Desga

Luwr muzeýi

Pariždäki bu muzeý 60000 m2 ýeri eýeleýän dünýäniň iň uly muzeýidir. Ol Parižiň taryhy ýadygärligi hökmünde kabul edilip, XII asyrda gurlan Luwr köşgüniň bir bölegidir. Luwr – bu diňe bir ajaýyp arhitektura ýadygärligi bolman, eýsem ol fransuz korollarynyň köşgi, dünýäniň iň abraýly adygan muzeýleriniň biridır. 1981-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň karary esasynda Luwrda giň gerimli […]

Luwr muzeýi Giňişleýin oka »

Erkinlik heýkeli

Erkinlik heýkeli (iňlis dilinde Statue of Liberty) ady bilen dünýäde meşhurlyk gazanan bu desga 1886-njy ýyldan bäri ABŞ-yň esasy nyşanlarynyň biri bolup gelýär. Ol ABŞ-yň Nýu-Ýork şäherindäki Erkinlik adasynda 1884-1886-njy ýyllar aralygynda fransuzlar tarapyndan gurulýar. Fransiýa respublikasy bu heýkeli Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyna sowgat hökmünde gurup beripdir. Misden ýasalan bu heýkeli ilki Fransiýada taýýarlap, soňra Amerika getiripdirler. Erkinlik heýkeli “Singer” tikin

Erkinlik heýkeli Giňişleýin oka »

Halasgär Isanyň heýkeli

Halasgär Isanyň heýkeli (Portugalça – Cristo Redentor) Braziliýanyň Rio de Žaneýroşäherindäki 710 metr beýkligi bolan Korkawado dagynyň aşaky böleginde Tiju seýilgähinde ýerleşýär. Bu heýkel Heitor Silwa Kosta tarapyndan ýasalypdyr. Halaskär Isa heýkeliniň gurluşygyna 1922-nji ýylda başlanyp, 1931-nji ýylyň oktýabr aýynyň 31-ne dabaraly şekilde syýahatçylara açylypdyr. Bu heýkeliň beýikligi 30 metre barabardyr (heýkeliň aşagynda goýulan plitany hem hasaba alsak onuň beýikligi

Halasgär Isanyň heýkeli Giňişleýin oka »

Big Ben

Resmi ady “Elizabet diňi” bolan Big Ben Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherindäki Westminster köşgüniň ýanynda ýerleşýän sagat diňiniň adydyr. Bu diň dünýädäki dört taraply sagat diňleriniň ikinjisidir. “Big Ben” diýip her näçe sagat diňiň jaňynyň adyna diýilýän hem bolsa, halk arasynda wagtyň geçmegi bilen tutuş desganyň özüne şol at dakylypdyr. Bu diňiň adynyň gelip çykyşy, jedelli maglumatlara görä, binanyň üstündäki jaňy

Big Ben Giňişleýin oka »

Gadymy Müsür piramidalary

Gizadaky piramidalar. Gizadaky piramidalar toplumy Müsüriň paýtagty Kairiň golaýyndaky üsti tekiz belentlikde ýerleşýär. Bu toplum Gadymy patyşalyk zamanyna degişli bolup, IV—VI nesilşalyklaryň (miladydan öňki XXVI— XXIII asyrlar) döwründe bina edilipdir. Faraon Hefreniň piramidasy Heopsyň piramidasynyň günorta-günbatarynda ýerleşip, onuň beýikligi (öňki wagtda 143,9 metr) häzirki wagtda 136,4 metre barabardyr. Onuň demirgazyk tarapynda iki girelgesi bolupdyr. Onun ikinji

Gadymy Müsür piramidalary Giňişleýin oka »

Burj Halifa

Burj Halifa 828 metr beýikligi bilen dünýäniň iň beýik desgalarynyň ilkinjileriniň hatarynda durýar. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýär. Desganyň gurluşygy 2004-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda başlanyp, 2010-njy ýylyň ýanwar aýynyň 4-ne tamamlanýar. Oňa Burj Halifa adynyň dakylmagy Halifa Bin Zaýid El Nahýanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Diňiň binagäri “Skidmore, Owings and Merrill” kärhanasy bolup, gurmak işini amala aşyran bolsa

Burj Halifa Giňişleýin oka »

Pekiniň milli stadiony

Pekinde ýerleşýän, «Guş höwürtgesi» ady bilen tanalýan milli stadion 2008-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmäge niýetlenilip guruldy. Adyndan-da belli bolşy ýaly, stadion guşuň höwürtgesine meňzeşdir. Onuň gurluşygynda 110 müň tonna polat peýdalanylypdyr. Olimpiýa oýunlaryndan başga-da, stadionda 2010-njy ýylda «Birmingham City» bilen «Beijing Guoan» futbol toparlary «Çempionlar ligasynda» duşuşdylar. 2012-nji ýylda bolsa Hytaýyň kubogyny

Pekiniň milli stadiony Giňişleýin oka »

«Lotus» ybadathanasy

Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ýerleşýän «Lotus» ýa-da «Bahai» ybadathanasy ak mermerden gurlan hem-de iň köp syýahat edilýän meşhur ýerleriň biridir. Ol «XX asyrda gurlan Täç Mahal» adyna-da eýedir. «Lotus» ybadathanasy dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlaryň ybadat etmek, öwrenmek, parahatçylyk we dostluk üçin birleşýän ýeridir. Eýran binagäri Fariborz Sahba tarapyndan çyzgysy taýýarlanan bu ybadathananyň gurluşygy 1986-njy ýylda

«Lotus» ybadathanasy Giňişleýin oka »

Taipei 101

«Taipei Dünýä Ykdysady Merkezi» — Taiwanyň Sinýu şäherinde ýerleşýän, başy göge direýän söwda we dynç alyş merkezi. Ol gurlup tamamlanan ýyly, ýagny 2004-nji ýylda özüniň 509 metre ýetýän uzynlygy bilen «dünýäniň iň uzyn binasy» adyna eýe bolmagy başardy. Emma 2010-njy ýylda öz ornuny Dubaýdaky Burj Halifa binasyna berdi. Bina 101 gatdan ybarat, şonuň üçin hem

Taipei 101 Giňişleýin oka »

Täçmahal aramgähi

Täçmahal aramgähini Hindistanda döredilen Beýik Mogollar döwletiniň (Babur imperatorlygy) baştutany Jahan şa öz aýaly Mümtazy Mahala bagyşlap gurdurypdyr. Bu aramgäh Hindistanyň Agra şäherinde ýerleşýär. Beýikligi 74 metr bolan bu aramgähiň gurluşygy 1631-nji ýylda başlap 1654-nji ýylda tamamlanypdyr. Bu aramgähiň içinde Jahan şa bilen aýaly Mümtazy Mahalyň gubry bar. Täçmahal 1983-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna

Täçmahal aramgähi Giňişleýin oka »

Scroll to Top