Piza diňi

Italiýa döwletiniň Piza şäherinde ýerleşýän bu täsin diň 1173-nji ýylda gurulýar. Bu binada, gyşarýanlygy sebäpli arakesmeler bilen 200 ýyllap gurluşyk dowam edipdir. Bu binanyň beýikligi 56 metre barabar bolup, onda üstüne çykmak üçin 294 sany basgançak bar. Bu diň üst üstüne ýerleşdirilen 6 sütün bilen emele getirilipdir.

Piza şäheriniň katedralynyň jaňy ýerleşdirilen bu diňde, meşhur italýan alymy Galileo Galileý öz tejribe işlerini geçiripdir. Bu bina gurulan gününden kän wagt geçmänkä günorta tarap gyşaryp başlaýar. Piza diňiniň gyşarmagynyň sebäbi bolsa binanyň gurulan ýeriniň çökýänligi bilen baglanyşdyrylýar.

Taýýarlan Kätip Myradow

Teswir ýaz

Scroll to Top