Gurbannazar Ezizow

(1940-1975) Talantly türkmen şahyry, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi.Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Aşgabat etrabynyň Büzmeýin obasynda eneden bolýar. 1948-nji ýylda mekdebe barýar we 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1964-nji ýylda tamamlaýar we Çagalar edebiýatynyň birleşen neşirýatynyň redaksiýasyna işe iberilýär. Şol […]

Gurbannazar Ezizow Giňişleýin oka »

Dünýäniň edebiýat kartasy döredildi

«Read Rate» saýty dünýäniň edebiýat kartasyny döretdi. Onda her ýurduň adyna derek ol ýerde doglan belli awtoryň meşhur kitaby görkezilýär. Kartanyň awtory Angliýa üçin Jeýn Ostiniň «Buýsanç we ýalan ynam» romanyny saýlap alypdyr. Russiýa Lew Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany bilen belgilenýär. Awtor Amerika üçin Harper Liniň «Bilbiliň öldürilmegi», Şwesiýa üçin Stig Larssonyň “Aždarha tatuirowkaly

Dünýäniň edebiýat kartasy döredildi Giňişleýin oka »

Oguz han türkmen

Türkmenleriň 5 müňýyllyk taryhy Oguz han türkmenden başlanýar. Oguz han atamyzyň şejeresi Nuh pygamberden gaýdýar. Onuň kakasyna Gara han diýipdirler. Oguz hanyň oňony öküz bolupdyr. Ol zähmetsöýerligi, jepakeşligi, güýçlüligi bilen tebigaty özgerdipdir. Öküz ene topragyň hasyl bermegine, ýaşaýşyň ösmegine uly täsir edipdir. Belli taryhçy Ryza Nur Oguz han türkmen barada «…Ýer ýüzüni zabt edip, bäş sany

Oguz han türkmen Giňişleýin oka »

Ilkinji hat ýazuwy

Ilkinji hat ýazuwy geçmişde Mesopotamiýada ýaşap geçen şumerler tarapyndan 5 müň ýyl mundan ozal (b.e.öňki 3000-nji ýylda) oýlanyp tapylypdyr. Ilkinji hat ýazuwy «şinehat» (клинопись) diýlip atlandyrylýar. Iýeroglif hat ýazuw görnüşi Taryhda hat ýazuwynyň bu görnüşi b.e.öňki 3200-2950-nji ýyllarda Müsürde oýlanyp tapylypdyr. Ol ilki wagtlar mazar daşlary üçin ulanylypdyr. Bu ýazgylar esasan faraonlaryň mazary bolan piramidalarda

Ilkinji hat ýazuwy Giňişleýin oka »

Ilkinji telefon

Taryhda ilkinji telefony şotlandiýaly Aleksander Graham Bell (1847-1922) oýlap tapypdyr. Ol 1876-njy ýylda ABŞ-a göçüp baranyndan 1 ýyl soň, 29 ýaşyndaka uzak aralyklara niýetlenip, sesli göni habarlaşyp bolýan ilkinji telefony oýlap tapypdyr. Elişa Greý (1835-1901) 1876-njy ýylda telefony ilki özüniň oýlap tapandygyny öňe sürüpdir. Bell bolsa özüniň patentiniň birnäçe sagatlyk ogurlanandygyny öňe sürüp, onuň bu

Ilkinji telefon Giňişleýin oka »

Ýüz ýyllyk uruş

1337-1453-nji ýyllar aralygynda Angliýa bilen Fransiýanyň arasynda uzaga çeken agyr uruş bolupdyr. Bu urşuň başlamagynyň sebäbi iňlis korollarynyň Fransiýadaky ozalky mülklerini gaýtaryp almak islegi we Flandriýa graflygynyň baý şäherleriniň üstündäki bäsdeşlik bolupdyr. Ol uruş arakesmeler bilen ýüz ýyldan gowrak wagtlap dowam edendigi sebäpli, oňa «Ýüz ýyllyk uruş» diýlip at berilipdir. Bu söweşiň ýeňijisi Fransiýa bolupdyr.

Ýüz ýyllyk uruş Giňişleýin oka »

Oguznama

(Türkmenleriň taryh sahnasyna çykyşyny gürrüň berýän esasy taryhy çeşme) Oguzlar (türkmenler) hakynda ýazylan iň gadymy eser bolan «Oguznama» birnäçe golýazmalaryň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Bu eseriň uýgur dilinde ýazylan iň gadymy nusgasy, häzir Fransiýanyň Pariž milli kitaphanasynda goralyp saklanýar. Alymlaryň pikirine görä, bu golýazma XIII-XIV asyrlarda ýazylypdyr. Ýazylan wagty has gadymy esere salgylanylyp ýazylypdyr.

Oguznama Giňişleýin oka »

Taryhçy as-Samany

Ebu Sad Abdylkerim ibn Muhammet ibn Mansur As-Samany (1113-1167) – Orta Aziýa taryhçysy. Ol gelip çykyşy boýunça arap bolup, alym maşgalasynda doglupdyr. Ýaş wagty kakasy aradan çykyp, ilki kakasynyň dostunyň, soňra daýysynyň elinde terbiýelenipdir. Daýysy bilen syýahata gidipdir. Ol Nişapurda, Yspyhanda, Hemedanda, Damaskda, Ýerusalimde, Tusda, Yrakda, Mesopotamiýada, Hijazda we başga ýerlerde bolupdyr. Şol ýerlerde alymlardan

Taryhçy as-Samany Giňişleýin oka »

Taryhyň atasy Gerodot

Gadymy grek taryhçysy Gerodot Halikarnosda häzirki Türkiýe döwletiniň Bodrum şäheriniň golaýynda b.e.öňki 484-nji ýylda eneden bolýar. Tiran Lykdamis tarapyndan sürgün edilmegi bilen dünýäniň birnäçe ýerini gezip görüpdir. Ilki bilen köp wagt Afinyda ýaşapdyr, soňra Müsüre, Mesopotamiýa, Palestina topraklaryna, Günorta Russiýa we Afrikanyň günorta kenarlaryna aýlanyp çykypdyr. Gezen ýerlerinde gören wakalarynyň ählisini we adamlaryň gürrüň beren

Taryhyň atasy Gerodot Giňişleýin oka »

Scroll to Top