Kyzyl-Enik Kyrgyzowiç Kudažy doguldy

Tuwa edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Kyzyl-Enik Kyrgysowiç Kudažy 1929-njy ýylyň 13-nji dekabrynda, Iýi-Tala Ulug-Hem etrabynyň Çeenik obasynda dünýä inýär. Onuň ene-atasy Tuwanyň abraýly adamlary ekeni. Geljekki ýazyjynyň kakasy Mihail Kudažy, atasy we beýleki hossarlarynyň ählisi respublikanyň syýa sy-jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşypdyrlar. Kudažy özüniň ilkinji eserlerini 1948-nji ýylda döredýär. Il kinji şygyrlar kitaby bolsa, 1958-nji ýylda çap edilýär. Ýazyjy syýahat etmegi halaýar eken, ol Ýewropa nyň we Günorta-Günbatar Aziýanyň bir näçe ýurtlaryna syýahat edipdir, Watanyna dolananyndan soň, özüniň gören-eşiden täsinlikleri barada birnäçe makaladyr oçerkler, ýol ýazgylaryny taýýarlapdyr. «Ir gin siz Ulug-Hem» romany Kudažynyň iň meşhur eseridir. Bu eser tuwa edebiýatynyň taryhynda ilkinji ro man-epopeýadyr. Kudažynyň döreden birnäçe sahna eserleri hem şygyrlary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdy. Ömrüniň soňky ýyllarynda Kudažy, galapyn, halkyň agyr durmuş şertlerine, adamzat gym-matlyklaryna bagyşlanan publisistik eserleri ýazýar.

Scroll to Top