Atageldi Garýagdyýew doguldy

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew 1952-nji ýylyň 23-nji martynda dünýä inýär. Ol birnäçe türkmen şahyrlarynyň, esasanam, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryny aýdym edip, ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Iki agaç

Agaç agaja bakar,

Arasyndan suw akar.

Akar üçin parhy ýok, —

Ikisinem deň ýakar.

 

Ikisi-de deň öser,

Başyn sypap ýel öser.

Daş-töwerek guwanar:

«Ösüşleri ne ýeser!»

 

Olar miwe getirer,

Emma gamly oturar,

«Oň kenary gowy!» diýp,

Aglar, ömrün ötürer.

 

Akar akar-da gider.

Baryp bir teşnä ýeter.

«Haýsy kenar gowy?» diýp,

Agaçlar pikir eder.

 

Örüsi ýaýrap gepiň,

Wagtyny alar köpüň,

Çep kenar saga zardyr,

Sagam zarydyr çepiň.

Scroll to Top