Fizika

Nikola Tesla

Nikola Tesla 1856-njy ýylyň 10-njy iýulynda Gospiçde dogulýar. Asly serbiýaly bolan bu amerin oýlap tapyjy fizik we elektrofizik alymdyr. Aslynda dünýädäki bilim we tehnologiýanyň ugruny düýbünden üýtgedip biljek “ulanylýan we ulanylmaýan” ençeme oýlap tapyşyň eýesi. Aýratyn hem kabelsiz elektrigi tapmagy we muny subut etmegi onuň deňi-taýy bolmadyk alymdygyny aňladýar. Tomas Edison bilen aralarynda birnäçe ýyllap […]

Nikola Tesla Giňişleýin oka »

Ýagtylyk tolkunlary we onuň tizligi

Ýagtylygyň tebigaty. Ýagtylygyň tolkundygyny köp tejribeler subut etdi. Makswelliň teoriýasy elektromagnit tolkunynyň bolmalydygyny, ýagtylyk tolkunlarynyň hem elektromagnit tolkunydygyny görkezdi. Gersiň tejribeleri elektromagnit tolkunynyň bardygyny, onuň häsiýetleriniň ýagtylyk tolkunlarynyň häsiýetleri bilen gabat gelýändigini ýüze çykardy. Ýagtylyk tolkunynyň tizligi. Ýagtylygyň tizligini ilkinji bolup 1676-njy ýylda daniýaly alym, astronom O. Rýomer kesgitledi. Rýomer Ýupiteriň hemralarynyň oňa iň ýakyn bolan Io hemrasynyň hereketine gözegçilik edipdir. Onuň bu hemrasy her aýlawynda Ýupiteriň kölegesine

Ýagtylyk tolkunlary we onuň tizligi Giňişleýin oka »

Nýutonyň birinji kanuny. Massa we güýç.

Dinamika mehanikanyň esasy bölümidir. Dinamikanyň üç kanuny esasynda jisimleriň Ýeriň üstündäki we asman jisimleriniň hereketi barada geçirilen köp sanly tejribeleriň we teoretiki maglumatlaryň netijeleri Nýuton tarapyndan umumylaşdyrylýar. Nýutonyň kanunlary esasynda hereketiň dinamiki we kinematiki kanunalaýyklyklary biri-biri bilen baglanyşdyrylýar. Nýutonyň birinji kanuny: İslendik jisim özüniň göräli dynçlyk ýagdaýyny ýa-da deňölçegli we gönüçyzykly hereketini, tä başga jisimler

Nýutonyň birinji kanuny. Massa we güýç. Giňişleýin oka »

Material nokat. Hasaplama sistemasy. Traýektoriýa.

Mehaniki hereketiň iň sada görnüşi material nokadyň hereketidir. Hereketiň berlen şertlerinde ölçegini hasaba almasaň hem bolýan jisime material nokat diýilýär. Mysal üçin, Ýeriň ortaça diametri 12700 km ≈ 0,13·105 km-e, onuň Gün bilen aralygy bolsa 150·105 km-e golaý, şonuň üçin Ýeriň ululygy Güne çenli bolan aralyk bilen deňeşdirilende örän kiçidigi sebäpli Ýeri material nokat hökmünde kabul etmek

Material nokat. Hasaplama sistemasy. Traýektoriýa. Giňişleýin oka »

Aýzek Nýuton barada

Alymyň iňlisçe ady “Isaac Newton” bolup, ol 04.01.1643 senesinde Angliýanyň Wulstorp diýen ýerinde (Grantemiň ýakynynda) dünýä inýär we 31.03. 1727 senesinde Angliýanyň Kensiňton diýen ýerinde aradan çykýar. Aýzek Nýuton – mehanikanyň we astronomiýanyň teoretiki esasyny döreden, bütindünýä dartyş kanunyny açan, differensial we integral hasaplamany (G. Leýbnis bilen bir hatarda) işläp düzen, zerkal teleskopy oýlap tapan iňlis fizigi

Aýzek Nýuton barada Giňişleýin oka »

Mehaniki hereket. Hasaplama ulgamy. Material nokat. Ýol we orun üýtgetme. Wektor we skalýar ululyklar.

