp gyz temaly söýgi dessanyny şahyrana terzde hödürleýär. Şazada Salem bilen onuň aşyk bolan tansçy gyzy Anarkaliniň, olaryň birikmegine böwet bolýan zalym imperator Akbaryň durmuşlary hindi medeniýeti bilen utgaşdyrylyp, režissýor K Asif tarapyndan nagyş kimin işlenýär.

Şolaý (1975)

Baş rollarynda Amitabh Baççan, Dharmendra, Sanjiw Kumar, Hema Malini, Amjad Han, Jaýa Bhaduri ýaly meşhur aktýordyr aktrisalaryň oýnan we režissýorlygyny Rameş Sippinyň ýerine ýetirmeginde 1975-nji ýylda çykarylan «Şolaý» kinofilmi ençeme tomaşaçy tarapyndan Bolliwudyň iň meşhur kinofilmi hasap edilýär. Kinofilmde bir polisiýa işgäri bilen onuň tussag eden jenaýatçysynyň arasynda bolup geçen wakalar hem-de olaryň durmuşy gürrüň berilýär.

Dangal (2016)

Ýakyn wagtlarda hindi kinoteatrynyň atly kişilerinden bolan Aamir Khan hem aktýor, hem režissýor bolup «täze» Bolliwuda goşant goşýan adamlaryň ilkinjileriniň biridir. «3 tentek», «PK»,«Ýerdäk ýyldyzlar», «Ony sara boýa» ýaly kinofilmleri bilen diňe Hindistanda däl, eýsem bütin dünýäde tomaşaçylaryň göwnünden turan ökde aktýor «Dangal» kinofilminde jemgyýetiň mizemez garaýyşlary bilen göreşýän kaka rolunda oýnaýar. Aslynda, ol öz içindäki gizlin diwarlary ýykmaga hem-de has gowy adam bolmaga çalyşýar.

Hindistanda Bolliwuddan soň täze Tolliwud hem-de Kolliwud studiolary hem döredildi.

Terjime eden, taýýarlan Annabibi Öwezmyradowa

Teswir ýaz

Scroll to Top