Klimentiý Arkadýewiç Korçmarýow doguldy

Korçmarýow 1899-njy ýylyň 21-nji iýunynda Dnepropetrowsk welaýatynyň Werhnedneprowsk şäherinde höwesjeň sazandanyň maşgalasynda dogulýar. Klimentiý Arkadýewiç Korçmarýow türkmen professional kompozitorçylyk mekdebiniň emele gelmegine we ösmegine uly goşant goşan kompozitordyr. Ol türkmen saz älemine geçen asyryň 40-njy ýyllarynda aralaşýar. Kompozitor sazly-sahna, wokal-simfoniki, simfoniki, kamera-instrumental eserleri, sazly komediýalary, drama spektakllary üçin sazlary we birnäçe aýdymlary döredýär. Ol milli saz sungatymyzyň taryhynda möhüm eserleriniň biri bolan «Aldar köse» atly ilkinji türkmen baletiniň awtorydyr. Klimentiý Ol ýedi ýaşyndaka kakasy oňa nota sowadyny öwredip başlaýar. Oglanjygyň on ýaşy dolandan soň hossarlary ony Dnepropetrowsk şäherindäki hususy sazçylyk mekdebine berýärler we ol şol ýerde fortepiano çalmagy öwrenýär. 1914-nji ýylda sazçylyk mekdebini tamamlandan soňra, Korçmarýow Odessa konserwatoriýasyna, professor G. M. Biberiň fortepiano synpyna okuwa girýär. Iki ýyldan soň ol N. A. Rimskiý-Korsakowyň okuwçysy, professor W. I. M alişewskiniň kompozisiýa synpyna kabul edilýär. 1919-njy ýylda K. Korçmarýow Odessa konserwatoriýasyny altyn medal bilen tamamlaýar. Onuň familiýasy Hormat tagtasyna ýazylýar. Fortepiano we orkestr üçin konserti ýaş kompozitoryň diplom işi bolýar. Konserwatoriýany tamamlandan soňra, ol birnäçe ýylyň dowamynda mugallymçylyk we konsert çykyşlary bilen meşgullanýar. 1923-nji ýylda ol Moskwa göçüp barýar, bu ýagdaý onuň döredijilik ykbalyny düýpgöter üýtgedýär. K. A. Korçmarýow ilkinji sowet operalarynyň we baletleriniň awtorlarynyň biridir. 1927-nji ýylda Uly teatryň bölüminiň sahnasynda «Iwan-esger» diýen opera goýulýar, Leningradyň opera we balet teatrynda bolsa «Krepostnoýçy balerina» diýen baletiň ilkinji görkezilişi bolýar. 1930-njy ýyllaryň başlarynda kompozitor «Dünýäni sarsdyran on gün» atly operasyny, «Howply kwartal» atly operettasyny, şeýle-de onuň özüniň simfoniýa diýip atlandyran «Oktýabr» (goşgulary W. W. Maýakowskiniňki we S. M. Gorodeskiniňki, 1931), «Gollandiýa» (goşgulary D. Lastyňky, 1933) we «Sowet ýurdunyň halklarydyr» (goşgulary M. I. Uluskiniňki, 1935) atly üç sany uly göwrümli hor kompozisiýalaryny ýazýar.1920-1930-njy ýyllarda uly göwrümli sahna we hor eserleri bilen bir hatarda awtor dürli žanrlara we fonnalara degişli bolan eserleri döredýär. Olaryň arasynda alt we fortepiano üçin sonata (1926), kontrabas we fortepiano üçin sonata (1926), skripka we fortepiano üçin sonata (1928), kirişli saz gurallary için kwartet (1935), skripka we orkestr üçin konsert (1937), orkestr üçin «Serhet bölümindäki baýramçylyk» (1938) diýen uwertýura, drama spektakllaryna we kinofilmlere sazlary we başgalary bellemek bolar.1939-njy ýylda K. A. Korçmarýow Türkmenistana döredijilik işine ugradylýar. Türkmenistanda ýaşan döwründe ol türkmen halk aýdym -sazlaryny öwrenýär, şeýle-de olardan iki ýüzden gowragyny ýazga geçirýär. Türkmenistanda döreden ilkinji uly göwrümli eseri A. Afinogenowyň we R. Seýidowyň librettosyna «Bagtly ýaşlyk» diýen liriki-komiki operasydyr. 1942-nji ýylda opera we balet teatrynyň sahnasynda goýlan bu operada türkmen obasynyň ýaşlary barada gürrüň berilýär. O peranyň sazynda türkm en halk aýdym-sazlary giňişleýin peýdalanylýar. Ýöne welin, umuman alanyňda, «kompozitor saz materialyny we onuň işläp taýýarlam asyny saýlap alanda, halk sazyny hakyky nusgalarynda-da, häsiýetli heňlerde-de giňişleýin ulanan hem bolsa, milli diliň bitewüligini gazanyp bilmändir» K. A. Korçmarýow türkmen balet sazynyň düýbüni tutujydyr. 1942-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň sahnasynda «Aldar köse» diýen ilkinji baleti görkezilýär. Kompozitoryň Türkmenistanda ýaşan döwründe ýazylan eserlerine R. Seýidowyň goşgusyna «Beýik Watançylyk urşy baradaky türkmen poemasy», «Uzakdaky gelinlik» kinofilmine sazy we köpsanly aýdymlary, tanslary degişlidir.K. A. Korçmarýow önjeýli kompozitorçylyk işi bilen türkmen saz sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşýar. Ýurduň saz medeniýetiniň ösmegine goşan goşandyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň hökümeti 1944-nji ýylda oňa «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady berýär. 1948-nji ýylda ol Moskwa göçüp barýar. Moskwada ol Turkmenistan, onuň saz sungaty bilen gatnaşyk saklap durýar. 1952-nji ýylda ol «Aldar köse» baletiniň ikinji redaksiýasynyň üstünde işleýär, 1955-nji ýylda Moskwada bolup geçen türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügine işjeň gatnaşýar, Türkmenistanyň Ýokary Geňeşiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen sylaglanýar. Yzygiderli döredijilik işinden başga-da K. A. Korçmarýow ençeme gezek sazşynas hökmünde umumy we ýörite metbugatda çykyş edýär.K. A. Korçmarýow 1958-nji ýylyň 7-nji aprelinde Moskwa şäherinde aradan çykýar.

Scroll to Top