Bizi gurşap alan ähli jisimler (ýyldyzlar, planetalar, örän kiçijik bolan atomlar we olary düzýän bölejikler) dyngysyz hereketdedirler. Hereketiň iň ýönekeý görnüşi we hemmelere has tanşy mehaniki hereketdir. Her bir jisim wagtyň islendik pursatynda beýleki jisimlere garanyňda giňişlikde belli bir ýagdaýy eýeleýär. Eger-de bir jisim başga bir jisime görä wagtyň geçmegi bilen ornuny üýtgedýän bolsa, onda

Mehaniki hereket. Hasaplama ulgamy. Material nokat. Ýol we orun üýtgetme. Wektor we skalýar ululyklar. Giňişleýin oka »

Mehanikanyň fiziki esaslary

Mehanika – mehaniki hereketiň kanunalaýyklyklaryny we onuň ýüze çykmasynyň ýa-da üýtgemesiniň sebäplerini öwrenýän fizikanyň bölümidir. Mehanniki hereket – bu wagtyň geçmegi bilen jisimiň ýa-da onuň bölejikleriniň özara ýerleşişiniň beýleki jisimlere görä üýtgemegidir. Mehanika grek alymy Arhimed (biziň eramyzdan öň 287-212-nji ýyllar) ryçagyň deňagramlylyk düzgünini açandan soň ylym hökmünde ösüp başlady. Mehanikanyň esasy kanunlary italiýan fizigi we

Mehanikanyň fiziki esaslary Giňişleýin oka »

Fiziki ululyklaryň birlikleri

Fiziki kanunlar fiziki ululyklary biri-biri bilen baglanyşdyrýarlar. Şonuň üçin bu ululyklary ölçemeklik gerek bolýar. Haýsy hem bolsa bir fiziki ululygy ölçemek diýmek, ony birlik deregine kabul edilen başga bir (nusga) ululyk bilen deňeşdirmek diýmekdir. Birlikler ulgamyny gurmak üçin biri-birine bagly bolmadyk birnäçe fiziki ululyklaryň birlikleri erkin saýlanyp alynýar. Bu birliklere esasy birlikler diýilýär. Beýleki fiziki

Fiziki ululyklaryň birlikleri Giňişleýin oka »

Fizika dersi we onuň beýleki ylymlar bilen baglanyşygy

Fizika beýleki tebigy ylymlar bilen bir hatarda, biziň daş-töweregimizdäki maddy dünýäniň obýektiw häsiýetlerini öwrenýär. Fizika dersine anyk kesgitleme bermek kyn, sebäbi onuň bilen beýleki garyşyk ylymlaryň arasyndaky araçäk şertleýin kabul edilendir. Şonuň üçin fizika tebigat baradaky ylymdyr diýmeklik gutarnykly däldir. Akademik A.F.Ioffe (1880-1960, rus fizigi) fizika şeýle kesgitleme berdi: “Fizika–meýdanlaryň we jisimleriň hereket kanunlaryny we

Fizika dersi we onuň beýleki ylymlar bilen baglanyşygy Giňişleýin oka »

Akar suwuň, Günüň, ýeliň energiýasy we olaryň ulanylyşy

Akar suwuň we ýeliň kinetik energiýalary bardyr. Bu energiýalary adamzat gadym wagtlardan bäri peýdalanyp gelipdir. Suw çarhy muňa mysal bolup biler. Onuň esasy bölegi uly pilçeleridir. Suw pilçelere batly urlup çarhy aýlaýar. Çarhyň aýlaw hereketini dürli işleri ýerine ýetirmek üçin ulanypdyrlar. Derýaly ýerlerde suw bilen işleýän elektrik stansiýalaryny gurýarlar. Oňa gidroelektrik stansiýa diýilýär. Gidrawlikus grek sözi bolup

Akar suwuň, Günüň, ýeliň energiýasy we olaryň ulanylyşy Giňişleýin oka »

Scroll to Top