Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda eneden dogulýar. Ene-atasy ir ýogalyp, kiçiliginden çagalar öýünde terbiýelenýär. 1947-nji ýylda Nury umumy bilim berýän mekdebe gatnaýar, 1948-nji ýyldan başlap, ony saz mekdebinde bilim aimak bilen utgaşdyrýar. Bu ýerde onuň tebigy zehinini tejribeli mugallym, pianinoçy O. A. Kriwçenko duýýar. Nury dört ýylyň içinde ýedi ýyllyk okuwyö maksatnamasyny özleşdirýär we Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu ýerde üç ýylyň dowamynda tejribeli mugallymlaryft biri Ý. K. Kuleşiň fortepiano synpynda bilim alýar. Ikinji kursdan başlap A. Kulyýewden eser düzmek boýunça kompozisiýa sapaklaryny alyp başlaýar. Ýörite sazçylyk mekdebinde okan ýyllary ýazan eserleriniň arasynda wiolonçel we fortepiano üçin pýesa, skripka hem fortepiano üçin pýesa, şeýle-de «Marş», «Ýatlama», «Pikir», «Skerso», «Türkmen tansy» we beýleki on töweregi fortepiano üçin ownuk pýesalar has şowly çykan eserleridir.Saz boýunça orta bilimi almandygyna garamazdan, Nury Halmämmedowyft saza bolan ukyby 1958-nji ýylda M oskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girmäge mümkinçilik berýär. Ol kompozisiýa hünäri boýunça ajaýyp mugallym, meşhur kompozitor, professor A .N . Aleksandrowdan tälim alýar. Kompozitorçylyk tehnikasynyň esaslaryny erjellik bilen öwrenýär. Nury uly gyzyklanma bilen okaýar, dessine uly üstünlikler gazanyp ugraýar. Konserwatoriýada okan döwri ol otuza golaý aýdym, romanslar, horeserlerini ýazýar, olar dessine uly meşhurlyga eýe bolýar. Olaryň arasynda «Watan hakda aýdym», «Sagymçy gyz», «Bahar», «Salma gözüňden», «Pukaraýam», «Gözel gördüm», «Näzli dildar», «Mollanepes» we beýlekiler has-da tapawutlanýar.01 talyplyk ýyllary kamera-instrumental žanrynda-da öndüriji likli işleýär. Fortepiano, skripka, wiolonçel, alt, truba we beýleki saz gurallary üçin hem köp eserleri döredýär. Olaryň arasynda Skripka we fortepiano üçin sonata (1963), W iolonçel we fortepiano üçin poema (1962), Alt we fortepiano üçin hüwdi-fantaziýa (1963) bardyr.Konserwatoriýada okan döwründe eserleriniň aglaba bölegini (on dokuz sany opusdan gowrak) fortepiano üçin ýazýar. Ol uly bolmadyk saz eserleri bilen birlikde has uly göwrümli «Wariasiýaly tema» (1962) , «Skerso» (1958), «Saňa» (1961), «Prelýudiýa dodiýezminor» (1960), «Bäş bölümden ybarat türkmen polifoniki sýuitasy»(1963) , şeýle-de «Dutaryň owazy» (1962) ýaly eserleri döredýär.
Giriş
Hasap döretmek
Şahsy hasap döretmek üçin şu ýere basyň.
Dana setirler
Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,
Oňarsaň bolgun sen şonuň gümrasy,
Kitap – dostdur, asla gama batyrmaz, –
Pähmiňi goýaldar, pikirlerň – şasy.
— Abdyrahman Jamy
Gözleg
Täzelikler
Ugurlar
- Astronomiýa
- Biologiýa
- Degişmeler
- Desga
- Dil
- Dünýä medeniýeti
- Dünýä taryhy
- Duýgy
- Edebiýat
- English
- Fizika
- Geografiýa
- Hekaýa
- Himiýa
- Hukuk esaslary
- Ilkinjiler
- Informatika
- Iýgi-Içgi
- Kämillik
- Kitap
- Maşgala
- Matematika
- Medeniýet
- Modelirleme we grafika
- Okuw
- Pedagogika we metodika
- Psihologiýa
- Saglyk
- Söhbetdeşlik
- Sosiologiýa
- Sport
- Sungat
- Taryh
- Täsinlikler
- Täzelikler
- Tebigat
- Tehnologiýa
- Terbiýe
- Türkmenistan
- Ýaşaýyş-durmuş esaslary
- Ykdysadyýet
Soňky teswirler
"Sessizje aglaşan gerek"!
Salam hormatly Admin has giňişleýin maglumat berip bileňizokmy
👍👍👍
Käbir kişiler duş gelen adamsy bilen derdinişýärler, mynasyp dälleriň ýanynda zeýrenýärler. Goy mynasyplar bolaysyn, dert paylashmagy halamok. Ozunjik cekiiip…
Bu, elbetde ykbal. Her kişiniň ömründe edil pianinonyň klawişalary ýaly ak günlerem, gara günlerem bolup geçýär. Durmuşy külterläňde, zol-zol yzyňa…