Sämäd Behräňgi doguldy

Eýranyň belli çagalar ýazyjysy Sämäd Behräňgi 1939-njy ýylyň 24-nji iýunynda Töwrizde dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlansoň, 1955-1957-nji ýyllarda Töwriziň mugallyçylyk mekdebinde okaýar. Soňra gysga ömrüniň ahyryna çenli oba mekdeplerinde mugallymçylyk edýär. 1957-nji ýylda işiniň daşyndan okuwyny dowam etdirmek üçin Töwriz uniwersitetiniň edebiýat fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty bölüminiň agşamky tapgyryna okuwa girýär we 1961-nji ýylda ony üstünlikli tamamlaýar. Behräňgi eserlerini iki dilde – pars hem-de azerbeýjan dillerinde ýazýar. Çeper eserlerden başga-da, birtopar pedagogik makalalaryň hem esseleriň ýazarydyr. Şeýle-de ol azerbeýjan halk döredijiligini ýygnamak bilen meşgullanýar (bu işde oňa dosty Behruz Dehgani ýakyndan ýardam berýär, hatda ýazyjy ýogalansoňam, onuň köp işleriniň çap bolup çykmagynda Behruzyň hyzmaty uludyr). Ýazyjynyň iňlis, türk dillerinden pars diline terjime eden eserleri-de bar. Sämäd Behräňgi 1967-nji ýylyň 31-nji awgustynda 28 ýaşynyň içinde pajygaly ýagdaýda aradan çykýar. Onuň çagalar üçin döreden “Gaýnan şugundyr satýan oglanjyk”, “Kepderibaz oglanjyk”, “Söýgi hekaýaty”, “Aladaly 24 sagat”, “Bir şetdaly we müň şetdaly”, “Talhun”, “Ynanjyň gözleginde” ýaly hekaýalary ululary-da biparh goýmaýar. Sämäd Behräňginiň “Kiçijik Gara balyk” ertekisi oňa meşhurlyk getiren eseridir. Bu erteki dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Eser 1969-njy ýylda Italiýanyň Bolonýa şäherinde geçen Çagalar edebiýatynyň VI kitap sergisiniň hem-de Slowakiýanyň Bratislawa festiwalynyň baýraklaryna mynasyp boldy.

Scroll to Top