Ilkinji çagalar bagy

Ýewgeniýe Stepanownanyň ýanyna gün yrman gatnap ugrapdyr. Şu hem onda çagalar bagyny açmak pikirini döredipdir. Şeýdibem, ol çagalar bagyny açmagy haýyş edip, uýezd magaryf bölümine ýüz tutupdyr. Ol ýerde bu teklip goldanan hem bolsa, bu işiň ýola düşjegine ynanýan ýokdy. «Çagalary mekdebe gatnadyp bolanok, olary çagalar bagyna gatnamaga nädip mejbur etjek?» diýen pikir ikirjiňlenýän adamlary erkine goýanokdy. Hernäçe kynam bolsa, 1923-nji ýylyň 5-nji awgustynda ahyry Köşi obasynda ilkinji çagalar bagy açylypdy. (sah. 150)

Scroll to Top